IT we maglumat höwesjeni
Maglumat esasynda karara gelmek...
1 minut alar
Bugün nahili kararlar berdiniz? Iyjek naharynyzy? Geyjek köwüşinizi? Işiňizdäki täze proýekty?
Klassiki ykdysadyýetçiler, adamlaryň rational janlydygyny we alýan kararlarymyz hemişe logika daýanýandyr diýipdirler. Riçard Thallere görä bu beýle däl, onuň kitabynda adamyň alýan kararlary 90% emosional. Diymek biz, adamlar, koplenç erbet kararlar berýäris, bu gowy ýa-da erbet diýip bijekdäl, sebäbi adamlar eden ýanlyşlaryndan öwrenýärler…
Biz, adamlar, hergün bir näçe kararlar edýäris we bu kararlar biziň gelejegimize täsir edýär, ýada hiçzada täsir etmeýär. Käwagt bu netijeler biziň maşgalamyza hemde daşky gurşawada täsir edýär. Diýmek biziň berýän käbir kararlarymyz wajyp we bu karalary seresap we dogry bermeli, nädip gowy karara gelmeli?
- Esasy (fundamental) soraglardan başlaýly… Maksadymyz näme? Elimizde nähili instrumentlar bar? Nähili maglumatlar we çeşmeler bar?
- Maglumatlary tertipläň…
- Maglumatlary derňew ediň…
- Derňew esasynda netijelere geliň, bu netijeler esasy soraglaryňyza jogap berýärmi? Berenok bolsa täzeden başlaň.
- Gelen netijeleri ýola goýuň.
- Ýola goýulan netijeleri dernew edin we täzeden başlaň!
Gutlaýan maglumat esasynda karara geldiňiz!
Çeşmeler:
Richard Thaler Misbehaving: The making of behavioural Economics
Richard Thaler Nudge: Improving Decisions about Health, Wealth, and Happiness
Carl Anderson: Creating a Data-Driven Organization: Practical Advice from the Trenches