Teswirler (1)

Ýüklenýär...
User Avatar

çopan oglanjyk

Düşünüşmekligiň syry

2 minut alar

Düşünüşmäniñ syry
   Adamlaryñ näme barada gürleşýändikleri dälde, nähili düşünýändikleri wajypdyr. Munu şu gysga hekaýanyñ üsti bilen düşündürmek bolar. 
   Bir gün Rim papasy iudaizm dinine uýýan iudeýleriñ ählisiniñ Rim döwletinden çykyp gitmeklerini buýurýar. Iudeýler bolsa bu buýruga garşy çykýar. Bu meseläni çözmek üçin Rim papasy bilen iudeýleriñ arasyndan bir wekil saýlap, dini gürrüñdeşlik geçirmeli diýilen netijä gelinýär. Iudeýleriñ adyndan çykyş etmeli wekil hökmünde, Moizi diýen bir kişini saýlaýarlar. Emma Moizi Rim papasy bilen bir dilde gepleşip bilmeýänligi sebäpli, gürlemezden diñe yşarat arkaly düşünüşmäni teklip edýär. Rim papasy bu teklip bilen razylaşýar.
   Bellenen gün gelende, iki tarap hem garşylykly oturýarlar we biraz wagtlap bir-biriniñ ýüzüne seredenlerinden soñra, Papa üç barmagyny görkezýär. Muña jogap hökmünde Moizi diñe bir barmagyny galdyrýar. Papa barmaklaryny sallap, kellesiniñ daşyndan aýlaýar. Moiz bolsa barmaklary bilen ýeri yşarat edýän hökmünde, oturan ýerini görkezýär. Papa ýanyndaky ýantorbadan bir döwüm çörek bilen  şerap çykaran wagty,  Moizi hem bir almany çykarýar. Papa ýerinden turup: "Men indi bes etýärin, iudeýler Rimde galyp biler" diýýär.
      Gürrüñdeşlik tamamlanandan soñ Papanyñ ýanyna gelen ruhanylar, Papadan näme bolandygyny soranlarynda, Papa:"Men ilki üç barmagymy görkezip "Mukaddes Üçlini" yşarat etdim. Muña jogap hökmünde ol maña bir barmagyny görkezip, her iki diniñ hem diñe bir Tañryny bilýändiklerini aýtdy. Men barmaklarymy sallap, kellämiñ daşyndan aýlap Tañrynyñ biziñ töweregimizdedigini görkezenimde, ol hem oturan ýerini görkezip, Tañrynyñ olaryñ duran ýerindedigini yşarat etdi.
Men mukaddes çörek bilen şeraby çykaryp, Tañrynyñ biziñ günälerimizi bagyşlandygyny görkezmek isledim ýöne ol öz ýanyndan bir alma çykaryp maña ilkinji günäni ýatlatdy. Onuñ hemme zada jogaby bardy, men näme edip bilerdim" diýdi.
Şol wagt hem iudeýler Moiziñ töweregine ýygnanyp, nädip başarandygyny soraýardylar. Moiz:" Ol ilki bilen maña üç barmagyny görkezip üç günüñ içinde Rimi terk etmelidigimizi aýtdy. Men bolsa oña, hiç birimiziñ Rimi terk edip gitmejekdigini aýtdym. Ol soñra bütün şäheri iudeýlerden arassalajakdygyny aýtdy. Men bolsa hiç ýere gitmejegimizi, bu ýerde galýandygymyzy aýtdym". Iudeýler: "Soñra näme boldy?" diýip soranlarynda, "Walla soñlaryna men hem doly düşünmedim. Papa biraz gaharlandy we ýanyndaky günortanlyk iýip-içgisini çykardy. Men hem öz ýanymdakyny çykardym. Bar bolany." 
 

59 |
|