jemgyýetçi
Hakyky baýraga mynasyp gahrymanlar
3 minut alar
Adama sarpa, hormat, sylag serpaý ýaşaýarka edilse, zähmetiniň gadry dirikä bilinse, elbetde, has gowy.
Konstitusion hukuk esasly jemgyýetde-de döwlet sylaglarynyň kanuny esasda düzgünleşdirilmegi hem dogry zat.
At gazanan işgär, halk ýazyjy, "Altyn asyr" bäsleşiginiň ýeňijisi, "Watana bolan söýgüsi" medalynyň eýesi, zähmet weterany, Ýaşlar baýragynyň eýesi ...
Bu sanawyň soňy ýok ...
Emma bu sylaglary alýanlar çyndanam jemgyýetde uly iş bitirýän adamlarmy? Ýa-da resmi proseduralary, hat peteklerini jemläp hödürlenen dalaşgärler muňa mynasyp bolýarmy?
Elbetde dalaşgär hökmünde hödürlenmedik adama sylagy nädip berjek?
Dalaşgärlige ilki bilen işleýän ýeri ýa-da agza bolan guramasy hödürlemeli.
Eger edaranyň ýolbaşçysy elinde işleýän gowy işgärlerini görüp bilmeýän bolsa? Ýa-da ýuwaş biri bolsa nätjek?
Ýolbaşçy gözüniň öňünde köp gezýän, süýji gepleýän, "ýaranjaň" birini hödürlemegi hem gaty adaty ýagdaý.
Ýa-da ýolbaşçy elindäki paýhasly, halal, dogruçyl işgärini gorky hökmünde görýän bolsa. Onam hödürlemese...
Ýa-da işini gowy etse-de, edara ýolbaşçysynyň ýalňyşlaryny ýüzüne aýdyp bilýän edermen işgäri hödürlemese... Işgäri goldamaly, iş şertlerini gowulandyrmaly ýolbaşçy bu hereketi bilen, tersine ondan ar alany bolmaýarmy? Bu hereket professionalmy? Şeýle-de wezipesinden hyýanatçylykly peýdalanandygy dälmi?
"Eger baýrak alsam, gapdalyndaky sowgady seňki, başlyk!" diýen işgäriň hereketi nähili dürs?
Sylaglar hemişe adalatlymy? Ýa-da "daýaw" edaradan tanyş tapyp hem alyp bolýarmy?
Bu soraglar dowam edip gidip otyr ...
Meniň özüm näçe adam tanaýan bu baýraklary alan. Emma işleşmeli bolanda boş çykýan, ulumsy, özüni dünýäniň işini bitiren diýip hasap edýän... Aslyýetinde eden işleri jemgyýetde hiçhili orun eýelemeýän, halkdan uzak, adamzat gymmatlyklaryny dikeltmäge gönükdiren netijeleri bolmadyk, maňyssyz, duzsuz, ýokumsyz, tagamsyzlary hem az däl ...
SSR-iň Ýazyjylar soýuzynda halk ýazyjy ady bermek barada gürrüň gozgalanda soýuzyň başlygy "Olar ýaly atlary, orden-medallary hol gyraky kiçi respublikalaryň ýazyjylaryna beräýiň. Şolar ähmiýet berýär. Hakyky edebiýatçy at-abraýy halkdan alýar, orden-medala kowalaşmaýar..." diýen wagtlary bolupdyr.
Meniň ýakynlarymdan bir ýaşuly uzak ýyllar bir edarada zähmet çekmegine garamazdan, özünden soň gelenler orden-medal aldylar. Olar çyndanam bu medala laýykmydy, ýa-da ýolbasça ýaranjaňlyk etdilermi, ýa-da başga bähbitler boldumy, bilmedim. Günälerini öz boýnuma aljak däl. Emma bu ýagdaý meni gynandyrdy. Şol sebäpli şol ýaşulynyň göwnüni tapmak üçin kärdeşler arkalaşygyndaky tanyşlaryň üsti bilen kiçiräk dabara gurnadyk. Hormat hatyny özüm taýýarladyp eltdim. Ýagny onam gurnamak üçin tanyş görmeli boldy.
Käbir paýhasly, dana adamlar medal hödürlenmegi gelşiksiz, ýasama görýärler. Şonuň üçinem hemme orden-medallylary çyndanam şol mertebä mynasyp adam ýaly görmek dogry bolman biler.
Jemgyýetiň içinde, obada, çet ýerlerde il gün üçin zähmet çekip ýören zähmetsöýer edermenleriň eden işleriniň ondan birinem edip görmän medal alýanlaram bar ...
Halkyň iýjek çöregi daýhana bagly ... Döwlet baýraklary alanlar öwünmesin. Daýhan bolmasa hemmämiz aç galýas.
Gije gündiz, halys ýürekden zähmet çekýän mugallymlar... bularam medalsyz gahryman... bularyň edýän işi jemgyýete öz täsirini ýetirýär ... orden medal eýeleriň arasynda mugallymyň zähmetiniň 2 sagadyna-da çydamajaklar bar...
Jemgyýet bolup asyl şol gahrymanlary ýüze çykaraly, şolary goldaly... Boýnuna boş "jäjek" dakyp ýörenleri däl ...