Manager
Mundan 50 ýyl ozal ...
2 minut alar
Mundan 50 ýyl ozal...
Intäk ýaş wagtymyz... Intäk wagtymyzy bolar bolmadyk zatlara sarp edip bilýän wagtymyz...
Ol wagtlar gowudy, energiýamyz bardy, islän zadymyzy edip bilýärdik, çaga ýaly oýunam oýnap bilýärdik, uly adamlar ýaly serýozny biznesem ýöredýärdik, ters gelip biljek pikirleri şol bir wagtda edip bilýän ýaşymyzdadyk 50 ýyl mundan ozal.
O döwürler üýtgeşikdi, her gün bir täzelik, bir gün gowulyk bolsa, 2 gün erbetlikdi. Gowy habardan şum habar köpdi. Belkem biz şoňa ha:s köp gulak gabartýadyk. Her eşiden täzeligimizem, dünýäde bolup geçýän her bir urş-söwüşem öz jogapkärçiligimizde ýaly çözjek bolýardyk, hamala goňşy köçämiziň meseleleri ýalydy. Belki-de, adam bolanymyz üçindir.
Biziň ýaşdaşlaryň köpüsi daşyna gidipdi, özümizem ömrümiziň bir bölegini daşynda geçiripdik, hamala şol wagtlardaky 10 ýyl 10 gün bolan ýalydy daşynda, bir gyzykly ýatlama ýaly. Ýöne şol wagtky deň - duşlarymyzyň köpüsi daşary ýurtda galdy, hmmmm.... Hawa-da, ol wagtlar erkinlik, pul we komfort has zerur zatlardy. Häzir şol sakaldaşlar bilen gürleşýän welin içlerinde meniň size düşündirip bilmejek bir boşlugy görýän , hawa-da, türkmen aga garranda özbaşdak ýeke ýaşap bilenok, agtyk söýjek, çowluk söýjek. Edil bärdeýem agtyklarymyz tutdyryp baranok, ýöne wah şu daşyndaky dostlaryma hasam ýüregim awaýar. Özleri ne ýerli bolup bildi, ne türkmen bolup galdy, içlerinde ne meniň size düşündirip biljek , ne-de özleriniň boýun alyp düşünip biljek bir boşlugy bar, biziň bärde parhynda bolman dolduryp bilýän boşlugymyz. Siz muny isleseňiz arassa asman diýip atlandyryň ýa başga bir zat diýiň, tapawudy ýok. Hakykatdanam, towşana dogduk depe ýaly.
Hawa, ol wagtlar hemme zada çynmyka diýip wagtlaýyn geçip gidýän, ýa ölüp gitjek adamlardanam gaty gören bolýardyk. Şol wagtlar hamala ol adamlar ömürlik durmuşymyzyň bir bölegi bolup galaýjak ýaly görünýärdi. Wah…, gynanýan ýerim, şolar üçin öz arzuw - maksatlaryndan ýüz öwrüp bilýänlerimiziň köp döwrüdi.
Ol döwürler durmuş biraz kyndy, hemme zat pul bilen çözülýärdi, belki şonuň üçin hem diňe pulyň yzyndan ylgadyk. Şeýdip öz gymmatlyklarymyzam bolmadyk pula satdyk.