Kagyz Şäherjigi
8 minut alar
Sen aýdymçy bolaýma? – diýip, daýzalaryň biri närazy sorady. Özüň-ä şolara meňzeýärsiň – diýende, hemmeler ony igenýändir öýtdi.
- Näme üçin seni, ala – böle seni gözýaşly edip çekdikä? – diýip, maňlaýy giň şekiljik giň ädimläp, şekiljikleriň märekesinden saýlandy. Ol gyz bilen deňleşdi-de, märekä tarap ýüzüni öwürdi. Ellerinem arkasynda gizläp, märekä hekgerilip seretdi. Bu onuň örän çynlakaý söze başalajak bolanda edýän hereketleridi. Ol:
- – Diýmek, bu ýerde, hormatly suratdaşlar, bir zad-a bar. Bir emmajygy bar bolmaly munuň – diýdi. Nädeliň diýsene? Geliň, biz şuny biljek bolalyň, ýagny munuň ilki bilen şahsyýetini anyklalyň, hawa, adyny, familiýasyny bileliň, näme kär edipdir we ş.m. Ýogsam munuň içaly bolmagam mümkin-ä, hä? Mümkin-ä? – diýip, ol içýakgyç hetjikledi.
- Ol tansçydyr! – diýip, erni göwnüýetmez ýylgyryş bilen bir ýana agyp duran şekiljik gygyrdy
- Sen nireden bilýäň ony?
Bilýän-dä- diýip, şekiljik per bermedi. Bilýän, wessalam!
Şeý diýip, ýer depip duran şekiljige her kim şübheli seretdi. Onuň uruşjak horaz ýaly, eserdeň hem gaýym, şol bir wagtda-da ulumsy seredişi bar şekiljikleriň mazasyny aldy. Bu göwnüýetmez ýylgyrşyň oňa ýöne ýerden çekilmändigini içlerinden boýun aldylar.
- Ýeri, bar tansçy ekeni diýeli-dä – diýip, ýene maňlaýy giň şekiljik toýuň beýemçisi ýaly, hemmeleriň adyndan gürledi – Ýöne näme üçin ala – böle şu gözýaşly çekilen, hä? Näme üçin? Näme bolupdyr muny beýle çeker ýaly?
Şeý diýip, ol jogabyny özünden gözleýän ýaly, tansçy gyza tarap soragly seretdi. Tansçy gyz ýene sesini çykarman dymdy. Ähli şekiljikjer sessiz oýa batdylar. Olaryň hiç biriniňem ne gürleşmek höwesi bardy, ne-de bolup geçýänlere düşünmek höwesi bardy. Olar ahyrsoňunda nämäniň nämedigini anyklamagyň bir çetinden giripdiler, ýöne hiç biriniňem bu işi dowam etdiresi gelenokdy. Olar şeýlebir ýadawdylar welin, hatda, duran – duran ýerlerinden gymyldaslaram gelenokdy. Oýnamak islän sahnalarynyň bolsa öz- özi bolup geçipdi. Garaňky düşýändigini bahanalap, kagyz şekiljikleri dagamak bilen boldular. Diňe tansçy gyz we dolmuşrak zenan şekiljik duran ýerinden butnamadylar. Maňlaýy giň şekiljik bolsa yzyna seredip – seredip gitdi. Tansçy gyz gözlerini galdyranda, öňünde duran dolmuşrak zenan şekiljigi gördi.
- Seniň näme üçin gözi ýaşly çekileniňi men bilýän – diýip, ol mylaýym ýylgyrdy. – Bolýan zat, bolýan zat, gyýylma – diýende, ol gyzyň naşyja çekilen ellerinden tutdy. – Onuň özem almytyny alypdyra-a. Han-ha seret, erni hemişe göwnüýetmezlik bilen bir tarapa agyp dur, duran bir yşaratyň bar-da
- Men şony söýäýipdirin-dä – diýip, tansçy şekiljik dolmuşrak zenan şekiljigiň sözüni böldi. Ol bu sözlemi günäli ýaly aýdany üçin äheňinden özüne bolan kine, tamasy çykmadyk adamyň öýkesi duýulýardy. – Soňundan gaty ökündimem welin... – diýip, ol köpmanyly dymdy. Dolmuşrak zenan şekiljik şo pursat oňa aňk bolup seredýärdi, sebäbi tansçy şekiljigiň ýüzünden bir gözýaş damjasy edil hakyky ýaly akyp gelýärdi. Ol damja akyp, gyzyň akja ýüzünde öz kölegesini goýup geçdi. Dolmuşrak zenan şekiljik uly ili bilen gygyrdy. Onuň:
- Kagyzlar, biz indi hakykyy! – diýen sözleri ýaňy garaňkyň gujagyna dulanyp, uklamaga başlan kagyz şekiljiklerini ukudan açdy.
Olar dolmuş zenan şekiljigiň daşyna üýşdüler
- O nähili?
- Gidýäsmi indi öýümize?
- Hudožnik aýtdymy? – ýaly soraglar bilen dolmuş zenan şekiljigi gurşap aldylar. Dolmuş zenan şekiljige her bir soraga reaksiýa bermek aňsat düşenokdy. Sebäbi entek birini doly tamamlap ýetişmänkä, başga reaksiýa geçmeli bolýardy. Eger adaty adamyň ýüzi bolan bolsady, onda bularyň her bir soragynyň yzyna dürli reaksiýalar bilen eýerip bolardy. Ýöne olar kagyz şekiljikleri bolany üçin derrew çekilen görnüşlerine gaýdyp gelýärdiler. Dogrusyny aýtmaly bolsa, olarda sanaýmalyja tertipdäki emosiýalar we emosiýalaryň şekilleri bardy. Hiç bir zat çekilen görnüşini üýtgedip ýa doly ýitip gider derejede ýok edip bilmeýärdi. Şeýlelikde, kagyz şekiljikleriniň gynanjak ýa begenjek, ýa haýran galjak, ýa gaty görjek pursatlaryny adaty adamlardan biri göräýse, örän gülkünç hala düşerdiler. Bu, hamana, nämedir bir zady başarybam şony etmäge mümkinçiligiň bolmaýşy ýaly içýakgyç hem-de kejikdiriji ýagdaýdy. Kagyz şekiljiklerinde öňki durmuşyndan galan belli – belli duýgular entekler ýaşaýan bolsa, onda ol sözüň doly manysyndaky duýgy däldi. Bu duýgy adamlarda bolşy ýaly müňlerçe hereketlerdir mimikalardan mahrumdy. Kagyz şekiljiklerinde diňe adamlaryň örän äpet duýgy hökmünde kabul edýän duýgularynyň “adyndan” sähel gowragy ýaşaýardy. Bu bir bitin çöregiň owuntyklary ýaly, gara dagyň bölegi ýaly, giden ummanyň damjasy ýaly bir zatdy. Eliň aýasy ýaly kagyz şekiljikleri şonuňam zordan hötdesinden gelýärdiler.
- Hudožnigi ýer ýuwutsyn ylaýym – diýip, dolmuş zenan şekiljik gygyrdy. Soňundan aýtmasyz bir zady aýdan ýaly üşerildi. Ol beýleik kagyz şekiljiklerinde hiç hili täsir görmänsoň, öz aýdan sözleminiň manysyna doly düşünmeýän kişi bolup ýylgyrdy. Ýöne kagyz şekiljikleriniň hiç hili reaksiýa bermän, edil dilleşen ýaly bir görnüşde durmaklary, hakykatdanam, geň ýagdaýdy. Bu, bir tarapdan, olarda bar bolan “ujypsyz” duýgularyňam sagatsaýyn öçýänliginden habar berýärdi. Ynha, basym olar düýbünden duýgudan mahrum şekiljige öwrülerler, şonda näme bolar? Olar nädip gep-üýn alşarlar, nädip adama öwrülmek, öýe gitmek baradaky pikirlerini amal edip bilerler. Onsuzam, olaryň arasynda hiç zada düşünmeýän mahluk ýaly şekiller az däl ahyryn. Zenan şekiljik:
- Men tansçyda gördüm, onuň hakyky gözýaşlary bar. Diýmek, diýmek – diýip, ol yzy ýadyna düşmeýän ýaly sägindi.
- Bizde-de bardyr diýjek bolýaňmy? – diýip, erni göwnüýetmez ýylgyryşdan gutulmaýan ýigit sorady.
- Men näme diýjek bolýanymy bilemok – diýip, zenan şekiljik dymdy. Ol şo pursat ullakan kemterlik duýdy. Oňa kagyz şekiljiklerinden bir zat ýetenokdy. Ol bir zadyň kem-kemden ýitip barýanyny duýup, oňa garşy hiç zat edibilmerin öýtdi. Onuň elinden gelýän bolsa, häzir hemme şekiljikleri şo ýetmeýän zadyň gözlegine çykarardy.
- O bir diýmäýin diýsemiň pylanysy ahyryn – diýip, erni göwnüýetmez ýylgyryş bilen çekilen ýigit entekler köşeşmänidigini bildirdi. Başga wagtda ýerli-ýerden seslenýän şekiljikleriň barysy uly dymyşlygyň agzalary ýaly geplänokdylar.
- Bir gözýaş bilen öýe gidip bolmaz. Bize galam gerek – diýip, kellesi kel şekiljik dolmuş zenan şekiljige dözmänmi ýa dymyp durmakdan ýadapmy gürledi. Ýöne onuňam indi öňküler ýaly işjeňlik görkezmejekdigi, ýuwaş-ýuwaşdan “doly kagyza” öwrülip, iň soňunda ummana tarap uçup gitjekdigi bildirýärdi. Kagyz şekiljikleri bir zatlar etmelidi. Olary bu şäherjige şekil taýdan doly kagyz edip, duýgy taýdan bolsa, enteklerem esasy duýgulary duýmagy başarýan hökmünde oklamaklary barypýatan adalatsyzlykdy. Mundan-a aýylganç tejribeleri geýirýänlaram gowurakdyr diýen pikileri bardy. Heýem bir zady “öldüm-öldüm-de” saklamak bolarmy? Onsoňam, indi olary hiç bir zat halas edip bilmese gerek. Sebäbi şu şäherde kagyzyň ömrüniň nähilidigini bilmeýän barmy näme? Olar ujypsyz şemala-da zordan tap getirýärler ahyryn. Olam bilelikde toplanyp, edil daş ýaly agrama geçýänleri üçin saklanýarlar. Gar bilen ýagyş bolsa hiç haçan ýaganok diýen ýaly. Iň bolmanda şu şäherdäkileriň 99 göterimi entek gardyr ýagşy görmedi. Derwüş ýa jadygöýdür öýdülýän garry birwagt kagyz şekiljiklerine ýagşyň nähili hadysadygyny gürrüň beripdi. Ol “Men güýçli ýeli hem gördüm, ýagşy hem gördüm” – diýip gaýtalaýardy. Bu hadysalaryň ikisiniňem kagyz şekiljikleri üçin ahyrzaman bolup biljekdigini nygtaýardy. Kagyz şekiljikleri ondan ýene-de birwagtky günleriň wakalaryny gürrüň bermegini, ýagyş ýaganda nähili howpuň abanýanydygyny aýtmagyny islediler. Ýöne jadygöýdür öýdülýän derwüş barha düşnüksiz zatlary samraýardy. Soragyňa jogap bermän, ýok zatlardyr ýok ýerlerden tutdurýardy. Bu ýagdaý kagyz şekiljiklerini ruhdan düşürdi
- Bu alasamsygyň bilýän zady ýok – diýip, kel şekiljik jibrindi. – men size aýtdym-a galamy tapalyň diýip
- Alaýdyň şo galam diýip
- Galam gutardy
- Meni galam edip düýrleseň bolanokmy?
Şu soraglardan kagyz ýüzlüleriň nähili ýagdaýdadygyny bilmek mümkindi.
- Bu şo şahyr bilen düşünişýär – diýip, şekiljikleriň kelte boýlusy ümledi. – Biz ilkinji nobatda kimdigimizi anyklamaly bu bir, ondan soň nädip bu ýere düşenimizi anyklamaly bu iki, nädip bu ýerden çykjagymyzy anyklamaly bu üç
- Hudožnigi tutup, ýesir almaly bu dört- diýip, erni göwnüýetmez ýylgyryşly şekiljik hikirdedi. Şeýlelikde, kagyz şekiljikleri wagt ýitirmezligi karar etdiler. Sebäbi wagt geçdigiçe, olaryň öňküligi gutarýardy. Wagt, megerem, kagyz şekiljikleri üçin birinji duşmandy. Olar eger çäresini tapmasalar jadygöýdir öýdülýän şekiljik ýaly duýgudan mahrum bolup, dilden-agyzdan galjakdyklaryny bilýärdiler. Şonda olara diňe bir ýol galýardy. Ol ýolam dört tarapyny umman gurşap alyp durka, ummandan başga hiç ýere eltenokdy. Onsoň olaryň bary kagyzlarça möwritini geçiräýse, Hudožnik olaryň baryndan dynyp goýberer diýen gorkulary bardy. Sebäbi olar kagyz şäherine diňe düşüp bilipdiler, ondan bolsa diňe ummana tarap çykyp bolýardy we kagyz ömrüňi suwuň içinde eräp gutaryp bolýardy. Şeýdip, sen baky ümsümlik bilen goşulyşýardyň we ýer ýüzünde, hatda, seniň birwagt bolandygyň jinnek ýalyjygam alamatlary galjak däldi. Kagyz şekiljikleri bolsa birwagt adamlar bolandygyny bilýärdiler. Olar adamlaryň üýtgeşik gurluşa eýedigini we kagyzdan müň esse güýçlüdiginem bilýärdiler. Ýöne, olarda şondan başga hiç hili maglumat ýokdy. Olar diňe “Sen pylanysyň” diýip çaklap başarýardylar, ýöne onuňam aslynda barypýatan jypdyrma bolmagy mümkindi. Kynçylyk döredýän ýeri, bu kagyz şekiljikleriniň dürli görnüşlerde çekilen bolmagydy. Hudožnigiň haýsy sebäbe görä olary saýlap alandygy ullakan syrdy, sebäbi onuň kagyz şäheriniň ýaşaýjylaryna öwren şekiljiklerinde ne daş-keşp babatda, ne içki dünýä babatda, ne duýgy, ne ylahy pikir, ne täze gözýetimlere bolan çagyryş babatda meňzeşlik bardy. Kagyz şekiljikleriniň her biri edil Nuhuň gämisiniň agzalary ýaly dürli-dürli toparlara degişlidi, ýöne Nuhuň gämisine-de her görnüşden jübüt bolup ýygnanypdylar. Bular bolsa ýekedi. Hawa, kagyz şekiljikleri diňe gorky duýgusy sebäpli bileleşen bolýardylar, ýöne içlerinden olar aýylganç ýalňyzlykda ýaşaýardylar. Indi bolsa şo ýalňyzlygyň diňe jadygöý ýa derwüşdir öýdülýän şekiljik bilen kanagatlanman, olary hem öz goýnuna dolap aljakdygy düşnükli zatdy. Galyberse-de, myş-myşmy ýa hakykat, belli däl welin, olar kagyz şäheriniň “baky” ýaşaýjylary hem däl bolmaga çemelidi. Sebäbi kimdir bir şekiljik örän işjeň, ýöne gizlin ýagdaýda “Siziň wagtyňyz bolup gelýär. Hudožnik täze kagyz şekiljiklerini getirmekçi” diýen gürrüňleri ýaýradýardy. Onsoň, bu şäherde täze kagyzlaryň erasy başlanyp, köne kagyzlar üçin bolsa ýer darlyk etmelidi
(Dowamy bar)
Bägül ATAÝEWA
(Dowamy bar)
Bägül ATAÝEWA