GURJAKLYJA GYZJAGAZ
3 minut alar
Gyzjagaz gurjak oýnaýar. Gurjagyň bilen gürleşmän nädip oýnajak? Öz gürrüňlerini diňe özleri eşidýär.
- -Gurjajygym, sen oglanjyk, men gyz. Nähili gowy! Gowy gerek? Men dünýä inemde kakam dagy ilki begenmändirler. Soň begenipdirler. Olam bilýärmiň näme üçin? Oglan jigsine seredişer diýip begenipdirler. Oglan jigim bolýança men saňa seretmeli. Oglan gurjagy maňa kakam ýörite gözläp tapyp getirdi. Sen nähili gowyja! Saçyňam buýraja. Aýdymam aýdyp bilýäň.
Gyzjagaz gurjagynyň böwrüne basyp oňa aýdym aýtdyrdy. Gurjakdan gelýän aýdym şowhunly bolsa-da gyzjagaz ony diňläp otyrka çalaja ýylgyrmadam. Kakasy gurjagy getiräýende onuň aýdymam aýdýandygyny görkezipdi. Şonda gyzjagaz begenjine aýdymyň heňine tans edýänlerden bolup eljagazlaryny galgadypdy. Emma häzir aýdym gutarýança ol sessiz oturdy. Aýdym gutaransoň örüme gelip ugran saçlaryny gulagynyň ýeňseine geçirip gurjagyny gujagyna aldy. Ony bagryna basdy.
- Meniň akyllyjam. Bilýäňmi oglanlar gyzlardan näme üçin gowy bolýalar? Olar toý edenlerinde toýlaryna begenýäler. Gyzlar toý edende gaýta aglaýalar. Özlerä toý edýäler, özlerem aglaýalar. Nädip aglamasynlar, öýlerinden gidýäler-ä. Menem ulalyp şeýdip gidemde aglaryn. Ýöne sen aglaýmagyn. Sen aglasaň, onda ... onda... men nädip giderin? Sen aglabam bileňog-a. Ajygaňogam, suwsaňogam. Diňe meni gowy görýäň hem meniň ýanymdan aýrylasyň gelenok. Ýatamda-da ýüzüme seredip otyrsyň. Ýatyrsam welin ýatýaň. Gözjagazlaryňy ýumup derrew uklaýaň. Men-ä beýle çalt uklap blemok. Ejem ýadyma düşýä. Kakam ýadyma düşýä. Içimden olar bilen gürleşýänem. Näme gürleşýäň diýýäňmi? Sen entek kiçijigä oňa düşünerden. Olar maňa jigi getirmegiň gürrüňini edýäler. Ýene gyzymyz bolsa näderis diýýä ejem. Kakamam bir dostunyň dört gyzdan soň oglunyň bolanyny gürrüň berýä. Ejem köp çagamyz bolsa meniň bilim büküler gider, çalt garraryn diýýä. Kakamam muňa ynanýa. Ejemiň garranyny islänok. Ho, goňşymyz bara, Bike daýza,garryja daýza. Garryja-da bolsa gowy daýza. Sen entek ony tanaňok. Ine, äkidip görkezerin. Şol Bike daýzaň näçe çagasy bardyr? Bäşdir, ondur diýjeksiň. Şeýle garrapdyr-da. Ejemden eşitdim, ýekeje gyzy bar eken. Şol ýeke gyzynyň öýünde-de ýaşaýa. Ejem menden senem men garramda öýüňde ýaşadarmyň diýip sorady. Ýaşadaryn diýdim, soňam ejemden köp çagasy ýok bolsa ol nädip garrapdyr diýip soradym.
- Adam garraýar-da, wiý? – diýdi.
- Onda näme üçin... – diýsemem ejemden yzyny soramadym. Öňi-soňy maňa sen entek kiçijik bu zatlara düşünmersiň diýerdi. Ulularyň gürrüňini diňleýäň diýip ýene käýýärdem. Nädip diňlemäýin? Meňem ulalasym gelýär-ä. Seň näme üçin ualalasyň gelenok, gurjajygym? Hawa-da, ulalaňsoň öýüňde saklar ýaly seň ejeňem, kakaňam ýok.
Gyzjagazyň ady Maral eken. Beýleki otagdan onuň ejesiniň sesi geldi.
- Maral, goý şol gurjagyňy-da, gel indi. Nahar bişdi.
Maral gurjagyny goýup ejesiniň ýanyna gitdi. Naharyň başynda ejesi ondan gurjagyna näme at dakanyny sorady. Ol: „At dakamok“ diýdi.
- Dakarlar-da. Owadan at känä.
- Oňa gurjak diýseňem bolýar. Ady jigime dakjak.
Ejesi ýylgyrdy. Ýöne şondan soň sesini çykarman naharyny iýdi. Çaga bilen düşünişmek kyn bolýar. Ol seniň işe gitmeliňem bilenok, başga bahanalaryňam. Jigisi bolaram welin ikisini aralamak işdir.
- Jigiň bolsa oýnawaçlaryňy dargadyşdyrar. Saňa-da azar berer.
- Özüň aýdýaňa çaga edep berseň akyllyja bolýar diýip. Menem oýnawaçlarymdan ýadamda olary dargadasym gelýär. Edemoga. Akyllyja bolasym gelýär.
- Bor gyzym. Kakaň işden gelsin gürleşerin. Saňa ogul jigi alarys. Ogul jigi gowy gerek.
- Bike daýza ikisem gowy diýýär.
- Ejeňe diý diýibem Bike daýza öwretdimi?
Maral ejesine jogap bermän turup gitdi. Ol öz jaýynda gujagynam gujagyna alyp ýerine geçdi. Onuň böwrüne basyp aýdymyny aýtdyrdy. Aýdym şatlyklam bolsa gyzjagazyň gözünden boýur-boýur ýaş döküldi.