Meniň edebi gahrymanym
7 minut alar
Meniň edebi gahrymanym
Meşhur gyrgyz ýazyjysy Çingiz Aýtmatowyň “Ak gämi” powestinde Çypalak atly barmak boýa deň oglanjyk hakyndaky erteki bar. Erteki boýunça, şol barmak boýly oglanjygy günleriň bir güni açgöz möjek ýuwdupmyşyn. Ýöne ol bu eden işine soňundan örän ökünipdir, sebäbi onuň ýuwdan barmak boýly oglanjygy möjege hiç rahatlyk bermändir. Ol möjegiň içinden gygyryp, onuň ähli açgöz meýillerini püçege çykarypdyr. Möjek aga barmak boýly oglanjygy ýuwutmak bilen başyňa belany satyn alyp bolman, eýsem, başyňa belany iýip alyp bolýandygyna-da düşünipdir. Şu setirleri okap otyrkam, halypa mugallym Muhammetberdi Annageldiýewiň: “В детстве мальчик с пальчик был моим героем, мы все хотели подражать ему” diýen (çagalykda barmak boýly oglanjyk meniň gahrymanymdy, biziň hemmämiz oňa meňzemek isleýärdik) sözleri ýadyma düşdi. Şol wagt men onuň haýsy gahryman barada aýdýandygyna düşünmändim. Ýöne “Ak gämi” powestini okanymdan soň, maňa barmak boýly oglanjygyň obrazy düşnükli boldy duruberdi. Açgöz möjegiň hiç zada bakman, hiç bir zady bahalandyrman, ýuwdan oglanjygy – möjegiň ynsaby bolmaly. Temeni haltada bukup bolmaýşy ýaly, ynsabam düýbünden ýok edip bolanok. Ol göwnümiziň bir ýerinden dürtüp, kalbymyzyň bir ýerinden gygyryp, böwrümiziň bir ýerini byjyklap dur. Şol sebäplem ynsaby näçe ýuwutmaga çalyşdygyňça, ol şonça-da özüniň bardygy barada aýtmagyny dowam etdirýär. Ynsaby öz idealyňa öwürmek, ony tutýan maksatlaryň başlangyjy edip goýmak, elbetde, diňe zandynda dogruçyllyk bar adamlara mahsusdyr. Megerem, şonuň üçin halypa mugallymyň “Berdi dogruçyl” atly köp zada borçlandyrýan lakamy bardyr. Eger-de, käbir adamlar üçin lakam – bu onuň haýsydyr bir göze ilginç tarapyny suratlandyrýan kesgitleme bolsa, onda käbir adamlar üçin ol şahsyýetiň kimdigini, onuň ýer ýüzündäki borjuny düşündirýän kesgitlemedir. Adam bilen şahsyýetiň tapawutly bolşy ýaly, bulara berilýän lakamyň hem tapawutly boljakdygy öz – özünden düşnükli bolsa gerek. Özüne “Dogruçyl” diýip ýüzlenmeklerini gazanyp bilen şahsyýetiň şeýle kesgitlemä eýe bolmak üçin ýerine ýetiren işlerini bir makalanyň çygrynda beýan etmek kyn. Şeýle-de bolsa, biz mugallymyň şahsyýetini umumylykda açyp görkezjek obrazlar ulgamyna ýüzlenmegi makul bildik. Makalanyň dowamynda şol obrazlary sepleşdirip, ondan tutuş bir kitaby ýazyp boljakdygyna-da göz ýetirdim. Kimdir birine “Sen tutuş dünýä” diýýän wagtlary, asyl hakykatdan gaty bir daş düşmeýän ekenler. Adatça, ýazyjylar öz gahrymanlary hakynda eser ýazylyp bolnandan soň habar berýärler. Özem bu gahrymanlar, köplenç, biziň gündelik durmuşymyzda görüp ýören, daşyndan tanaýan adamlarymyz bolup çykýar. Hiç bir gahryman tarp ýerden döremeýär. Onda hökman ýazyjynyň durmuşdan alan bir adamsynyň haýsydyr bir häsiýetli tarapy bolaýmaly. Şeýle bolansoň, ýazyjylar adaty durmuşdan özleriniň adaty däl eserleri üçin gahrymanlary gözleýärler we bu gözleg ýazyjy entek galamyny ýöredýärkä dowam edip dur. Hakykatyň hatyrasyna, halypa mugallym Muhammetberdi Annageldiýewi ilkinji gezek görenimde, onuň heniz kimdigini tanaman, ispan ýazyjysy M. Serwantesiň Don Kihotyna meňzedenimi boýun almaly. Edil Don Kihotyňky ýaly, iki gapdal süňkleri çykyp duran ýaňaklar, ilkibada parahat ýaly görünse-de, hemişe bir zadyň aladasyndaky gözler, ýazgaryjy seredýän bolsa-da, diňe özüniň bagyşlap biljekdigi baradaky ynamy döredýän garaýyş – hemmesi halypa mugallymda jemlenendi. Ýöne wagtyň geçmegi bilen men onuň Don Kihota diňe daşky görnüşi boýunça meňzemän, ondanam artygrak, içki dünýäsi boýunça meňzeýändigine göz ýetirdim. Durmuşdaky meşhur adamlaryň içindenem halypa mugallymyň aýdyşy ýaly, hiç haçan baýlyga hem-de şöhrata kowalaşmandygyny boýun alybiljekleri az – azdyr. Ol:
“Mekdebe mugallym bolup geläýen uçurlarym meni häzirki Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşine işe çagyrdylar. Ýöne men entek, iň bolmanda, bir ýyl diýen ýaly mugallym bolup işläsim gelýändigini aýtdym – diýende, men näme üçindigini soraman bilmedim. – Oba ýaşululary bilen gidip barýansyň, öňüňden çykýan çagajyklar bolsa “Salam, mugallym” diýip, hamana, başga adam ýok ýaly ilki bilen mugallyma salam berýändirler. Ana, men şol salamyň hatyrasyna mugallym bolmak isledim. Bolmasa, aýdylan teklibi kabul eden bolsam, durmuşym başga hili bolup gidibermelidi. Goý, baý hem-de meşhur adam bolmaýyn, ýöne meni mugallym hökmünde tanasynlar, maňa mugallym hökmünde salam bersinler diýen ynamyň hatyrasyna şu kärde zähmet çekýärin – diýdi. Muhammetberdi mugallymyň okatmagyň usulyýeti bilen bagly işlerini görüp, onuň şol ynamy aňryýany bilen ödändigine göz ýetirýärsiň. Bolmasa usulyýet, onda-da okatmagyň usulyýeti iň kyn hem-de azaply işleriň biri ahyryn. “Bir adamyny halas etmek – tutuş adamzady halas etmek” diýen meşhur jümlä eýerip, mugallymyň günüň, aýyň, ýylyň dowamynda näçe sany ýapyk gapylary açyp berýändigini, dogry ýola ugrukdyrýandygyny göz öňüne bir getirip görüň. Bardy – geldi, bu iş tutuş ömrüň işi bolaýsa-ha, bar onsoň. Könelerimiziň mugallymy we şonuň bilen birlikde mugallymçylyk wezipesini ýöne ýerden keramata deňemändikleri düşnükli bolýar duruberýär. Her bir okuwçynyň göwnüni tapmak, ondaky zehini açyp, jemgyýete goşmagyň ýollaryny agtarmak usulyýetiň esasy wezipesidir. Şol sebäpli okatmagyň usulyýetine – okatmagyň ýoly diýsek hem ýalňyşmarys. Ýoly bolsa ýörän ýeňýär, ýoly belet adam külterleýär. Ýolbeletlik üçin, birnäçe adamyň öňüne düşüp, ýol görkezmek üçin ylym – bilimden ýeterlik goruň bolmaly. Sözümiziň şu ýerinde ünsüňizi bir detala (hakykata) çekesim gelýär. Eger bir adamyň hüý – häsiýetini onuň geýnişinden tanap bolýan bolsa, mugallymyň näderejedäki adamdygyny otagyndan tanap bolýar. Muhammetberdi mugallymyň iş otagy aýry gürrüň. Käbirleri ony görkezme esbap bilen suratlardan doly otag hasap etse, käbirleri suratlardaky mugallymlaryň, döredijilik adamlarynyň ruhy gezip ýören ýeri hökmünde hormatlaýarlar. Hakykatdanam, nähilidir bir bijaý söz aýdaýsaň, hamana, şol suratlardaky eýýäm taryh bolup giden halypalar eşidäýjek ýaly, gepleýän gepiňi saýgaranyňy kem göreňok. Otagyň çür diwarynda mugallymyň mekdep we mugallymçylyk işi bilen bagly syntgylanan setirleri bar. Bir gezek ol maňa 90-njy ýyllarda TASS-yň habarçysy bolup işländigini, şonda habar bermekde talap edilýän az sözlüligiň, gysgadan mazmunly sözlem düzmek endiginiň, “az bolsun – uz bolsun” ýörelgesiniň häsiýetine siňip gidendigi üçin syntgylanan setirleriň dörändigini gürrüň berdi. Gysgajyk bolsa-da, birgiden manyny özünde jemleýän, döwrüň ahlak meselelerine bagyşlanan bu setirleri okyjylar uly gyzyklanma bilen garşyladylar.
Otagyň gutarýan ýerinde tutuş burçy eýeläp duran kitap ýarmarkasy (bazary) bar. Ol ýerde dünýä edebiýatynyň altyn gaznasyna giren eserler bilen bir hatarda dürli ugurlara niýetlenen okuw kitaplaryny hem görmek mümkin. “Talantly adam hemme ýerde talantly” diýip ýönelige aýtmandyrlar ahyryn. Umuman, Muhammetberdi mugallymda beýlekileri haýran galdyraýjak zatlar kän. Köpçülik bilen işleşip, uzak ýyllaryň iş tejribesine minnetdarlykda, özüňi dogry alyp barmagyň usulyny ele alanyndanmy ýa-da owalynda-da mugallymyň maşgalasynda doglup, intellegent atmosferada ösenindenmi, onuň örän pespäl häsiýeti bar. Çuň derýalaryň ýuwaş akýandygyny ýatladyp duran bu häsiýet mugallymyň geçirimliligi, giňgöwrümliligi, sypaýylygy bilen utgaşyp gidýär. Ýadyma düşýär, bir gezek halypanyň täzelikde ýazan hekaýam baradaky pikirini soramaga barýarkam, güýçli ýel turupdy. Agzymyň, burnumyň içi gumdan dolup, gulaklarym bilen gyjyrdap durdy. Men halypanyň iş otagyna keýpsizlik bilen girdim-de, Murgabyň edil G.G.Markesiň “Ýüz ýyl ýalňyzlyk” romanyndaky Makonda şäheri ýaly tozana göterilip gitmese razydygyny aýtdym. Elimde-de bilgeşlän gabat gelen ýaly “Ýüz ýaly ýalňyzlyk” romany bardy. Men şo wagtlar romanyň iň soňky bölümini – Makonda şäheriniň tozan bilen asmana göterilişi baradaky babyny okap ýördüm. Hamana, tebigatyň özi meniň bu bölümi durmuşda hasam gowy göz öňüme getirmegime kömek edýän ýaly bolup gitdi. Birdenem şo pursat otag penjiresiniň öňünde ösüp oturan güllere gözüm düşdi. Öňler men otag güllerine kän bir ünsem beremokdym, diňe halypanyň realist adamlara mahsus bolmadyk gül ýetişdirijilik ukybyna biraz geň galypdym diýäýmeseň. Şo wagt göz öňümde tozan bilen asmana galyp barýan şäheriň otag gülleri bilen birlikde ýokary göterilişi janlandy. Tozanlar tüweleý şekilinde ýokary gitdigiçe giň agyzly togalagy emele getirýärdi we tüweleýiň başlanýan ýeri edil guýgujyň agzy ýaly darajyk bolup, gumsagatlary ýadyňa salýardy. Şol gumsagadyň gutaran ýerinde bolsa Muhammetberdi mugallym meniň dargursaklyk bilen jibrinişime giňgöwrümlilik bilen ýylgyryp otyrdy. Men şonda özümem doly aňşyrmazdan birden saklandym. “Ýok, men Murgaby gowy görýärin, sebäbi ol ýerde siz bar” diýip ýürekden aýtdym. Hawa, durmuşda şeýlebir adamlar bolýar welin, olaryň ýanynda betnyşanlygam gözellige öwrüliberýär. Olar her bir zadyň görnüşi ýaly däldigini, her bir zadyň özboluşly ajaýypdygyny, iň esasysam, diňe gowulygy görmäge bolan islegiň bolmalydygyny ýatladýar durýarlar. Muhammetberdi mugallymyň etiket (özüňi alyp barmagyň medeniýeti) barada aýdýan gürrüňlerini diňläp, diňe şeýle adamyň galamyndan birnäçe şahsyýetlerimiziň döredijiligine bagyşlanan makaladyr oçerkleriň çykyp biljekdigine göz ýetirýärsiň. Ol şo şahsyýetlerdäki iň ownujak aýratynlyklaram gözden salmaýar. Şonda öň döredijiligi bilen tanyş bolmadyk adamlaryňam täze bir röwüşde örboýuna galýarlar. Ata Täzebaý, I.Akmyradow, I.Nuryýew, Ö.Arrykow. Ümür Esen – bu sanawy näçe diýseň artdyrmak mümkin. Ol edil “külüň içindäki göwheri” hemmämizden ir görýän edebiýatçy hökmünde täze döredijilik tapyndylary bilen okyjylarymyzy begendirip durýar. Umuman, Muhammetberdi mugallymyň usulyýetçi hökmünde-de, žurnalist we edebiýatçy hökmünde-de bitiren işleri sanardan kän. Bir-de sahnanyň aňyrsynda durup, artiste gerekli sözleri ýatladýan suflýora, bir-de daşyny gallan mugallymlara maslahat berip durşuna bir eli howada galgaýan horuň dirižýoryna meňzäp gidýän halypa mugallymyň köptaraply döredijiligi geljekde edebiýat äleminde öz mynasyp ornuny tapar diýen umydymyz bar.
Bägül ATAÝEWA