Teswirler (0)

Ýüklenýär...
User Avatar

Jurnalist

Nobat

2 minut alar

Ýurdumyzyň ady belli bankynda nobata durun. Bar zatdan öňürti men özümiň paýtagtly däldigimi size ýatladasym gelýär. Sebäbi indiki gürrüň bermekçi bolýan zatlarymy okaýan mahalyňyz siz meniň paýtagtly bolup dogulmazlyk bagtsyzlygyndan (belkem bagtlylygyndan) ullakan paýyny alan ýazgyda eýedigimi hergiz ýatdan çykarmaly dälsiňiz. Ine, şol faktory göz öňünde tutsaňyz, onda meniň indiki sözlerim siziň üçin hiç hili geň bolmadyk ýagdaýa öwrülmegi hem ahmal. Mahlasy, bankda durun. Ýurdumyzyň ady belli, hatda ýurdumyzyň adyny göterýän bankynyň kassasynda çagamyň okuw tölegini tölemek üçin nobata durun. «Nobat» diýilýän düşünje her ýurda görä üýtgeýän bolsa üýtgeýändirem, ýöne bizdäki nobat barada aýtmaly bolsa, ol eýýäm ýaňky ýokarky faktordan gözbaş alyp gaýdýar. Giden binada näçe kassa işleýändir öýdýärsiňiz?! Ýekeje. Nobata garaşyp duran raýatlara: «Bolanyna görä şol ýekeje kassany hem aýyraýmaly ekenler» diýdirýän ýekeje kassa. Ýekeje kassanyň başynda-da on barmaklarynyň ýarysyny ulansa-da begenjek welin, ýekeje barmagyny işledýän, tulum ýaly semiz, mapraç aýal. Sozan guýruk bolup uzap gidýän nobatyň öňi-ardy bilinenok. Patalokda kameralar. Kameralaryň ählisiniň hem bankyň başlygynyň otagyna baglydygyny aýdyp oturasy iş ýok. Başlygyň ajaýyp döredijilik zehininden dörän bu filmi onuň hut özi her gün şeýle bir lezzet alyp synlap oturan bolmaly.

Umuman, aýtsaň aýdyp oturmaly. Nobata durkaň güýjüň ýetişine görä hiç kimi binobat öňe geçermejek bolýarsyň. Emma, mysal üçin, saňa berlen çäklije güýç tanyş-bilişligiň aýylganç güýjüniň zarbyna çydap bilenok. Ýaňky ýeke barmak kassir zenan şol bir wagtyň özünde kiçijik kagyzyň ýüzüne ýazylgy gelýän «haýyşlary» hem bitirmeli bolýar. Göwnüme bolmasa, şol haýyşlara gezek gelende ol ýeke barmak däl-de, on barmaga öwrülýän ýaly. Muny her kimem görüp dur. Ýöne, geň ýeri, muňa hiç kim sesini çykaranok. Bu edarada (belkem ýurduň ähli edaralarynda) sistema şeýle bir gurnalypdyr welin, adamlar näçe sagat garaşsalaram, üstesine garaşa-garaşa işlerini bitirip bilmeselerem, ýene-de hökümete däl-de, birek-birege gargap, biri-birinden gaharyny çykarar ýaly edilen. Şeýle «ajaýyp» gurnalan sistemanyny düzüjileriň kimden sapak alýandygyny siz onsoň oýlanyp göräýiň!

50 |