Terjimeçi
Hassa /hekaýa
2 minut alar
HASSA
Asman alys, ýer gaty
Nakyl
Satypaldyň aýaly hassalandy.
Satypaldy aýalyny molla okatdy— bolmady, Tebibe görkezdi. Tebip gan aldy. Hassaň gözi garaňkylap, başy aýlandy. Bir aýal gelip, söwüdiň çybygy bilen ýençdi, towuk soýup gan çykardy...
Bularyň ählisi, elbetde, pul bilen bolýan zatlar. Bular ýaly wagtlarda, semiz horlanýar, hor çöpe dönýär.
Şäherde ýekeje hassanhana bar. Bu hassahana hakynda Satybaldynyň bilýän ýeke-täk zady şu: Salkynjak, asuda parkda, agaçlara bürenen, belent, owadan ak bina, aýnaly çal reňk gapysynda jaňjagazyň düwmesi bar.
Çigit gawuk we sarunyň söwdasyny edýän hojaýyny Abduganibaý ammarda agdarylan haltalaryň aşagynda galyp ölümiň gapysyna gelende bu hassahana barman Sime[1] gidipdi.
Hassahana diýileninde Satypaldyň hyýalyna arabaçy bilen ak paşşanyň suraty basylan 25 somlyk pul gelýärdi.
Näsag egbarlady. Satypaldy hojaýynynyň ýanyna gitdi, ýöne näme üçin barýanyny özi hem anyk bilmeýärdi. Abduganibaý ony diňläp gamlandy, elinden gelse aýalyny şu wagt sagaldyp berjekdigini aýtdy, soňra:
– Weli Bahawaddiniň ýoluna bir zatlar aýtdyňmy? Gawsul Agzama nä?— diýip sorady.
Satypaldy onuň ýanyndan gaýtdy. Hassany ýeke galdyrmazlyk, şonuň bilen birlikde gazanç etmek üçin öýde bir iş gurnamaly boldy. Her dürli torba dokamagy öwrendi. Ertirden agşama çenli der döküp torba dokap başlady.
Dört ýaşly gyzjagazy el ýaglyk alyp ejesiniň ýüzüni siňeklerden goraýar. Kämahal elindäki ýaglyk bilen uklap galýar.
Sessizlik. Diňe siňek wyzzyldaýar, hassa iňňildeýär, her wagt ýakyndan-alysdan gedaýyň sesi eşidilýär: "Heý doganlar, sizi Alla ýalkasyn, sadaka müň belany dep eder, resullaň hormatyna..."
Bir gije hassaň ýagdaýy has erbetleşdi. Ol her iňňildände Satypaldy çekgesine çüý sanjylan adam kimin howsala düşýärdi. Goňşusyny, bir kempiri çagyrdy. Kempir hassaň bulaşan saçlaryny düzetdi, o ýer, bu ýerini sypalady, soňra… oturyp aglady.
– Bigünä çagaň säherde eden dilegi kabul bolýar, turuz gyzyňy!–diýdi.
Çaga ençe wagtlap ukudan açylyp bilmän aglady, soňra kakasynyň gaharyndan, ejesiniň ýagdaýyndan gorkup kempiriň öwredişi ýaly dileg etdi:
– Allajan ejemiň deýdine şypa beý...
Näsagyň ýagdaýy gün-günden erbetleşýärdi. "Kalbynda arman galmasyn" diýip "Kyrk-ýasyn" okatdylar.
Satypaldy dokaýan torbalaryny satyn alýan söwdagärden ýigrimi teňňe karz aldy. "Kyrk-ýasyndan" soň hassa gowulaşan ýaly boldy, hatda gözüni açyp, gyzjagazyny gujagyna alyp, pyşyrdady:
— Allajan gyzymyň säherleri eden dogalaryny dergähinde kabul etdi. Kakasy, indi gowulaşdym, gyzymy daňdan turuzma.
Ýene gözüni ýumdy, şol ýumanyndan soňra açmady– daňdana golaý jany çykdy.
Satypaldy gyzyny jesediň ýanyndan alyp, başga ýere geçirjek wagty gyzjagaz oýandy, gözüni açman endigine görä dileg etdi:
– Allajan ejemiň deýdine şypa beý...
————
[1] Sim — häzirki Fergana şäheri.
Abdylla KAHHAR
1939 ý.
Terjime eden: Saparmyrat GÜRGENÇLI
2023 ý.