Teswirler (0)

Ýüklenýär...
User Avatar

Hudožnik

Häsiýet-ykbaly taplaýar. Meniň “men” bolmagyma ýeten täsirler...

4 minut alar

 Hawwa, durmuş şertleri häsiýetiň kemala gelmegine täsirini ýetirýär. Tutanýerli, erjel häsiýet ykbaly, durmuşy özgerdýär. Bizem, çagalykdan, her kimiň öz orny, öz borjy, kesgitli maşgalada-berk düzgünde terbiýelenipdik.
Berk düzgün...Ol-ýaşymyzyň, ýagdaýymyzyň çataýjak işi tabşyrylyp, ýokary netijäni aňladardy. Edil. haýal-ýagallyk ýaly harsallygam hasaba geçmezdi. Diňe, ýokary hilli zatlar, kanagatly hasaplanýardy. Nahar siňňin bişmeli, iş sünnä bolmaly. Öý-işik, gap-gaçlar ýalpyldap durmalydy.. Şeýle talapkär häsiýeti üçin ejemiň daşyndan ýörgünli ady- “TK”- tehniki kontroldy. Uly-kiçi, hemmämiz şol kontrola boýundyk. Belki, şol terbie sebäpli-men on sany hili pes, arzan zat alandan, gymmatam bolsa, ýokary hilli, ýekeje-abraýly zadyň hözürini görmegiň tarapdary. Elbet-de, bir kemsiz jemende ýok. Ýöne meniň ýetmezim, özümden özge hiç kime zyýan ýetirmeýär öýüdýän. Sebäbi, men ilki bilen özüme juda talapkär adam. Ýene bir möhüm ýagdaý- men adamyň hilini, onuň öz mertebesine garaýyşy bilen ölçeýän adam...Häsiýetimiň esasy ýeri -Ujypsyz zatdan başlap, düýpli adam gatnaşygyna çenli, hili pes zatlardan daşda durmak!.. 
Terbiýe babatynda, dürli gurnawlara gatnaşmak, pikir alyşmak erkana bolsa-da, öwünmek, bar zadyňy güjeňlemek, iýýän zadyňy köçä alyp çykmak-edepsizlik sebäpli gadagandy. Özgä garaşly bolmak, başarmaýan işiňe goşulmak hem, berk gadagan edilipdi. Bu terbie, soňra, özbaşdaklygy, eden işiňe jogapkärligi ornaşdyrypdy. ”Kimiň bilen kişi bolmagy” halamaýan, ony durmuşda ulanmaýan, Maral Annanurowany-diňe döredijiliginiň üsti bilen tanalýandygy üçin özüm bilen tanyşlygy-da, men yhlas siňdiren işlerimiň netijesinden başlamagy makul bildim!..

 Meniň pikirimçe: Durmuşda arkaýyn ýaşamak üçin iki zatdan daşda durmaly. Gorkmazlyk üçin-ýamanlyk etmeli däl. Utanmazlyk üçin-aýyp iş edmeli däl. Galan wagtyňy oýlanyp-ölçerip, pikirlenip seljerip ýaşamaly...Bu düzgün biziň durmuş ýörelgämiz.

Ýaş arhitektor M. Annanurowa

Saňa bu ýollarda gaýrat dileýän
Ýagşydan-ýamany saýlara Göwnüm!
Öýüň abat bolsun ömrüň abadan
Iliň-günüň bilen ýaýnara Göwnüm!

 Ylmy we döredijilik gözlegleriň netijesi:
“Şäher düzgüniniň şahsy özgerişe ýetirýän täsiri”
 1990-njy ýyllarda Döwlet ýolbaşçysy, ýurdumyzda bellenýän “Baýdak güni”- mynasybetli jemgyýetiň ylym we döredijilik wekilleri bilen duşuşyk-maslahat geçirerdi. Şol duşuşyklaryň birinde, 1997-ýylda döwletimiziň ilkinji Prezidenti S.A. Nyýazow, meniň “Şäher düzgüniniň şahsy özgerişe ýetirýän täsiri” atly  ylmy işimiň esasynda, “Türkmen jemgyýetiniň Ahlak Kodeksini” ýazmagy, gatnaşýan köpçüligiň goldamagynda, maňa tabşyrdy. Ol möhüm ähmiýetli ylmy resminamany, 1997-ýylyň noýabr aýynda şol wagtlar ýurdumyzyň ylym we medeniýet ulgamyny dolandyran O.Aýdogdyýewe, Suratkeşler birleşmesiniň başlygy B. Annamyradow bilen gowşurdyk. Ol işim üçin men 1998-nji ýylda “Watana bolan söýgüsi üçin” -atly döwlet sylagy bilen sylaglandym. 

Men 1980-nji ýylda ürkmendöwletproýekt”-edarasynda inžener-arhitektor hünärinde işe başladym. Şol ýyllarda, “Oglanly”, “Jebel”, “Bokurdak”, “Rawnina”- ýaly ýaşaýyş toplumlarynyň başmeýilnamasy we hususy buýurmalaryň  proýektlerini döretdim. 1992-nji ýylda Aşgabat şäherinde  “Ylham alleýasy”-medeni zolagynyň arhitektura-teklibini ýerine ýetirdim. Teklip-“Ruhy alleýa bilen köňül käbesine dolanmak” ady bilen 1993-nji ýylda “Nesil” gazetinde çap edildi.

Gurluşyk materiallary  seljeriş laboratoriýada.

Hudožniklik hünäri boýunça:
“Türkmenistanyň ösümlik we haýwanat dünýäsiniň Gyzyl Kitabyny”-(II tom) suratlar bilen bezemek işini  ýerine ýetirdim. Ondan başga-da, möhüm döwlet we jemgyýet senelerine bagyşlanan surat sergilerine işeňňiri gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolýandygym üçin 2011-nji  ýylda “Türkmeniň Altyn Asyry” bäsleşiginiň ýeňijisi”- baýragyny aldym. 

Sungaty öwreniş  ulgamy boýunça:
1996-njy ýyl- Türkmenistanyň halk hudožnigi Ýakup Annanurowyň 80-ýaşy mynasybetli çeper monografiýa- “Watan” gazeti.
1997-nji ýyl Türkmenistanyň halk artisti Oguldurdy Mämmeggulyýewanyň döredijiligine bagyşlanan-“Eşretiň ýesiri ýa-da Aperin aktirisa!”-atly edebi-çeper monografiýa “Watan” gazety. 
2005-nji ýyl- tanymal türkmen ýazyjysy Mämmet Seýidowyň 80-ýyllyk ýaşy mynasybetli “Telim ömre badalgalyk poeziýa”-atly edebi-çeper monografiýa “Watan” gazeti
2006-njy ýyl. Meşhur türkmen- şahyry Garajoglanyň 400-ýyllygyna bagyşlanyp Aşgabatda geçirilen halkara ylmy könferensiýa: “Ýedi derýadan ganan Aşyg”-atly edebi-çeper publisistika bilen gatnaşyp baýrakly orna mynasyp boldum.
2007- njy ýyl. Türkmenistanyň halk hudožnigi Durdy Baýramowyň döredijiligine bagyşlanan “Gülleriň göwni bar” atly çeper monografiýa (Kitabyna salynan).
2007- ýyl Şamuhammet Akmuhammedowyň döredijiligi barada katalog-kitaby.
2016-njy ýyl. Tanymal halypa hudožnikler Ýakup Annanurowyň ýüz ýyllyk ýaş toýuna bagyşlanan çeper katalog-kitaby

2023-ýyl.Türkmenistanyň halk hudožnigi Anpadurdy Almämmedowyň döredijiligine bagyşlanan edebi- çeper publisistika  “Türkmenistan” gazeti.
2013-ý.Çeken zähmetimiň netijesine, döwletimiziň «Zähmet weterany» atly hormatly derejesi berildi.

2015-nji ýyl Hormatly Arkadagyň döreden kitaplary bilen birlikde ýurdumyzda gurulýan jemgyýet ähmiýetli binalary suratlar bilen bezemek işini ýerine ýetirip gelýändigim üçin, “Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri”- atly döwlet sylagyna mynasyp boldum.

Maral Annanurowanyň döredijiligine metbugatda berilen bahalaryň käbiri.
Ýaşlykdan inçe  hünäre ezberligimiz, hem-de maşgalamyzyň talapkärligi, soňra durmuş hajatlaryna-da öz täsirini ýetiripdi. Men her babatda, özüme bagly işleri kämillige ýetirmäge çalşýaryn. Gulluk edýän hünärim özbaşdak oýlanyp-pikirlenip ýerine ýetirilýän iş bolansoň, onuň sünnäligi, işlerime siňip, häsiýetime geçendigini, köpçülikde belleýän adamlaryň az däldigi, meniň indiki etjek işlerime badalga bolup gelýär!..
1. Jennet Bäşimowa-“Iň soňky Leýli”- iýun 1997 ý.”Watan” gazeti.
2. Tamara Glazunowa-“Filosofiýa nežnosti w stihah i kraskah” - noýabr 2009 ý. “Neýtralnyý Turkmenistan” gazeti.
3. Hakberdi Amanmyradow-“Gözelligiň täsiri we milli akabalar”-iýul 2012 ý. “Watan” gazeti
4. Aýjemal Omarowa-“Nurly kalbyň aýdymy”- fewral 2014 ý. “Türkmenistan” gazeti.
5. Türkmen döwlet telewideniýesiniň “Ýaşlyk” we “Miras”, kanallarynyň 1990 ýyldan bäri, meniň döredijiligim barada- alty sany telegepleşik we bir sany dokumental film taýyrlandy.

Meniň pikirimçe: Özüň hakda hakykaty aýtmak kyn-diýilýär. Ýöne, özüň hakda hakykaty eşitmegiň has kyndygy üçin men baradaky delilleriň aňyrsynda abraýly takyk adamlaryň şaýatlygy we subutnamalaryň durandygy üçin özüm barada aýytmak hem eşitmek maňa kyn düşmändi...

Dowamy bar...

35 |