Graphic Design
Hamyr maýaly çörek maňa “trust the process” öwreder diýip pikir etmeýärdim.
2 minut alar

Adam islese, iň kiçijik zatdan hem bir zat öwrenip bilýän eken.
Maňa-da hamyr maýaly çörek gaty gowy zada düşünmegime sebäp boldy:
Sabyr. Gaýrat. Ynam.
Başda hamyr maýaňy ýasap, garaşyp, ahyry “taýýar boldy!” diýende, internetden dürli sapaklara seredip, çörek bişirmäge başladym.
Ýöne proses gaty uzyn we çylşyrymly görünýärdi.
“Beýle üstünde durmaga wagtym ýok, onça iş nämä gerek?” diýip, hemme zady çaltlaşdyrmaga, käbir ädimlerden böküp geçmäge başladym.
Gowy netijä ýetmek üçin prosesiň “shortcut-y”ny gözledim.
Näme boldy öýdýäň? Çöregim biderek boldy.
Şondan soň düşündim: käbir zatlarda gysga ýol ýok eken.
Soňra öwrenip başladym. Köp sapak gördüm, köp gezek synap gördüm. Başda “näme azaryň bar?” diýdirjek derejede çylşyrymly görünýän proseslerimiň käbiri wagtyň geçmegi bilen adaty bir zada öwrüldi.
Kyn görünýän zatlaryň köpüsi, edip başlanyňda ýeňilleşýän eken.
Ýöne şonda-da çöregim isleýşim ýaly bolanokdy.
Her gezek “indi gowy bolar” diýip garaşýardym. Tagamy gowulaşýardy, görnüşi gowulaşýardy, ýöne henizem göz öňümdäki çörek däldi.
Şonda başga bir zady öwrendim:
Sen näçe köp bilýän ýaly görünseňem, prosesiň içinde henizem öwrenmeli täze zatlaryň bar.
Her çörek bişirenimde sapaklarda görmedik zadymy görýärdim. Täze bir pikir tapýardym. Bir ýalňyşlygymdan soň başga bir zada düşünýärdim.
Soň ahyrsoňy esasy ýalňyşymy tapdym.
Üns bermedik ýerimde.
Hamyrma goşýan unumy nädogry mukdarda ulanýan ekenim.
Dogry ölçegler bilen edip başladym we...
BOOM.
Ahyrym uzak wagt bäri isleýän çöregimi aldym.
Şonda bir zat hakykatdanam kelläme ýetdi:
“Trust the process.”
Sebäbi käwagt biz ýalňyşýarys, başarmaýarys, gaýtadan synanyşýarys we “belki bu zat meniň üçin däl” diýip pikir edýäris.
Ýöne belki-de, diňe prosesimizi dowam etdirmelidiris.
Durmuşda-da şeýle dälmi?
Arzuwlaryňa tarap barýarkaň, barlaýarsyň, ýalňyşýarsyň, öwrenýärsiň, ýene synanyşýarsyň.
Iň esasy zat — başlamak.
Hem-de başda hemme zat pikir edişiň ýaly gowy bolmasa-da, ýoluňy dowam etdirmek.
Sebäbi käbir netijeler diňe prosesden geçeniňden soň gelýär.
Sabyr, gaýrat we ynam — arzuwlaryňa ýetmek ucin iň uly ýoldaşlaryň.
Hamyr maýaly çöregiň maňa öwreden iň uly sapagy hem şu boldy.
Galyberse-de... tagamy diýseň süýji. Bir-de şol çöregiň ysyny bir görsediňiz...
P.S. Art-terapiýa gidip, özüňizi rahatlandyrasyňyz gelýän bolsa, hamyr maýaly çöregiň bişirme prosesini hem synap görüň. Käbirlerinde terapiýa ýaly täsir edýär.