Teswirler (0)

Ýüklenýär...

Isribe uçran bolçulyk

2 minut alar

Ýaradyldyk... Emele geldik... Bar bolduk... Haýsyny saýlasaň hem netijesi birmeňzeş, biz eýýäm bar. Iň esasy mejburlygymyz bolsa, hem jemgyýet hökmünde hemem şahs hökmünde barlygymyzyň üznüksiz dowamaty üçin dyrjaşmaga dowam etmek. Emma bar bolmagyň kynçylygy ýok bolmaga meýili aňsatlaşdyrýar. Ýok bolmaga meýil bizden çykýar, ýagny bir zatlaryň sebäbi netijesinde emele gelýär. Bar bolmaga dowam etmegiň höwesi ýa-da mejburlygy hem biziň ruhy durnuklylygymyz esasynda ýüze çykýar. Hawa, onsoň iň esasysy, bar zadyň başlangyjy bolan barlygymyzyň sebäpkäri ýokarky ikisi ýaly ýene özümizmi? Ýa başga birilerimi, ýa Ýaradyjymy? Ýa bir sistemamy? Häzirlikçe meni bärde sebäpler däl-de netijeler gyzyklandyrýar, çünki sebäpler her kimiň öz dünýäsinde ýeke ýa-da birtopar özboluşly ýodalarda birleşip, özüçe kabul edilen. 

Islendik barlygyň çendenaşalygyna bolçulyk diýilýär. Eýsem biz, bir indiwid hökmünde "çendenaşa" bar bolup bilerismi? "Çendenaşa" bar bolan adam näme, kim, nähili bolýar? 

Hakydamyzda, içimizde elmydama özümiz bilen ýüzleşýäris, mydam özümiz bilen wagt geçirýäris, diýmek iň köp "bar" bolýan wagtymyz özümizi garşymyza alyp, aýbogdaşymyzy gurup, gabatlaşyp oturanymyzda diýip bileris. Şol wagt şol oturyşlyk soňlanynça ediljek her bir kelamyň ähmiýeti her ynsana mesaňa äşgär bolup durandyr. Emma her zatda çen-çak ýagşydyr diýilişi hem ýöne ýere däldir. Bu edil aşa köp iýip gaýtarmaga meňzeýär. Ruhyňy öz barlygyň bilen aşa köp iýmitlendirseň, ol seni gaýtarmasa-da sen ony gaýtarmaly ýagdaýa gelip bilersiň, bu hakykatdan gaça durmak üçin ruhy öz barlygyň bilen iýmitlendireniňde berhiziňi dogry şekilde sazlamak wajypdyr. Adam öz barlygyny has köp duýup başladygyça barlygyň kynçylygyna duçar bolup başlaýar, barlygyň kynçylygy bolsa nämä bolan meýile aňsatlyk bilen eltýänini başda agzap geçipdim. 

Özbaşyna gümra, işi bilen başyna gaý bolup ýören adam isribiň nämedigini gowy bilýär, sebäbi ol öz derdi bilen aşa meşgul bolany üçin barlyklaryň iň çäklisi we gymmatlysy bolan wagtyň gadyryna düşünýär. Hut şol sebäpden-de öz barlygyny isrip etmeklik ýaly kelesaňlyga hijem golaýlaşmaýar, galyberse-de adamyň barlygynyň wagtdan soňraky iň gymmat ikinji barlykdygyna aýdyň akyl ýetirýär. 

Islendik barlygyň bolçulygy, –şol barlyk näçe gymmatly hem bolsa– belli bir nokatdan soňra isribe öwrüler, muňa wagtam degişli, öz barlygymyzam, başga ähli gymmatlyklaram. Köplük bilen aza sezewar bolmagyň deregine, azlyk bilenem kem galmagyň deregine, ýeterligi sazlap durnukly ýaşamaga ýapyşmaly, ýogsam isribe uçran bolçulyk barlygy ýokluga öwürer. 

Belki bilýänsiňiz, men mowzuk giň bolsa-da gysga ýazmagyň tarapdary, men mus-yny berdim tafa-syny özüňiz dolduryň. Ne köp bolsun, ne-de aşa az bolsun, her bir işde ölçegiňiz saz bolsun! Sazlykda görşeliň!
 

12 |