Talyp 💼👨🎓
Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde edebiýat bilen aýdym-saz sungatynyň baglanyşygy
3 minut alar
« Beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy türkmen halkynyň söýgüli nusgawy şahyrydyr. Ol öz halkynyň erkinligini we azatlygyny arzuw edipdir. Onuň şygyrlary dürli görnüşde bolup, halkyň aňyna we düşünjesine giňden ornapdyr. Magtymgulynyň eserleri türkmenleriň örän baý halk döredijiligi hem-de Gündogaryň ýazuwly edebiýaty bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Şahyryň döredijiliginiň edebiýat, aýdym-saz, folklor bilen baglanyşykly bolmagy onuň eserleriniň has-da gymmatyny artdyrýar. Onuň goşgularynyň bölekleri hem biziň atalar sozlerine kybapdaş geleni üçin folklorlaşyp giripdir» [1]
Onuň goşgularyna düzülen birnäçe aýdymlar we saz eserleri bar. Muňa ilki bilen mysal hökmünde onuň goşgularyna düzülen türkmen milli halk aýdymlary görkezip bolar. Olardan söýülip diňlenýän "Aýa döndi", "Dag saýar", "Janyna degmez", "Yzlamaýan bolarmy", "İl biläni", "Mal ýagşy", "Bolar sen", "İli gözlär", "Bolmasa", "Gözel sen", “Näme sen”, "Çaldy gitdi", "Bu derdi", "Sil gider", "Näzli ýar" ýaly, başgada birnäçe aýdymlary mysal getirmek bolar. Beýik akyldar şahyryň sözlerine biziň türkmen kompozitorlarymyz hem birnäçe aýdymlary we saz eserlerini düzüpdir. Olardan Nury Halmämmedowyň Magtymguly Pyragy hem-de Mollanepesiň sözlerine romans we aýdymlar toplumy, Weli Ahmedowyň, Aman Agajykowyň, Rejep Allaýarowyň, Hydyr Allanurowyň, Atda Çaryýewiň mukamçy kompozitorlar Sahy Jepbarowyň, Mäne Garaýewiň, Nurýagdy Baýramowyň, Döwletgeldi Ökdirowyň, Öwezgeldi Tekäýewiň, Atabaý Çarygulyýewiň, Bally Hajyýewiň, Çary Hekimowyň aýdymlary mysal bolup biler.
Häzirki döwürde bolsa hem Magtymguly Pyragynyň sözlerine birnäçe kompozitorlar, ýagny Suhan Tüýliýew özüniň «Türkmen binasy» atly sozleyji, hor we simfoniki orkestr üçin kantatasyny, 3 aýdymdan ybarat ýagny Ýeldim tut, Neýleý indi biçareýem, İli gözlär şygyrlaryndan döredilen toplumlaýyn eseri, başgada ýaş kompozitorlardan Kerim Jumagulyýew rus diline, talyplar Begmyrat Hudayberdiýew koreý we ýapon, Nurmuhammet Jomartow ermeni we fransuz dilllerine geçirilen goşgularyna aýdym-sazlary döretdiler
Beýik söz ussady Magtymgulynyň şygryýeti XIX asyryň ortalarynda Orta Aziýa, Russiýa, Ýewropa halklarynyň arasyndaky metbugatda görnüp başlaýar. Onuň eserleri köp alymlaryň, syýahatçylaryň ünsüni çekipdir. Şahyryň terjimehaly barada ilkinji gezek makala bilen birnäçe goşgusyny görnükli slawýan alymy we syýahatçysy A. Hodzko 1842-ýylda çap etdirýär. Alymlar we saz öwrenijiler A. Wamberi, W. W. Bartold, E. E. Bertels, L.N.Samoýlowiç, L.Klimowiç we başgalar şahyryň döredijiligine uly baha berip öwrenýärler. Akyldar şahyr barada gündogarşynas E. E. Bertels hem Jemşidiň Jamy diýip at beripdir. Mämmetweli Kemine, Gurbandurdy Zelili ony şygryýet äleminiň baş esaslandyryjysy hasaplapdyr. Gyrgyz şahyry Çingiz Aýtmatow, garagalpak şahyry Berdimyrat Berdak hem ony öz gaýybana halypasy hasaplapdyr. Türkmen edebiýatçylaryndan B. A. Garryýew, G. O. Çaryýew, B. Kerbabaýew, M.Kösäýew, Z. B. Muhammedowa dagylar Magtymgulynyň eserlerini toplamakda we çap etmekde birnäçe işleri geçirdiler. [2].
1926, 1940, 1942-nji ýyllarda şahyryň eserler ýygyndysy çapdan çykdy. Onuň şygyrlary başgada 1992, 2008-nji ýyllarda aýratyn kitap bolup hem çykdy. 1947-nji ýylda suratkeş Aýhan Hajyýew Magtymgulynyň portretini döretdi. Şahyryň dana şygyrlary, pähimdir-parasatlary beýleki sungatlara hem öz täsirini ýetirdi. Geçen asyryň 60-70-nji ýyllarynda we 2014-nji ýylda täze görnüşde işlenen şahyryň ömri döredijiligi barada filmler halk köpçüligine görkezildi. Başga-da ýurdumyzyň teatrlarynda ol barada birnäçe spektakllar goýuldy.
Ýene-de aýratyn bellemeli zatlaryň biri beýik akyldar şahyryň şygyrlar toplumynyň başga-da birnäçe türki goňşy döwletler bilen bir hatarda iňlis, nemes, fransuz, italýan, pars, arap dililerie terjime edilenligidir. Şu dowam etýän ýylymyzyň şygaryna Arkadagymyzyň ajaýyp şygryndan ruhlanyp, şahyryň 300 ýyllyk ýubileýi mynasybetli, «Pähim paýhas ummany – Magtymguly Pyragy» atly aýratyn şygar dakmak barada karara gol çekildi. Başga-da birnäçe ýerlerde, welaýatdyr-etraplarda «Magtymguly sözlerim saza goşsaň uz bolar» atly aýdym-sazly çäreler hem geçirilip gurnaldy.
İne ýaňy-ýakynda bolsa Magtymguly Pyragynyň ýadygärlik toplumy uly dabara bilen aýdym-sazly çykyşlar esasynda açylyp ulanylmaga berildi. Bu bolsa beýik akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň döredijiligi medeniýet we sungat bilen aýrylmaz baglanşyklydyr.
Kuwwat Ýowbasarow
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň «Kompozisiýa, saz öwreniş we fortepiano» fakultetiniň IV ýyl talyby, ýaş alym
EDEBİÝATLAR
1. Gurbanguly Berdimuhammedow. İle döwlet geler bolsa... – Aşgabat: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2015, 400 sah
2. Babaýewa L. Türkmen kompozitorlarynyň döredijiliginde Magtymgulynyň keşbi.- Aşgabat: Ylym neşiriýaty, 2023, .122 sah.