2 minut alar
Hamyr maýaly çörek maňa “trust the process” öwreder diýip pikir etmeýärdim.
Adam islese, iň kiçijik zatdan hem bir zat öwrenip bilýän eken. Maňa-da hamyr maýaly çörek gaty gowy zada düşünmegime sebäp boldy: Sabyr. Gaýrat. Ynam. Başda hamyr maýaňy ýasap, garaşyp, ahyry “taýýar boldy!” diýende, internetden dürli sapaklara seredip, çörek bişirmäge başladym. Ýöne proses gaty uzyn we çylşyrymly görünýärdi. “Beýle üstünde durmaga wagtym ýok, onça iş nämä gerek?” diýip, hemme zady çaltlaşdyrmaga, käbir ädimlerden böküp geçmäge başladym. Gowy netijä ýetmek üçin prosesiň “shortcut-y”ny gözledim. Näme boldy öýdýäň?…