Jemgyýetçilik işgäri
GÜN DOGANDA...
2 minut alar
Daglara birden agşam düşdi. Bu nätanyş daglarda ugruny ýitiren ýalňyz dagçy türgen howlukmaçlyk bilen dagyň depesindäki gaýalardan aşak inmäge başlady. Birden onuň aýagy gaýanyň kemerindäki eňňitden sypdy.
Ol özüne gelip gözüni açanda gije mazaly düşüpdi. Ony diňe bilindäki ýüp howada asyl-asyl saklap durdy. Bu garaňky gijede Aýdyr ýyldyzlardan nam-nyşan ýokdy. Daş-töwerek şeýlebir tümlükdi welin, häzir elleriň bilen howany sermeleseň bu gos-goýy tümlük tüýjümek gara keçe kimin elleriňe geläýjek ýalydy. Tutuş dünýä dagçy üçin şol keçäniň aňyrsynda gizlenendi. Ol diňe ýokarsynda bir ýerde häzir dyrmaşyp çykyp bilmejek gaýasynyň seňrikläp abanyp durandygyny, aşagynda bolsa girdap ýaly çuňňur boşlugyň bardygyny bilýärdi. Ýüpe bolsa bir garyş dyrmaşmaga-da mejaly ýokdy.
Dagçy öz düşen umytsyz ýagdaýy, özüniň ýaş ömri, köýüp barýan arzuw-umytlary hakynda ajy-ajy oýlandy. Indi özüne diňe ylahy gudratdan başga zadyň kömek edip bilmejekdigine ymykly göz ýetirenden soň:
− Allam, maňa kömek et! – diýip özelendi.
Birden ýokardan, tümlügiň içinden onuň gulagyna ýuwaş, emma güňleç ses eşidildi:
− Biliňdäki ýüpi kes!
Ilkibada bu sesiň üýtgeşik täsirine biygtyýar tabyn bolan ýigidiň eli guşagyndaky pyçagyna uzasa-da, soň öz akyl-huşuna eýerip saklandy. Garaňky uçuryma bir tokga daş ýaly güwläp gidip, tike-tike bolaryndan häzirki bolup durşuny ýeg gördi.
Emma bir salymdan dag başynyň aňzak howasy endamyndan geçip, dişleri dişlerine çaknyşyp başlanda ol ýene çydap bilmän zarynlady:
− Allam, maňa kömek et!
− Sen Maňa ynanýarmyň? – diýip, ýene şol güňleç ses sorady.
− Elbetde!
− Onda biliňdäki ýüpi kes!
Emma onuň ýene-de eli barmady.
Aradan bir sagat geçdi.
− Allam, maňa kömek et! – diýende, onuň ajal ýassygynda ýatan hassanyňky ýaly ysgynsyz sesi bogazyndan zordan çykdy.
− Sen Menden kömek soraýarmyň?
− Howa...
− Sen Maňa ynanýarmyň?
− Hä-ä-ä...
− Onda ýüpi kes! Taňryňa töwekküllik et!
Emma onuň dyrnaklary göm-gök bolup gatan elleri indi pyçagy tutubam, ýüpi kesibem biljek däldi. Onsoňam onuň beýtmek niýeti hem ýokdy...
Halas ediji topar dagçyny ertesi gün, Güneş al-asmana galanda gözläp tapdy. Ýüpden asylyp, gatap galan jesediň bir gulaç aşagynda üsti tekiz gaýa bardy, ol gaýadanan rahatja çopan ýodasy aşakdaky jülgä uzap gidýädi.
Käbir agyr pursatlarda Allanyň emrini ýerine ýetirmek barypýatan akmaklyk, öz duýgy-düşünjelerimize eýermek dogry ýaly bolup görünýändir. Emma soňra – Gün doganda hemme hakykat ap-aýdyň bolýar.