Teswirler (9)

Ýüklenýär...
User Avatar

Halyçy

Murphy kanunlary näme?

4 minut alar

Murphy kanunlary - Amerikaly inžener Edward A. Murphy tarapyndan, şowsuzlyklar we hata (ýa-da näsazlyk) çeşmeleriniň çylşyrymly ulgamlarda (sistemalarda) synag edilmegi easynda orta atylan aforizmlerdir.

Murphy kanunlarynyň özeni şu jümlä esaslanýar:
 • ,,Bir işi ýerine ýetirmek üçin birden köp ähtimallyk bar bolsa we bu ähtimallyklaryň biri islenilmeýän netijelere ýa-da betbagtçylyga sebäp boljak bolsa, onda hut şol hökman amala aşar".

Finagle kanuny diýlip atlandyrylýan we has giňden ýaýran jümle bolsa aşakdaky ýaly:
 • ,,Ters (şowsuz) gidip biljek hemme zat, ters gider".

Bu parol häzirki zaman tehnologiýalarynda analitiki kriteriýa, ýalňyşlyklaryň öňüni almak strategiýasy hökmünde ulanylýar we iň gülkünç kanun ýaly bolup görünýär, emma aslynda çynlakaý esaslara esaslanýar.

Murphy kanunlaryna ters gabat gelýän garyşyk ulgamlardan bolan medeniýetler üçin orta goýlan kanun şeýledir: Belli bir üýtgeşme haýsydyr bir ýerde ýüze çykmadyk bolsa, onda şonuň mümkin däldigini aňladýar.

Ähtimallyk - hakyky netijeleriň, bolup biläýjek (ähtimal) netijelere bolan gatnaşygy.Bir waka kesgitlenen wagt içinde amala aşmasa, ähtimallygy 0%- dir, ýagny mümkin däldir. Murphy kanunlary bolsa ýagdaýa tersine çemeleşýär: Bir waka mümkin bolsa, ol amala aşar.Murphy'nyň kanunlary kibernetika we ulgam teoriýasyndaky ylmy-matematiki kanuna esaslanýar. Bu diýmek(dir ki): bir wakada az gurama (organizasiýa), has köp bulam-bujarlyk (haos) ähtimallyk taýdan hemişelik guram:a ýa-da has köp tertibe garanyňda ep-esli üstündir.Ýönekeý beýan etsek: bulam-bujarlyk tertipden has ähtimallydyr.
Haos ähtimallygy > (uludyr) tertip ähtimallygyndan.

Umumy düzgünleri:

1.Bir zadyň ters gidip bilmek ähtimallygy bar bolsa, ol ters gider.

2.Bir zadyň birnäçe görnüşde ters gitmek ähtimallygy bar bolsa, hemişe iň erbet netije çykarjak derejede ters gider.

3.Bir zadyň ters gidip biljek ähtimallyklarynyň öňüni alsaňyz hem, şol pursat täze bir ähtimallyk ýüze çykar.

4.Bir zadyň amala aşmak ähtimallygy, ony islemek ähtimallygyna ters proporsionaldyr.*

5.Ir ýa-da giç bolup biljek iň erbet şertler yzygiderli ýüze çykar.

6. Haçanda bir zatdan ýüz öwürseňiz / taşlasaňyz, ol zat size dolanyp geler.

7. Bir zady ýerleşdireniňizde gapjasa, itekläň, mejbur ediň. A döwülse, onsuzam barybir täzesini almak gerek.

8. Näçe garaşsaň garaş, islenmeýän wagtynda geler.

9. Çözülen her müşgillik (problema) täze bir müşgillik döreder.

10. Hemme zat ýolunda, sazlaşykly, gülala-güllük gidýän bolsa, hökman bir terslik bardyr.

11. Bir zady aşa köp oýnasaňyz /üýtgeşme etseňiz ony bozarsyňyz.

12. Hemişe birkemsiz işläp ýören hasap enjamynyň (kalkulýatoryň) matematika synagynda batareýasy çöker.Ätiýaçlyk üçin ýanyňyza batareýa alsaňyz, ol hem zaýa çykar.

13. Hiç bir zat görnüşi ýaly aňsat däldir.

14. Lotoreýada ýeňiji bolsaňyz, ölümiňize az wagt galandyr.

15. Bir zada düşünmeýän bolsaňyz, şol zat instinkt taýdan dogrudyr.

16. Bir kişä:,,Stol-stul boýagly, zynhar degäýme!" diýseňiz, size ynanmazdan öňürti boýagly närsäni elläp görer.

17. Eger özüňizi gowy/ bagtly duýýan bolsaňyz, gynanmaň emma geçip-gidijidir!

18. Gözleýän zadyňyzy iň başyndan däl-de, iň soňundan gözlemäge başlaň.

19. Gürrüň berýän zadyň diňlenmek ähtimallygy, gürrüň bermek islegiň bilen ters proporsionaldyr.  [1]

20.Ähli iş pikir edişiňizden has uzak wagta çeker.

21.Arakesmede wagt sapakdakydan/işdäkiden has çalt geçer.

22. Döwülen öý enjamynda nämäniň nämedigini abatlaýja görkezip durkaň, gowy işläp başlar.

23. Hemmeleriň o diýen peýda bermeýän ,,Nähili baýap bolar?" usulyýetleri (formulalary) bardyr.

24. Eldäki bir guş, depäňizdäki bir guşdan has ynamdardyr.

25. Murphy'nyň Altyn Düzgüni: eger kimiň altynlary bar bolsa, düzgünleri şol kesgitlär.

26. Tunneliň aňry çetinde bir yşyk görýän bolsaňyz, ol otlynyň çyrasydyr.

27. Gözellik ýüzleýdir, emma betnyşanlyk süňklere çenli aralaşýar.

28. Hataly edilen hasapda/işde birden köp kişi jogapkärli bolsa, hiç birisi hata eden däldir.

29. Biz islendik bir meseläniň ýüzden biriniň milliondan birini hem bilemzok.

30. Bir eksperiment dogry netijeleri berýän bolsa, birzatlar ters gidendir.

31. Ýere düşen hemme zat alyp bolmasy iň kyn ýere barar.

Hemişelik düzgünler:

Murphy'nyň Altyn Düzgüni: Altyny bar kişi düzgüni goýar!

Murphy'nyň pelsepesi: Ýylgyr...Ertir has erbet bolar.

Murphy hemişeligi: Global ilat sany yzygiderli artar, emma umumy adamzadyň paýhasy/zehini hemişelik üýtgewsizliginde galar.

Murphy kanunynyň döreýşi:

1917-nji ýylda doglan Edward A.Murphy ABŞ Howa Güýçlerinde 1949-njy ýylda raketalarda synag geçiren inženerlerden biri.Tizlenmäniň adama edýän täsirine gözegçilik edýärdiler (usaf project mx981). Synaglardan biri: uçarmanyň üstünde 16 sany aýry nokatlara akselerometr dakylmalydy. Sensor berkidiji bilen diňe iki görnüşde (dogry we ýalňyş) dakyp bolýardy we bir kişi 16 sensoryň ählisini ýalňyş dakdy. Şondan soň Murphy metbugat ýygnagynda ilkinji beýanatlaryny yglan etdi. Birnäçe aýyň içinde "Murphy'nyň kanunlary" inženerçilik pudagynda işleýänleriň arasynda ýaýrady we 1958-nji ýylda ahyrsoňy Webster'iň sözlügine girdi.  [2]

Ýokarda agzalan 31 sany kanunlaryň içinde ,,ters proporsionaldyr" sözi bardy.Şoňa gysgaça göz aýlalyň:

Iki sandan biri artýarka, beýlekisi edil şol derejede azalýan bolsa, ýa-da birisi azalyp, beýlekisi edil şol derejede artýan bolsa bu ikisi ters proporsionaldyr (gatnaşykdadyr).

Meselem: deň kuwwatly 100 maşynka bilen 10 günde tamamlanýan iş, şol maşynkalaryň  50 sanysy bilen 20 günde tamamlanar. Maşynkalaryň sanynyň ýarysyna düşmegi (kemelmegi) bilen, işiň tamamlanmaly günleri hem iki esse artýar.  [3]
Çeşme:

[1] https://tr.wikipedia.org/wiki/Murphy_Kanunlar%C4%B1

[2] https://web.archive.org/web/20150121114028/http://www.mistikalem.com/kose-yazilari/3421-murphy-yasalari-kotumserligin-kitabi.html

[3] https://www.eokultv.com/ters-oranti-nedir/215

 

110 |