Hijri-kamary senenamasy
1 minut alar
Bu senenama Muhammet Pygamberiň we onuň döreden yslam dinine uyan adamlaryň yzarlanmadan gaçyp, Mekgeden Medina göçüp giden döwründen, ýagny biziň eýýamymyzyň 622-nji ýylynyň iýul aýynyň 16-syndan bașlap ýöredilýär. Olar:
1) Aşyr(arapça ady Muharrem);
2) Sapar(Safar);
3) Dört tirkeş 1(Rabiuľowwal);
4) Dört tirkeș 2(Rebigilsany);
5) Dört tirkeş 3(Jumadil-üwlä);
6) Dört tirkeş 4(Jumadil-ahire);
7) Rejep(Rajab);
8) Meret(Barat(Şaban);
9) Oraz (Remezan (Ramazan,Ramadan);
10) Baýram(Şawwal);
11) Boș aý(baş( Zulka'de);
12) Gurban(Zülhiçje);
Jemi 354 (gysga ýyl) ýa-da355 (uzyn ýyl) gün bar. "Kamar" aý diýmekdir. "Hijri" bolsa "aýra düşmek", "göçmek" diýen manyny berýar. Hijri-kamary aý-gün hasaby bilen Grigorian senenamasynyň arasyndaky aratapawudy bilmek zerurdyr. Ony bilmek üçin, häzirki seneden (Grigorian) 622-ni aýyrmaly we netijäni 1031-e köpeltmeli. Yagny:
1031x(2024-622)=1031x1402=1445462
bolýar. Ýagny 2024-nji ýyl hijri-kamary ýyl
senenamasynyň 1445-nji ýyly bolýar