Teswirler (2)

Ýüklenýär...
User Avatar

Iñ howply kõl

1 minut alar

Iñ howply kõl Tanzaniýadaky Natron köli, dünýädäki iň howply köl hökmünde tanalýar. Kölüň suwy aşa gyzgyn we mineral taýdan örän baý bolup posladyjy häsiýete eýedir. Ýagny kölüň suwuna galtaşan islendik jandar soňsuza çenli doňup ölüp galýar. Kölde ölen haýwanlar çüýremegiň ýerine kalsiý bilen örtülýär we daşa öwrülýär. Ýagny heýkel ýaly bolup galýar. Natron köli howply bolsada örän geň we owadan ýerdir. Kölüň reňki käte gyzyl we käwagt bolsa mämişi reňke öwrülýär. Bu ýeri görmäge gelýän jahankeşdeler daşa öwrülen haýwanlary görüp, geň galýarlar. Köl gaty çuň bolup, iň çuň ýeri 57 kilometre, ini 22 kilometre ýetýär. Kölüň golaýynda hiç hili ilat ýaşamaýar. Kölüň suwy wagtal-wagtal 60 gradus temperatura ýetip bilýär. Şeýle-de bolsa kölüň käbir ýerinde mikroorganizmler, suwotular, oňurgasyzlar hat-da balyklar hem ýaşaýar. Natron köli ýitip gitmek howpy abanýan flamingolar üçin möhüm jübütleşme ýeri bolup durýar. Kölüň ady karbonat, bikarbonat, hlorid we natriý sulfatynyň garyndysy bolan «natrondan» gelip çykan. Natron köli mumiýalaýjy häsiýete eýedir.surat

70 |