Teswirler (2)

Ýüklenýär...
User Avatar

Motiwasiýamy ýa-da Distiplina

2 minut alar

Salam dostlar bu makalany ýazmagyma sebäp bolan zat özümde goýberen ýalňyşlygymdyr.

Häzirki wagtda sosial mediada iň köp ýaýran wideolaryň biri motiwasiýa wideolarydyr. Bular erbetmi?

Aslynda motiwasiýa meniň pikirimçe bir zada gaz beren ýaly. Meselem şaryň içini gaz bilen doldursak we ony goýbersek ol şar belli bir aralyga çenli gider, ýöne gazy gutaransoň ýere gaçar.

Mende hem şuňa meňzeş wakalaryň biri bolup geçdi. Instagramda birnäçe motiwasiýa wideolary görenimden soňra, türgenleşik zalyna gatnamaga höwes döredi we men gatnap başladym. 1 hepde soň bolsa mende ýaltalyk döräp okuwdan giç gelen günlerim gidesim gelmän başladym. Hepdäň dowamynda 1 gün galyp başladym soň 3 gün galyp başladym şeýdip 3-nji hepdede bolsa gitmegimi doly taşladym.

Soňra men distiplina bilen dostlaşdym. Distiplina näme? Bu sözi maňa öz çeper diliň bilen düşündir diýseler, men muňa nebsiň bilen ruhuň arasyndaky söweş diýerdim. näme üçin?

Meniň ruhum fiziki hem-de psihiki tarapdan ösen derejede we üstünlikli bolmak isleýär ýöne nebsim komfort zonasynda gezmek isleýär.Kamfort zonasy diýenimde günde ýeterlik derejede birzatlary edip güniň beýleki wagtlary bolsa ýatmak. Emma üstünlige ýeten adamlaryň gün tertibinde özleriniň rahatlygy üçin 9 sagat aýryp galan wagtlaryny okamak öwrenmek bilen geçirdiler. Ol 9 sagadyň 7-8 sagadyny hem ukyny almak bilen geçirilýär.

Distiplinany has ýokary derejede ösdürsek ýagny özümize nämeler gerekdigini bir lista ýazsak we şonuň ugrunda ylgap başlasak günüň soňunda maksadymyza ýeteris. Meselem men kitap okamany gowy görýän adam däl, bu häsiýetimi halaman ýatmazdan ozal günde 20-30 sahypa kitap okamany özüme borçly etdim. Kä wagtlar gaty ukym gelse özümdäki bar bolan güýji oňa sarp edip bolmanda 5-10 sahypa okaýaryn ýöne okaman ýatamok. 1 aýdan soň günde agşam kitap okamaklyk agşam öýe gelip nahar iýmeklik ýaly adaty bir zada öwrüldi.

Aýtjak bolýan zadym dostlarym motiwasiýa bu bir wagtlaýyn zatdyr diňeje gaz berip goýberýär gazyň gutaran ýerinde sen ýatyp galýarsyň, emma biz isleýän zadymyzy günde bir wagt belläp şol kynam bolsa 21-27 gün aralyk özümize zor salyp etsek isleýän zadymyza ýeteris isleýän endiklerimiz gün tertibimizde adaty bir ýagdaýda gaýtalanyp durar. Bu hereket meniň durmuşyma gowy peýda getirdi sizede peýdaly bolar diýip umyt edýärin:)

60 |