Teswirler (5)

Ýüklenýär...
User Avatar

çopan oglanjyk

Kyn görünýän işleri etmek üçin ýönekeý usul

4 minut alar

Işi gutarmagymyzda iñ uly päsgelçilik, şol işe hiç hili başlap bilmeýänligimizdir. Indi şol işe başlap bilmek üçin näme etmeli? ilki bilen biz şol iş barada pikir edip başlanymyzda, beýnimiz awtomatiki ýagdaýda şol işiñ iñ kyn we iñ düşnüksiz ýerine üns berýänligi üçin şol iş bize örän kyn iş bolup görünýär we özümiz bilmezden ýörite şol işi ertä goýmak üçin gereksiz işler bilen meşgullanyp durýarys. Meselem facebookdaky paýlaşylanlary okarys ýa-da kimdir birilerine sms ibereris ýa-da bolmasa birden içimizde aýdym diñlemek islegi dörär ýa-da näme üçindir çaý içesimiz geler we ş.m. Gysgaça aýdanymyzda bir işe başlamak üçin özümizi taýýar duýmaýarys ýa-da şuwagt onuñ üçin gerekli motiwasiýamyzyñ ýokdygyny pikir ederis. 
Günler, hepdeler käte bolsa aýlar bir birini kowalar. Emma şol işe başlamak üçin näme üçindir özümizi taýýar duýmarys. Dost ajy aýdar diýilýär. Menem size bir hakykaty aýdaýyn, egerde özüñizi taýýar duýmak ücin garaşsañyz özüñizi hiç wagt  taýýar duýmarsyñyz. Başlamak tamamlamagyñ ýarysydyr diýilýär. Hatda meniñ pikirimçe başlamak tamamlamagyñ 100-de 80%-i dir. Çünki bir işe başlanymyzda beýnimizde "Zeigarnik täsiri" diýen täsir başlaýar. Zeigarnik täsiri XX asyrda ýaşan asly Litwiýaly bolan Sowet psihology we psihiatristi Bluma Zeigarnik tarapyndan yüze çykarylýar. Bu täsire görä, ýarty galan işlerimiz tamamlan işlerimize görä çalt ýadymyza düşýär. Muña mysal hökmünde görýän serýallarymyzyñ her bölüminiñ tamamlanýan ýerine üns beriñ. Näme üçindir mydama iñ gyzykly ýerinde bölüm tamamlanar we bu ýarty galmaklygyñ döretýän duýgusy inniki bölüme sabyrsyzlyk bilen garaşmagymyza sebäp bolar we şol bölümiñ tamamlanýan soñy beýnimizde berk ornaşar we şol serýaly sereden kişiler bilen gürrüñdeş bolanymyzda serýalyñ soñyny ýatlar we plan ýerinde tamamlandy inniki bölümde nämeler bolarka diýeris. Diýmek Zeigarnik täsirine görä bir işe başlanymyzda şol işi gutarýançak özümizi birahat duýarys. Sebäbi ony ýadymyzdan çykaryp bilmeýäris. Şol sebäpli şol işi tamamlamak üçin oña has köp üns bereris we gutarýançak şol iş bilen meşgullanarys. Şol täsir sebäpli işi tamamlanymyzdan soñra aslynda şol işiñ onçakly kyn däldigine göz ýetireris. Çünki bir işe başlanymyzda beýnimizde döräp başlaýan Zeigarnik täsiri biziñ şol işe üns bermekligimize  we işi ýerine ýetirmek islegimizi artdyrar. Gysgaça aýdanymyzda şol işi biziñ üçin ýeñilleşdirer. Indi bolsa özümizi şol işe başlamaklyk üçin nähili zorlap biljekligimiz hakynda gürrüñ edeliñ. Munuñ ýönekeý usul bar. Olardan käbirleri dünýä tanymal usullar we köp adam üçin täsirli bolýanlygy anyklanyldy. Käbirleri bolsa öz usullarym, şol sebäpli siziñ üçinem täsirli bolarmy ony bilemok, ýöne şonda-da bu usullary aýtmak isledim, barlamaklyk özüñize galypdyr. 
Birinji usulyñ ady "5 sekunt" kadasydyr. Bu usul bn için gyzyklansañyz BMG -niñ Siena(nähili ýazylýar ony bilemok) kanalynyñ gurujysy Mel Robbinsiñ "5 sekunt kadasy" atly kitabyndan okap bilersiniz. Men size bu usuly nähili ulanmalydygymyzy aýtmak isleýärin. bu kada aslynda örän ýönekeýdir. Diñe 5-den 0-a çenli sanamaly we 0 diýeniñizde bir işi başlamak üçin ilkinji ädimi ätýärsiñiz. Mesel bir wideony seslendirmek gerek ýöne şony mydama ertire süýşürýärin. Şonda 0 san işe başlamaly diýen karara getirýär we 5,4,3,2,1,0 we mikrafony açýan we diktafony alyp işime başlaýaryn. Bu usulyñ işlemek üçin ylmy tarapdan täsirini bilemok emma ony ulananyñda täsirini görmek bolýar. 0 sany aýtmagymyz bizi işi ýerine ýetirmeklige iterýär. Çaga wagtymyz ylgaw ýaryşynda mydama 1,2,3 diýip başlardyk ýada roketa uçurulanda 10-dan 0-a çenli sanalýar we 0 diýilende roketa atylýar. Bular hem ähtimal şol prinsipe esaslanýandyr. Ýone bu kada görä 1-den 5-e çenli däl-de 5-den 0-a çenli sanamak has effektiwniý bolýar, onuñ sebäbi 5-den soñra gelýän sanlaryñ barlygydyr. Belkide şeýle sanamaklygyñ hiç hili tapawudy ýokdur we diñe şeýle diýilýänligi üçin özümi ynandyranlygym üçin täsiri bardyr. Ýöne men hem 5-den 0-a çenli sanamda has effektiwniý bolýanlygyny bilýärin. Bu kadanyñ ady "5 sekunt" kadasy bolsada hökmän 5 san bolmaly diýilen mejburylyk ýok. Bu 3 hem bolup biler 4 hem. Haýsy sany özüñize ýakyn duýsañyz ýa-da haýsy san bilen işe başlamak isleýän bolsañyz şol san bilen bu usuly ulanyñ. 
Ikinji usul bolsa "Iñ ýönekeý ädim" Munda haýsydyr bir işi tamamlamak üçin 3 sany iñ ýönekeý tapgyry ýazmaly şonda iç gysdyryjy işe başlaýanlygyñy pikir etmeýärsiñ we 3 sany ýönekeý tapgyry amala aşyrmaklyga üns berýärsiñ we isleseñ soñunda bu işi durdurmana ýa-da etmezlige özüñe rugsat berip bilersiñ. Hiç kim sizi bu işi tamamlamaklyga zorlap bilmez. Men hemme zat öz elimde diýip öz özüme aýtýaryn. Meselem googleda reklama kompanýasyny goýmaly bolanymda bu işi edesim gelenok we ertire goýýaryn. Şunda 3 sany iñ ýönekeý tapgyry ýazýaryn. Diýeli kompýuterim ýapyk duran bolsa ilkinji tapgyr kompýuteri açmak, ikinji tapgyr google reklam hasabyna girmek, üçünji tapgyr bolsa täze kompanýa döret düwmesine basmak. Diñe bu 3 sany işi etmeli diýip pikir etýärin. Soñra bolsa özüme erkinlik berýärin ýagny bu tapgyra başlanymdan soñra islesem durduryp ýada bu işi hiç hili etmän bilerin.

71 |
|