Teswirler (0)

Ýüklenýär...
User Avatar

TDMI-niň talyby

Magtymgulyşynas Gurt Bagşy

4 minut alar

Aýdym- sazyň gudraty barada Gahryman Arkadagymyz: “Halkymyzyň köp asyrlyk aýdym-saz sungaty çagalykdan meniň aňyma güýçli täsir edendir diýip pikir edýärin. Ilki mekdep, soňra talyplyk ýyllarymda men saz bilen aramy üzmeýärdim. Aýdym aýtmak, dutardyr akkordeon çalmak meniň öňümde sungatyň täsin, ajaýyp dünýäsini açýardy. Saz bilen meşgullanmak okuwdan ünsümi sowmaýardy, tersine, täze bilimleri ele almagyma itergi berýärdi, şahsyýet hökmünde kämilleşmegime ýardam edýärdi, durmuşa bolan işjeň garaýşy hem islendik işe döredijilikli çemeleşmekligime kömek berýärdi” diýip “Ile döwlet geler bolsa” atly kitabynda belläp geçýär. Bu bolsa biziň milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Aýdym-saza uly hormat goýýanlygynyň, özüniň hem aýdym saz bilen durmuşdan lezzet alýandygynyň  alamatydyr.
Türkmen halky özüniň baý geçmişi, baý ruhy hem maddy gymmatlyklary bilen taryhda öz ornuny tapýar. Muňa mysal hökmünde türkmeniň alabaýyny, gamyşgulak (ahalteke) bedewlerini, nepis halylaryny, milli dutarymyzy alanymyzda aýdyň görmek  bolýar. Bularyň ählisi türkmeniň baý geçmişini görkezýär. Alabaý itlerimiz edermenligi, gaýduwsyzlygy, gorkusyzlygy, mertligi, dostlugy bilen, gamyşgulak bedewlerimiz ýyndamlygy, gözelligi, wepadarlygy, düşbiligi, duýgurlygy bilen türkmeniň halylary bolsa özüniň owadanlygy, nepisligi, berkligi bilen özüne çekýär, görenleri haýrana goýýar. Milli dutarymyz hem Türkmeniň buýsanjynyň biridir. Biziň halkymyz gamlanan, şatlanan wagtynda öz dutary bilen pikir alyşyp göwünlerini hoşlapdyrlar. Bu bolsa Türkmeni dutarsyz göz öňüne getirmek mümkin däl diýildigidir. Şükür bagşy ýaly ady rowaýata öwrülen şahsyýetlerimiz dutary diňe bir dost hökmünde görmän ony alamançylykly, çapawulcylyga garşy ýarag hökmünde ulanypdyrlar. Elbetde dutar saz guraly göni ýuregiňe täsir edip özüne bendi edýär. Onsaň dutaryň öňünde nädip baş egmejek?! Şükür bagşy hem öz agasyny köneje dutary bilen bendilikden boşadýar. Bu bolsa onuň ynsanperwer, ýagşy niýetli adamlygyny görkezýär. Ol eline ýarag alyp, söweşip hem agasyny bendilikden boşadyp bilerdi. Emma beýle etmedi. Bagşy hiç bir adama zeper ýetirmän agasyny halas etmek isledi. Eýran hanynyň sazy gowy görýändigi sebäpli bagşy onuň naýbaşy bagşysy, sazandasy, atly, abraýly Gulam bagşy bilen ýaryşyp, ondan üstün çykýar. Biz muny aýtmak bilen sazyň adama nähili täsir etýänliigini görkezmek isledik. Dutaryň owazyna aşyk bolan adamda ynsanperwerlik duýgulary oýanýar. Şükür bagşy hut şolaryň biridir.
Elbetde dutar hakda aýtsaň aýdybermeli… emma biziň bu makalamyzda salyr- saryk ýolunda täzeçilligi döreden halypa bagşymyz Gurt Ýakubowyň ömri hemde Magtymguly pyragynyň döredijiligi bilen baglanşyklydyr. 
Gurt Ýakup ýada Gurt Ýakubow diýseň tanamaýan ýok bolsa gerek. Dogry, dutara dil bitirip adam ýaly saýradan bagşyny heýde türkmen halky tanamazmy? Elbetde tanar. Onda- da nähili tanar! Gurt Ýakubowy türkmen halky aýdym- sazyň, salyr-saryk ýolunyň bagşysy, has takygy dessançy bagşy diýip tanaýar. Biz bolsa Gurt Ýakubowy edebiýatçy hökmünde tanatmak isledik. Halypa bagşymyz häzir hem edebiýatçy hökmünde tanalýar, emma ol halk arasynda diňe dessan döreden adam diýip tanalýar. Onuň edebiýata getiren, hut özüniň döreden “Gülpam” dessany biziň ählimize tanyş bolsa gerek. Bagşy diňe 1 sany dessany däl, ol kyrka golaý dessany ýatdan bilipdir we olary halk arasynda aýdyp, şägirtlerine-de öwredip gidipdir. Bu bolsa biziň edebiýatymyzyň baýlygyny, onuň baýlaşmagyna dessançy bagşylarymyzyň tutýan ornunyň köpdigini görkezýär. Bagşynyň halypasy Rozy bagşynyň terjime eden Hatamtaý dessanynyň halk arasyna ýaýramagyna hem uly goşant goşupdyr. Mundan başgada Gurt Halypa sungata özüni bagş eden adam hökmünde tanalýar. Ol diň bir dessan aýtmak bilen çäklenmän Türkmen halk aýdymlaryny hem aýdypdyr, olara täzeçe öwüşgün beripdir. Şeýle hem halypa bagşymyzyň  döredijiligine Magtymguly Pyragynyň täsiri uly bolupdyr. Gurt aga Magtymgulynyň goşgularyny öwrenip, ondan lezzet alypdyr. Şol esasda hem täze- täze aýdymlar bilen halk arasyna çykypdyr. Magtymgulynyň çap edilen, çap edilmedik goşgularynyň ählisini ýatdan bilipdir. Onuň ýatkeşligi barada rowaýata öwrülen hakykatlar bar.
Türkmen halkynyň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy – öçmejek ruhy we ahlak gymmatlyklaryna eýe bolup, adamlaryň ruhy dünýäsinde we durmuşynda ýagşylygyň ugrukdyryjysy hökmünde olaryň aňyna baky yşyk bolup ornaşdy. Magtymguly Pyragynyň şahyrana mirasy diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem tutuş türki dilli halklaryň hem edebiýatynyň taryhynda ähmiýeti has ýokary bolup, adamzat bilimleriniň hazynasyna möhüm goşant goşup, dünýä edebiýatynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Şahyryň goşgularynda öňe sürlen ynsanperwerlik, watansöýüjilik, agzybirlik we jebislik pikirleriniň üç asyrdan bäri dünýäniň aglaba ýurtlarynyň şahyrlary we alymlary üçin nusgalyk ýörelge bolup hyzmat edip gelýär. 

Gurt Ýakyp 
53 |