Teswirler (4)

Ýüklenýär...
User Avatar

Materializm we ynanç hakynda

3 minut alar

Ynanç, köplenç, adamlaryň boşlugyny doldurýan, umytsyzlyklaryna teselli berýän bir düşünje bolup biler. Ýöne bu, aslynda, adamzat ösüşini togtadýan ýa-da haýalladýan ýagdaýlary döretmäge ukyplydyr. Eýsem, ynanç bilen ýaşaýan adamyň ähli problemasyny beýik güýç bilen düşündirip, şol güýje bil baglamagy, onuň potensialyny we mümkinçiliklerini çäklendirmeýärmi? Gynansakda, “Alla özi bilýär” ýa-da “Ýazgyt” ýaly düşünjeler köplenç, adamlaryň başarnyksyzlyklaryna bahana bolup hyzmat edýär.

Bu ýerde materializm öňe çykýar. Ol: “Ýaşaýşyň ähli kynçylyklaryny özüň çözmeli. Hiç bir "ýokary güýç" gelmez we seni halas etmez” diýýär. Bu çemeleşme, ynsanlaryň jogapkärçiligini we hereket etmäge bolan islegini artdyrýar. Adamzat öz başarnyklary bilen dünýäni üýtgedip bilýän we geljegini kesgitleýän güýje eýedir. Medisina, tehnologiýa, inženerçilik, syýasat – bularyň hiç biri asmandan düşen kitap bilen däl-de, adamlaryň ylmy we materialist düşünjeleri bilen ýüze çykdy.

Köp adam ahlak we ynanç bilen baglanyşykly ýaşaýşyň dogrydygyna ynanýar. Ýöne ahlak näme? Oňa kim karar berýär? Dinleriň, jemgyýetleriň we medeniýetleriň dürli ahlak ölçegleri bar. Käbir diniň düzgüni beýleki biri bilen gapma-garşy bolup bilýär. Ahlak bir ýerde haram diýilýän zatlaryň başga ýerde halal edilmegi bilen nähili absolýut bolup biler? Materializm bolsa ahlagy ynanç bilen däl-de, logika, peýdalylyk we empatiýa bilen kesgitleýär. Belli bir ylahy güýje boýun egmek däl-de, jemgyýetiň durnuklylygynyň we ösüşiniň peýdasy üçin hereket etmek gerek.

Materializm, tehnologiýany adamzat taryhynda iň uly öwrülişiklere getirdi. Adamlar tebigatyň güýjüne boýun bolmakdan çykyp, ony öz peýdasyna ulanyp başlady. Eger ynançly adam bolsaň hem, gije ýanýan çyranyň, işleýän enjamlaryň, internetiň we döwrebap medisina enjamlarynyň materialist pikirlenmegiň önümi bolandygyny inkär edip bilmersiň. Ynanç bu zatlaryň hiç birini döretmedi.

Materialist çemeleşme adama "Bu dünýäde ähli zady özüň gazanmaly" diýýär. Düşünjäňi, güýjüňi, mümkinçilikleriňi ulan, çünki seniň şowsuzlygyň ýa üstünligiň diňe özüňe bagly. Bu ýerde “Mukaddes kitapda şeýle ýazylgy” ýa-da “Allaň işi” diýmek ýeterlik däl. Ylmyň öňe süren logika we subutnamalary bilen ýaşaýşyň anyk problemalaryny çözmek gerek.

“Ölüm hakykat” diýilýär. Ýöne durmuş hakykaty näme? Ölüm hakykat bolsa-da, şu dünýäde ýaşaýan wagtyňda iň ýokary derejede gowy ýaşamak, durmuşdan lezzet almak we gazanmak hakykat dälmi? Materializm “Ýaşaýşyň diňe bir gezek bardygyny” aýdýar. Şoňa görä-de, diňe bu ýeke-täk mümkinçiligiňi peýdalan, güýjüňi durmuşy gowulandyrmaga sarp et.

Ölümden soňky durmuş ýa-da ýazgyt ýaly düşünjeler adamy hakyky dünýäden daşlaşdyrýar. Adam: “Bu dünýäde kynçylyk çeksem hem, o dünýäde bagtly bolaryn” diýip, öz mümkinçiligini we azatlygyny pida edýär. Emma materializm: “Sen diňe şu ýerde we şu wagt bar” diýýär. Şu çäkli wagtyňda elden geleni edip, bagtyňy özüň döredip, ýaşaýşyňy doly ýaşa.

Dünýäde agyr ýagdaýlardan çykmak, täze pikirler oýlap tapmak we jemgyýet üçin peýdaly işler etmek, diňe ynanç bilen däl-de, adamyň döreden materialistik gymmatlyklary bilen başa barýar. Durmuş basdaşlyklardan we tagallalardan ybarat. Bu söweşde üstünlik gazanmak diňe ynanç bilen däl-de, güýçli intellekt we özüňe bolan ynam bilen mümkin.

25 |