Teswirler (2)

Ýüklenýär...
User Avatar

Jadygöý

Nädip "bet" bolmaly, sowuk e-maillaryň (cold e-mail) güýji we ussatlyk barada (dizaýnerdan...).

1 minut alar

"Bet" bolmak üçin, durmuşyňyz bilen näme edip näme goýjagyňyzy bilmek hökmän dal, şu hepde näme etjekdigiňizi bilseňiz hem ýeterlikdir.

Barjak ýeriňde duşýan zatlaryň hemmesine düşünmek hökman däl. Diňe indiki ädimiňizi bilseňiz hem ýeterlikdir.


Siz islendik adama sowuk e-mail ugradyp bilýäňiz, ýöne näme üçindir hemmeler bu zadyň güýjüni bilmeýär.

Hepdede bir e-mail ugratmak kyn, wagt alýan bir zat ýalydyr welin, durmuşuňyzy çalşyp biljek güýji bardyr. Dogry ýazan hatlaryňyza köplenç jogap bolmaz. Ýöne ajaýyp bir zata ýetmek üçin size diňe bir hata jogap gerek.

Ýazmazdan öň azajyk pikirlenip gowja e-mail ýazyp bilseň, kim bilýär, belki-de indiki e-mail siziň köpden bäri isleýän zadyňyza ýetmäge kömek eder.


Ussatlyk - öwrenilen ýa-da büdrän onlarça ownuk başarnyklaryňyz we ýalňyşlaryňyzyň, ýa-da işleriň birleşmesi bolup oňra sintez edilen bir elementdir. Aslynda şol hereketleriň haýsydyr birinde adatdan daşary ýa-da üýgeşik zat ýok; diňe yzygiderli we dogry ýerine ýetirilen zatlar.

48 |