Miraž hadysasy - optiki illuziýa
3 minut alar
Miraž,ýagny iňlisçeden türkmençä terjime edenimizde salgym diýmegi aňladýar, bu tebigatda ýüze çykýan ýagtylyk hadysasydyr. Bu söz iňlis diline fransuz “mirer” arklay latyn “mirari” dilinden gelip, “seretmek, geň galmak” manysyny berýär.
Biz tebigatda bu hadysa has yssy we has sowuk günlerde duşgelýäris, ýagny köplenç gaty yssy howaly günlerde ulagda gidip barýarkak uzakda asfaldyň ýüzünde suw bölejigi bar ýaly görýäris, aslynda welin ýakynyna baranymyzda ol ýerde hiç zadyň ýokdygyny bilip galýarys, ýa-da sowuk howaly günlerde penjireleri açanymyzda biziň gözümize daşarynyň şekili “egrem bugram” bolup görünýär. Bu hadysalara miraž hadysalary diýilýär.
Miržy pes derejeli (inferior), ýokary derejeli (superior) görnüşlere bolýärler.
Pes mirajda miraž şekili hakyky obýektiň aşagynda peýda bolýar. Pes mirajdaky hakyky jisim asman ýa-da şol bir ugurdaky islendik uzakdaky jisimdir.Miraž synçynyň ýerde açyk we gök öwüsgüni görmegine sebäp bolýar.
Belli bir uzakda ýerleşen jisimden gelýän ýagty şöhleler dürli dykyzlykdaky howa gatlaklaryndan geçýär we fizikanyň kanunyna görä hemmesi şol bir burç boýunça döwülýär. Ýagtylygyň bu hili döwülmegi esasynda şekil, adatça, hakyky jisimiň tersine bolup görünýär, we şeýlelikde yssy günlerde biziň gözümize görünýän suwuň illuziýasy bolsa,uzak aralykdaky asmanyň ýa-da jisimiň tersine öwrülen serpikmesiniň şekiliniň synlaýanyň gözüne suw toplumjygy ýaly bolup görünmesidir. Optiki illuziýa hem şu ýerde peýda bolýar. Gaty yssy howaly günlerde uzak aralyklardan çolde asmanyň ýada jisimiň tersine öwrülen şekili şol ýerde hakykatdan hem köljagaz bar ýaly bolup görünýär.
Haçan-da gyzgyn howa bilen sowuk howa ýerini çalşanda, ýagny fizikanyň kanunyna görä gyzgyn howa ýokary galyp,sowuk howa hem aşak çökende konweksiýa hadysasy netijesinde turbulent howa emele gelýär we synlaýja gelýän ýagtylyk şöhleleri döwlüp alynýan şekiliň görnüşi bozulyp, howanyň ugruna öwsüp duran ýaly bolup görünýär.
Ýokary derejeli (superior miražda) miražda alynýan şekil hakyky jisimden ýokarda ýerleşýär. Bu ýagdaý haçanda görüş çyzygynyň aşagynda sowuk howa we ýokarsynda gyzgyn howa bolanda emele gelýär.
Miražyň bu görnüşi polýuslarda emele gelýär, esasanam, uly buz bölekleriniň üstünde, sowuksuwly deňizleriň, okeanlaryň üstünde ýagny pes temperaturaly üstlerde ýüze çykýar. Bu miražda alynýan jisimiň şekili hakyky şekilden aradaşlygyna we temperatura baglylykda düz ýokarda ýa-da hakyky jisimden tersine we ýokarda emele gelip bilýär.
Ýeriň şekili egri bolandygy üçin eger howa gatlaklaryndan geçip egrelen şöhleleriň hem egriligi ýeriňkä deň bolsa,onda ýagtylyk şöhleleri has uzak aralyklara ,şol sanda gorizontyň aňyrsyndan hem uzak aralyklara gidip biler. Bu hadysa 1596-njy ýylda, haçanda gözleg gämisi demirgazyk-gündogar geçelgesiniň gözleginde wagtynda “Nowaya zemlyada” buzlukda galan wagtynda gözegçilik edýär. Ol ýerde Gün bolmalysyndan iki hepde öň göze görünýär, emma hakyky Gün intäk hem gorizontdan aşakdady.
Bu effekde “Nowaya Zemlya miražy” diýilýär we ýokardaky ýaly düşündirilýär.
Edil şonuň ýaly gaty uzak aralykdaky gämiler hem hakyky bolmalysyndan ýokarda görnüp, olar uçýan ýaly görnüp biler .
Miražyň bu ýagdaýy uçýan gämiler baradaky hekaýalara esas bolup biler.