Teswirler (2)

Ýüklenýär...
User Avatar

Hudožnik

Hudožnik kim? –diýip sorag saldylar...

2 minut alar

Geň zat-Hudožnik-diýlende, ony hemme kişi tanaýan ýaly... Ýöne, onuň kimdigini welin bilýän ýok... Onuň kimligini Hudožnigiň özem bilmeýärmikän diýýärin. Çünki, gözüne ilen tegmilden keşp ýasamaga, göwün hyýaly gözünden uçmanka, ony  kalbyna salmaga howlugyp ýörşüne, özi barada pikir etmäge, onuň wagty hem ýetmeýär... 

 Ýakup Annanurow iş ornunda. 

Göwün hyýalyny, ömür salyny
Gözlerniň nuruny reňklere eýläp
Möwjy:za döredýär-ajaýyp dessan 
Soňra hiç kim bilmez ony gaýtalap... 
 

Maral Annanurowa iş ornunda.

 Hawwa, Hudožnigi gaýtalamak mümkin däl. Ony diňe göçürmek mümkin. Sebäbi, Hudožnik, her eseriň başyna baranda, edil derwüşiň Hakyň ruhuna garylşy, ýaly, diňe özüne aýan bolan hala girip döredýär. Şonuň üçin ol özbaşdak- gaýtalanmajak dünýeli, şahsyýet. Hudožnigiň hemmelere deň düşnükli däldigi-de, şol pynhan dünýeler sebäpli bolmaly.  Onuň ähli aladasy-Täsin hyýalyny özgeler bilen paýlaşmak. Bahasy!?. Ol diňe hyýalbent göwnüne düşünilmegi isleýär!..

 Döredijilik adamsyna baha berlende, onuň eserlerini synlamak ýeterlikdir.

M. Annanurowa, “Ylham”

Hudožnik kim- diýip sorag saldylar  
Kän gezdim oýlanyp-jogabyn tapman
Diýdim ahyr- ylham ýükli kerwen ol
Hyýal ýodasyndan gün yrman gatnan

Aňdym sowa düşdi soragdan jogap
Ýene çykdym ýola ýitgimi gözläp
Hasaplar içinden çykaryp hasap
Manylaň içinden manysyn çözläp

Sungat wezipe däl, hudožnik kär däl
Belli sagat işläp öe gaýtmaly-
Ol-nepis dünýeli ynjyk hökümdar-
Bütin ömre gyňyr göwnün tapmaly

Ýene... ol nakgaşam, suratkeşem däl
Suratam ýasanok çekiçläp, çüýläp
Ähdine wepaly derwüş mysaly
Aýlanyp ýör- dünýä kesbini paýlap

Dünýäni has inçe duýary ýaly-
Dünýäň ähli halatyndan habarly
Hak ýaradan ony şeýle ýasapdyr-
Iň ýuka ýürekli, ýumşak damarly

Göwün hyýalyny, ömür salyny
Gözlerniň nuryny reňklere eýläp
Mowjy:za döredýär-ajaýyp dessan
Soňra hiç kim bilmez ony gaýtalap

A:nha barýar ýüzün tutup şapaga
Kalby syrdan doly jadyly sandyk
Göwün b-ir ýerlere çykýar sapara-
Heniz göz görmedik, aýak basmadyk

Besse-besse boýaglara beslenen
Hyýal ülkesinden ýollaýar sarkyt
-Sungat ýaly beýik boluň adamlar-
Ýaňlanýar sarkyta dolanan sargyt
Soň...
Çylgyma, göwrüme, keşplere siňip
Hakyda öwrülýär özüni paýlap
Bu taryha şaýat meniň pederim
Bu düzgüne meniň özümem şaýat

Behiştiň bagy deý täsin dünýesin
Serpaý goýup zyýadadan-zyýada
Ol-hyýal ýurdunyň ilçisi bolup
Ylham şalygyndan inen Şazada!..
 

21 |