Teswirler (2)

Ýüklenýär...
User Avatar

Lukman şahyr - Aganazar Ýagşymämmedow

1 minut alar

Nazar Ýagşymämmedow – 1960-njy ýylyň 1-nji fewralynda Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabynyň Saryýazy obasynda eneden dogulýar. Orta mekdebi gutarandan soň, Krasnawodsk medisina uçilişesini, Baku şäher iýmit-aşpezçilik mekdebini, Watan gullugyny, Medisina institutyny tamamlaýar.

Nazar Ýagşymämmedow - diňe lukmançylyk bilen däl-de ýazyjylyk, şahyrçylyk, jahankeşdelik bilen meşgullanýar. Ol “Nazar Töre” lakamy bilen köpçülige özüni tanatdy. Nazar Töre häzire çenli iş we syýahatçylyk maksatly 18 ýurduň 60-dan gowrak şäherine syýahat etdi.

Nazar Ýagşymämmedow lukmançylyk ylmynda öýken keselleri lukmany bolup 30 ýyldan gowrak zähmet çekip, birnäçe professorlardan we beýleki tanymal lukmanlardan şeýle-de alymlardan tälim alyp, kämil lukman bolup ýetişýär.  

Halypa lukman medisina degişli ylmy makalalaryň awtory bolup, onuň Ambulator model bejergisiniň ähmiýetliligi we aýratynlyklary barada çykan kitaby lukmanlaryň arasynda uly ähmiýete eýe boldy.

Ýeri gelende belläp geçsek, lukman şahyryň “Saňa aýdasym gelýär”, “Degişmeler”, “Öýkene syrygan gözýaşlar” ýaly kitapçalary, “Dört ykbal (4 poema)”, “Ýalňyşlyk”, “Lukman kalbyň owazlary” atly uly göwrümli kitaplary bar.  

52 |