Jurnalist
Kitap
1 minut alar
Şeýle bir kitaby göz öňüne getiriň! Ol ylmy kitap däl, taryhy kitabam däl. Kyssalaç, ýa-da şygyr äheňinde-de ýazylmadyk. Sebäbi diňe ylmy kitap bolsa, ol diňe ylmy maksatly okaljak. Ýa-da taryhy kitap bolsa, ondan diňe taryh agtarjaklar. Şonuň üçin hem meniň göz öňüne getiriň diýýän kitabym bularyň hiç haýsysy hem däl. Adamlar, islendik ýurduň, islendik milletiň adamy şol eseri okanda aň taýdan hakyky ynsanlyk mertebesine çykmak üçin hökmany gerek bolan iň esasy düşünjäni, pikiri şondan bada-bat «garbap» alyp bilmeli. Özem garbalyp alynmaly bu düşünje eseriň her bir setirinde, belkem, her bir sözünde bolmaly. Setirden alyp bilýän setirine, harpyndan alyp bilýänem her bir harpyna guwanyp oturmaly.
Eýsem, şeýle eser barmyka? Meniň pikirimçe şeýle eser hökman bar bolaýmaly. Sebäbi älemiň her bir zerresini gatbar-gatbar kitap deýin ýaradan beýik Biribaryň ýaradyjylyk sungaty maddy älemde öz beýanyny tapyp durka, sözler äleminde ol näme üçin öz beýanyny tapmasyn?!