Teswirler (0)

Ýüklenýär...

Gyz Ýazgydy

2 minut alar

  Akja uzyn boylu saryýagyzdan owadan gyz. Edepli ekramly. Obanyň saýlanýan gyzlaryndan biridir. Akja, seniň agyr ykbalyň seni nirelerden çykardy. Sen obaňyza durmuşa çykdyň. Baran adamyň uruşa gidip gelmedi. Seni gaýynlaryň öýňüze getirip gitdiler. Sen ýalňyz ne çaga, ne ýoldaş bardy. Sen öz agalaryň, gelnejeleriň elinde ýaşadyň. Seň derdiňi çekişmäge ejeňem ýokdy. Sen ol öýüň ody bilen girip küli bilen çykýadyň. Doganlaryň seni şeýle eý görýärdiler. 

Günleriň bir güni gelnejeleriň seň kastyňa çykdylar. Ýoldaşlaryny gepden doýurýarlar. “Inhä, biz bu günem ony bir erkek adam bilen kümede gije duşuşyp duranyny gördük’’ diýişýärler. Akjanyň bolsa ol, wakalardan habaram yok. Doganlary gahar-gazaba münýärler. Namys astyna goydy bizi, ýüzümizi gara etdi, ile çykar ýaly etmedi diýip, uruşa gidip gelen daşkyrak garyndaşlaryna ony öldürmegi tabşyrýarlar. Akja olaryň ýüzünü görüp, gahar-gazaplarynyň oýun däldigini bilip özünü aklajagam bolmady. “Kysmatymda näme bolsa görmeli boldum”  diýdi. 

Uruşa gatnaşyp gelen, elinden ýarag düşmedik Aşyra tabşyrdylar. Aşyr ony atyň yzyna basyp Lebap çöllügine alyp gitdi. Akja içinden enem-atam bolan bolsa meni beýdip bir ýalan gep üçin meni ýakmazdylar. Maňa töhmet atylmazdy. Meň heniz gören zadym ýoga, men intek 17 ýaşymda. Ýoldaşym bilenem 9 gün ýaşaşdym. Ony uruşa alyp gitdiler. Ejejan, meni nähili bagytsyz edip dünýa indiripsiňiz. Sen bolaňda meň depämden guş uçmazdy. Aşyryň Akjany alyp gidip oturşy iki gündi, aý ýaly ýüzleri soldy. Ol ölümünü boýnuna aldy, onuň haly gaty agyrlaşdy, ysgyn-mydardan gaçdy. Ne Aşyrdan ses bardy, ne-de Akjadan. Akja doganlarynyň düşünjesiniň, dünýägaraýyşynyň pesliginden zeýrendi. Hiý bir ýalan töhmet üçin bir ynsanyň ömrü ýakylarmy? 

Ömümrjigim ýandyla onda geplemägede, oýlanmaga-da mydar galmady. Aşyr bolsa çölüň içinden şol ýol söküp gidip otyr. Indi meni öldürjek bolsa öldürip bir dynsa diýip samyrdady. Ol özünden kä gitýärkä gelýär. Bir görse Lebabyň uly bir bazaryna gelipdirler. Adamlar ala wagyrdy. Aşyr ony atdan düşürip bir ýerde oturtýar. Bular üç gün bazarda bolýarlar. Aşyr ýan torbasyndan oňa bir aýal köýnegini çykaryp berdi. Egniňdäki atlaz köýnegini bir ýerde çalyşyp gelmegini tabşyrdy. Aşyr ony Nury diýen bir adama satyp gaýtýar. Nurynyň öň aýaly ýogalan ekeni, Aşyr Akja bir zady sargyt etdi. Sen indi Mary topragyna aýak basmaly dälsiň. Men seni atyp gidendirin diýip sargyt etdi. 
    Aşyr bolsa Akjanyň geýip gelen atlaz köýnegini  goýnuň ganyna bulap, ýygnap alyp gitdi.

743 |