Içimizdäki Diktator
3 minut alar
Sen “şuny” “şeýle” et, sebäbi men “şony” “şeýle” isleýärin! Bärde esasy rol mende! Seniň meýilleriň meniň isleglerime görä şekillener. Maňa bu mümkinçiligi iň başda sen berdiň… aňasty hereketleriň bilen. Ýa-da belki bu mümkinçiligi özüm gazandym… “golasty” hyýallarym bilen. Her näme-de bolsa netije ortada. Sen maňa tabyn!
Bir adam islendik bir häsiýetinden ýaňa diňe özüne zeper ýetirýän bolsa, onda muňa – şol adamyň özi rugsat bermedik halatynda – jemgyýet hiç hili nägilelik bildirip bilmez, bildiresi hem gelmez. Emma, bir adam islendik bir häsiýeti sebäpli jemgyýete zyýan ýetirýän bolsa, onda bu ýagdaýa bildiriljek/bildirilmeli nägilelikler gaýrygoýulmasyzdyr/gaýrygoýulmasyz bolmalydyr. Eýsem, bir adam diňeje bir häsiýeti zerarly bütin jemgyýete we onuň sazlaşykly işleýişine nädip şikes ýetirip biler? Jogap, her jemgyýetiň öz içinde aýdyň şekilde görünýär. Esasy zat ol aýdyňlygy, ol şöhläni aýna bilen özüňden uzaga serpikdirmezlik.
Bu diýjek bolýanlarym gitdigiçe çylşyrymlaşmazdan ozal pikirimi durlap sözlerime “aýdyňlyk” getireýin.
Özdiýenli. Nähili özüne çekiji we üýtgeşik söz, şeýle dälmi?
Diktator.Nähili eýmendiriji, aýylganç, ýigrenji we elhenç söz diýsem garşy gitjek bolmaz, sebäbi hiç kim bu sypaty özüne ýaraşdyrasy gelmez, gelse şeýlediginden şüphe etmeli bolar, tebigata ters.
Ýeri bularyň tapawudy nämede? Ýa-da barmy? Elbetde bar. Hem-de gaty uly, emma saýgarmasy müşgil mesele.
Bizlere(iň azyndan köpimize) kiçilikden, maşgalamyz tarapyndan, “özdiýenli bolmak” meselesi hiç öwredilmeýär, hatda kähalatlarda käbir maşgalalarda bu mesele hiç agzalmaýar diýsegem ýalňyşdygym bolmaz. Hawa “hiç” diýdim, sebäbi “dogry” şekilde öwredilmedik her bir närse hiç öwredilmese has peýdalydyr.(Elbetde bu, biziň jemgyýetimizde “çaga ulaltmak/ýetişdirmek” sungatynda ejizlik görkezýän birnäçe nusgalardan we şahalardan diňeje biri. )
Geleli mowzugyň düýbüne, öz içlerimizde emele gelýän “üstünlik meýiline” eýerip, ýalňyş häsiýetlere ugrugýan kiçijik kişiliklerimiz, ulaldygyça bu gönükdirmeleri ýalňyş şekilde taryplandyryp, ýalňyş şekilde durmuşa geçirip bilýär. Üstinlikli bolmagy üstün bolmak bilen garyşdyrýarlar. Kiçilikde dostlarynyň/joralarynyň arasynda, ulaldygyça synpdaşlarynyň arasynda we ş.m. üstün bolasy gelýän her bir adam bu üstünlige çäkli serhet goýmagyň deregine çäksiz häkimiýeti has köp talap edýärler. Bu bolsa aslynda, çagalykdan başlap içimizde bizden habarsyz emele gelýän “sözüňi geçirmäge bolan meýilden” ybarat. Çagalykda emirler bilen ulalan ýetginjekler ulalsa haýsy hyýalda bolar? “Netijede ene-ata meniň saýlamadyk adamlarym we eger meniň saýlamadyk adamlarym meniň durmuşymy öz kararlary bilen belli bir derejede şekillendirip bilýän bolsa, onda ilerki wagtlarda men hem belli bir wezipede özümden aşakdaky wezipedäkilere öz hökmürowanlygymy tassyklamak babatynda özboluşly kararlar alyp öz diýenlerimi olara emir deýin kabul etdirip bilerin, çünkü men olaryň ýolbaşçysy we men näme diýsem dogrydyr ahyry.” Maşgalada, ýa-da özbaşdak, bu ulgamyň aslynda beýle däldigini öwrenmedik her bir şahsyň şeýle ýalňyş pikirlere/nädogry oýlara sezewar bolmagy gaty ahmal we garaşylýan zat. Eger şeýle bolsa her birimiziň içinde oýarylmadyk diktatorlar emele geler we elmydama özümizi üstün şahslar hökmünde tanadarys. Bärde işiň psihologiki tarapyna girmegi bu işiň ussatlaryna goýaýyn we bu ýazylanlaryň hem diňeje “perwaýly özdiýenliň” özboluşly pikirleridigini ýatladyp geçeýin.
Özdiýenli bolmagy, diňe özüniňki dogry bolmaly, özgeler oň diýenini makullamaly diýip düşünýänler, jemgyýetiň garşysynda uly rola eýe bolsa, onda köp dogrylar we birnäçe normalar ol özdiýenlä görä şekillener. Üýtgemezler üýtgediler. Dogrylar ýalňyşlanar. Bigünäler günälener.
Biz, başgalaryna özümizi düzetmäge maý/pursat berýärismi? Ýa-da biz, “özdiýenli” bolmagy elmydama başy eňip, süssenekläp, diňe öňe ugrugyp, özümiziňki ýalňyş bolsa-da yza gaýtmazlyk diýip bilýärismi? Biz, jemgyýet hökmünde öňi arzuwlaýan bolsak onda özüniň hem ýalňyşyp biljegine gözi ýetýän özdiýenlileri ýetişdirmeli. Diňe şeýtsek içimizdäki diktatory öldürip bileris. Her kim öz içindäki diktatory perwaýly özdiýenlä öwürse onda belki-de indiki nesillerimiz üçin… hawa bu günüň ylhamam şu ýere çenli eken, indiki ýazgylarda görüşýänçäk, sag oturyň, aman geziň.
Bu ýazgym 27.10.2021'de ýazyldy we muny şol gün 30 ýaşan bir dostyma bagyşlamak isleýän. Şu ýere çenli ýaltanman okanlara-da aýratyn sag bolsunlarymy aýdýan.