Teswirler (5)

Ýüklenýär...
User Avatar

Halkara gatnaşyklar institutyna gezelenç

1 minut alar

Salam dostlar, bu gün Daşary işleri ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutyna gezelenç etdik. Bu gezelenç diýseň täsir galdyryjy boldy. Biz institut hakynda birnäçe maglumatlary öwrendik. Men hem öz gezegimde bu maglumatlary siz bilen paýlaşmak isledim. Halkara gatnaşyklar instituty Milli Lidermiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2008-nji ýylyň 20-nji martynda çykaran Permany esasynda döredildi. 2011-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli institutyň binalar toplumy açylyp ulanylmaga berildi. Institut 248 orunlyk talyplaryň umumy ýaşaýyş jaýyndan hem-de döwrebap sport toplumyndan ybarat. Institut 4 sany fakultetdan ybarat bolup durýar bular: diplomatiýa, halkara hukuk, halkara žurnalistika we ykdysadyýet fakultetlarydyr. Bu ýokary okuw jaýy geljekki syýasatçylary, diplomatlary daşary ýurtlardaky ilçihanalarmyzda işlejek wekilleri ýetişdirýär. Bu ugurlara höwes bildirýän uçurym dostlaryma Halkara gatnaşyklar institutynyň gapylarynyň açykdygyny habar bermek isleýärin.

81 |