Mugallymçylyk käri mukaddesdir.
2 minut alar
Maşgalasy bilen seýilgähe gezelenç edýän ýigit 25 ýyl mundan ozal özüni okadan bașlangyç synp mugallymyny seýilgäh oturgujynda dynç alýarka gabatlașdy we: "Salam mugallym meni tanadyňyzmy?" -diýdi. Nurana mugallym ýigidiň ýüzüne ýiti nazarlap seredip: "Ýok tanap bilmedim, kim siz?" -diýdi. "Meni nähili tanamarsyňyz, ýatdan çykaran dälsiňiz-ä, bașlangyç synpda okadan okuwçyňyz Nazar men, ýadyňyza düşdümmi bir gün sapakda bir okuwçynyň sagady ogurlanypdy, siz hemme okuwçyny ýerinden turuzyp tagta çykaryp barlapdyňyz.Șonda men bu eden işim üçin diýseň ökünipdim, käșge bu iși etmesedim diýip puşman edip durkam, siz hemmämize gözlerimizi ýummagymyzy talap edipdiňiz.Ortarakda duran ýerimde mana tarap hemmäni barlap gelýäniňizi görmesem hem duýýardym.Siziň maňa ýakynlaşýan aýak sesleriňiz meniň ýürek uruşumyň seslerini has hem beýgeldýärdi. Barlamak gezegi maňa ýetende sessizlik bilen jübimden sagady alyp öz jübiňize salypdyňyz.Menden soňky okuwçylary hem doly barlap bolansoň ýerimize oturdupdyňyz. Meniň ogurlan sagadymy ýüzüme urup aýtman eýesine gowșurypdyňyz.Näçe ulaldygymça meniň eden ýalňyşyma siziň beren beýiklik mertebäňiziň öňünde her ýadyma düşende has kiçeldim. Mugallym men häzir 32 ýaşymda, aslynda durmuşdaky iň gowy sapagy șol gün sizden aldym.Siziň șol beýikligiňiz biler șol ýagdaýda meni synpdașlarymyň arasynda utandyrmadygyňyz geljek ömrümde jemgyýetde öz ornumy tapmaga itergi berdi.Mugallym indi bir tanadyňyzmy meni?"-diýdi,Baýry mugallym birneme dikelip okuwçysyna seretdi-de: "O hadysany ertesi gün ýatdan çykarypdym men, häzir sen ýadyma salaýdyň.Biler bolsaň, șonda siziň hemmäňize gözleriňizi ýumuň diýenimden soňra özüm hem gözümi ýumupdym. Şol ýaşlarda siziň ýalňyșmagyňyz geň däldi. Sagady ogurlan okuwça garşy ters duýgymyň döremezligi üçin șeýdipdim, diýmek ol sen hä? " -diýdi.