Teswirler (2)

Ýüklenýär...
User Avatar

sci-fi writer, geographer

Näme üçin Täze Ýyl gamgyn?

3 minut alar

Näme Üçin Täze Ýyl Gamgyn?

Soňky alty ýylyň dowamynda meniň hem durmuşymda gamgyn geçen Täze ýyllar boldy. Täze ýyl golaýlap başlasa, içimden geň duýgulary başdan geçirýärin. Adamlar uly baýramçylyga taýýarlanýan wagty, men içimden "Bu ýyl näme etdim?" diýen soragy berýärin. Jogap bolsa, köplenç, şol bir zat: uly zat etmedim. Maşyn almadym, öý almadym, öýlenmedim. Durmuşymy üýtgedip biljek uly ädim ätmedim... Soň internete seretýärin, hemmeler üstünliklerini we bagtly pursatlaryny paýlaşýarlar. Biriniň maşyny bar, beýlekisi dünýäni aýlanypdyr, ýurt gezipdir, başga biri işinde uly üstünlik gazanypdyr. Bulary görenimde özümiň durmuşymy sorag astyna alýaryn. Ýöne hakykat şeýleräk: görýän zatlarymyz hakykatda ýalňyşlykdan ybarat.

Sosial media diňe bir adamlaryň bize görkezmek isleýän zatlaryny görkezýän meýdança. Hiç kim şowsuzlyklaryny ýa-da gamgyn pursatlaryny paýlaşmaýar. Diňe daş ýüzüniň parlak görnüşleri görkezilýär. Maşyn alandygyny aýdýan adam belki hem-de henizem bergilerini töläp bilmeýän biridir. Dünýäni aýlanan bolsa, belki şol gezelençden soň maliýe kynçylyklaryny başdan geçirýärdir. Biz hemmämiz bir görnüşde öz hakykatymyzy gizleýäris we beýleki adamlara bagtly ýüzümizi görkezýäris. Emma bu daşky bagt, känbir üýtgeşik däl.

Täze ýyl diýilýän zat, hakykatda kän bir manysy bolmadyk däp. Bu diňe bir senenama meselesi. Grigorian senenamasy bilen kesgitlenen başlangyç nokady. Dürli medeniýetlerde, dürli senenamalarda dürli Täze ýyl baýramçylyklary bar. Käbir senenamalar astronomiki laýyklygyna esaslanýar; meselem, baharyň başy, tebigatyň oýanyşy. Emma biziň senenamamyzda Täze ýyl 1-nji Ýanwar we bu, tebigat bilen ýa-da astronomiki hadysalar bilen doly baglanyşykly däl. Planetamyz 3-nji Ýanwarda Gün bilen iň ýakyn nokatdan geçýär, ýöne gynansak-da bu güni täze ýyl edip bellämizok...

 Ýa-da bolmasa gar, hiç kim öňünden "Ine şu täze ýylda hökman gar ýagar" diýip anyk aýdyp bilenok. Meniňem ýadyma düşenok, soňky gezek hýssy täze ýylda gar ýagany, ýadyma düşýäni çagalykdaky birki täze ýyl...

Garaz bu baýramçylyk tebigatyň öwrümleri bilen däl-de, adamzat tarapyndan döredilen tertip bilen baglanyşykly bir toslamadan ybarat.

Täze ýyl baýramçylygynyň ykdysady tarapyny hem ýatdan çykarmaly däl. Reňkli yşyklar, bezegler, sowgatlar, uly saçaklar… Bularyň hemmesi kapitalizmiň ýaragy. Sistema bizi "köp satyn al, köp bagtly bol" şygary bilen ugrukdyrýar. Ýöne hakykat şeýleräk: bagt, yşyklar ýa-da sowgatlarda däl. Hakyky bagt, belki-de, durmuşymyzdaky kiçijek, köplenç ünsden düşüp galýan zatlarda. Dostlarymyz bilen paýlaşylan ajaýyp söhbetdeşlik, kitapda tapylan täze bir garaýyş, ýylyň dowamynda başdan geçirilen ownuk, ýöne manysy uludan zatlar…

Netijede, Täze ýyl gamgynlygynyň sebäbi, belki-de, garaşýan zatlarymyzy gaty beýgeltýändigmizdedir... Özümizi beýlekiler bilen deňeşdirmekden el çekip, öz durmuşymyzdaky gözelliklere üns bermelidiris. Belki şu ýyl maşyn almadyk, emma dost gazandyk. Öý almadyk, emma ýakynlarymyz bilen bir saçaga jemlendik. Dünýäni aýlanmadyk, emma arzuw etdik...

Täze ýyl, hakykatda, durmuşymyza biraz wagtlaýyn arakesme bermek we geçen ýylyň hasabatyny etmek üçin gowy mümkinçilik. Emma muny uly we artykmaç zatlara garaşmak bilen däl-de, elimizdäki ähli zatlara şükür edip, geljege ýetip bolmasy aňsat maksatlar planlamak. Täze ýylyň manysy, biziň oňa nähili many berýändigimize bagly. Uly baýramçylyk etmek hökman däl. Ownuk arakesme almak, özümizi diňlemek we geljege umyt bilen seretmek belki-de iň ajaýyp baýramçylykdyr.

Hemmeleriň Täze ýyly öz hekaýasyna görä ajaýyp geçsin. Uly baýramçylyklar bilen ýa-da şatlykly pursatlar bilen… Täze ýylyňyz gutly bolsun!

21 |