Teswirler (3)

Ýüklenýär...
User Avatar

Jemgyýetçilik işgäri

"Töwekgel ner bolar..."

4 minut alar

Her häsiýetiň öz antipody – gapma-garşylykly taýy bolýar: yagşylyk-ýamanlyk, halallyk-haramlyk, mertlik-namartlyk, jomartlyk-husytlyk... Eýsem töwekgelçiligiň garşylygy nämekä? Töwekgelçiligiň garşylygy – endişedir. Ýagny, köp pikirlenmek, gaýgy-alada berilmek, bir meseläni tükeniksiz ölçäp-dökmek. Häzirkizaman aňşynaslygynda endişe (overthinking) edil akyl näsaglygy saýylmasa-da, adamlaryň durmuşynda we işinde köp päsgelçilik döredýän, streslere (nerw dartgynlygyna) we ünji-alada sebäp bolýan derdeser hasaplanylýar. Ata-babalarymyz hem endişeliligi oňlaman, töwekgelçilige hormat goýupdylar.  

Aslynda “töwekgül” (“töwekkül”), ýagny töwekgelçilik sözüniň özeni “wekillik bermek”, ýagny çäksiz ynam, ygtyýar bermek manysyndan emele gelip, ol hiç bir gypynçsyz, çirksiz Allatagala ynanmak, ykbalyňy onuň ygtyýaryna tabşyrmak diýmegi aňladýar. Şeýden adama “töwekgel” diýilýär.

Magtymguly atamyz hem:

“Töwekgül ner bolar, endişe — maýa,
 Könlüňni iberme her kaýsy jaýa,
 Barçanyn daýanjy kadyr Allaýa,
 Alladan özgäge söýenji bolma!” –

diýmek  bilen köňlüňi her gün bir zada baglap ýörmän, öz umyt-arzuwyňy bir Alladan islemegi ündeýär.

Töwekgeller maksada barýan ýolda aýgytlylyk, çalasynlyk, gaýrat görkezmäge ukyplydyrlar, çünki olar bir ýeke-täk maksada göwün berýärler, ýagny olaryň belli bir maksady we şol maksada gulluk edýän ýörelgeleri bolýar. Bu – aňsat däl, emma töwekgeller öz şahsy durmuşynda şol müşgili çözen adamlardyr. Bir çözensoňlar olar gaýdyp şol meselä dolanyp gelmeýärler, gözlerini öz maksadyndan aýyrmaýarlar. “Päsgelçilikler – gözüňizi maksadyňyzdan aýran wagtyňyz öňüňize çykýan gorkunç zatlardyr” diýip, öz ömründe garyplykdan üstünlige ägit uly menzili geçen Henri Ford ýazýar.

Şonuň üçinem bir ýoly saýlap almankaň, ilki ýagşy pikirlenip, soň karara gel. Emma, rast, bir karara geldiňmi, şol kararyňy täzeden pikirlenme. Ol hakda kelle döwüp, özüňi iki ýana çekelemegiňi bes et. Çünki akylyň çar tarapy hem tükeniksiz ummandyr, ol ugur, çözgüt bermez. Çözgüdi seniň öz erkiň, ozalbaşdaky ymtylmaň, şahsyýetiň berýär. Eger soňuna çenli diňe akyla salgylanyp oturjak bolsaň, ömrüň ahyryna çenli ikirjeňläp oturarsyň. Sebäbi seniň bir çözgüdiň haýryna tapan deliliň garşysyna akyl beýleki bir çözgüdiň haýryna hökman ýene bir gapma-garşy delil tapar. Sen bolsa her bir delile bir ynanyp, kararyňy jemläp bilmän, urnar oturarsyň. Möwlana Jelaleddin Rumy “Her şemala sowruljak bosaň, gadryň samança bolmaz” diýýär. Her pikire bir uýup oturjak bolsaň, onda sen şahsyýet hökmünde dereksiz, hiç kime gereksiz, yrga biri bolup galarsyň. Daniýa şazadasy Hamlet ýaly pikirden herekete geçip bilmän, “iki jahan owarrasy” bolup, gujur-gaýratyňy ýitirersiň.

Tükeniksiz pikire çümüp, belli bir şertlerde, belki, pikir adamy, dana, akyldar bolmak bolar, emma iş adamy, hereket adamy bolup bolmaz. Şonuň üçinem, endişe laýyna batyp galmazlyk isleseň, bir gezek bi ýoly saýla-da, şol saýlan ýoluňa, öz ýörelgäňe, öz-özüňe ynam edip ýaşa. Bir tutan ýoluňdan aýgytly we arkaýyn ýöre. Öz-özüňe ynanmasaň, kim saňa ynam-ygtybar edip, umyt baglasyn? “Bizde hiç hili gorky, hiç hili aljyraňňylyk, hiç hili ikirjeňlenme bolmaz!” – ine, orta asyrlaryň polat ýürekli şöhratly urşujylary bolan samuraýlaryň ýörelgesi.

Köp pikirlenip, işeňňir herekete geçip bilmändigi üçin özleriniň ummasyz akyl-paýhasyny, ukyp-zehinini, bilim-tejribesini peýdasyz köýdüren syýasatçylaryň, serkerdeleriň, iş adamlarynyň, edebiýat, sungat, ylym... işgärleriniň geçmişde-de, häzirki döwürde-de sany-sajagy ýokdur. Uruş taglymatyny kemsiz özleşdiren beýik Napoleonyň ýeňişlerine hem iň esasy ýardam eden artykmaçlyklary onuň aýgytlylygy we çalasynlygy bolupdyr. Napoleonyň egindeşleriniň biri, atbakarlykdan Neapolyň karollygyna ýeten Mýurat bolsa söweşden öň asla pikirlenmän: “Ilki söweşe başlaly, nähili hereket etmelidigini soň görübereris” diýer eken. Söweşde bolsa ol ýeňilmegi bilmändir.

Mundan iki müň ýyldanam ozal Ýuliý Sezar öz goşuny bilen Rubikon derýasynyň kenaryna gelende, senatdan oňa duýduryş gowşurylypdyr: “Derýadan goşunyň bilen geçme, ýeke özüň boýun egip, biziň huzurymyza gel!” Rowaýata görä Sezar özüniň şondan beýläkki etjek hereketini ölçäp-döküp, iki günläp oýlanyp oturypdyr. Üçünji gün irden ol belli bir karara gelip, serkerdelerine derýadan geçmegi buýrupdyr. Özüne entegem başga maslahatlary berip, delil getirmekçi bolan geňeşdarlaryna: “Bes, bije eýýäm atyldy!” diýip gygyrydyr. We hemme garşydaşlaryny ýeňipdir! Sezaryň şunuň ýaly aýgytly, okgunly, töwekgel häsiýeti oňa kämahal şeýle bir aňsat ýeňişleri getiripdir welin, şol ýeňil düşen şowlulyklaryň biri hakynda ol öz dostuna diňe üç söz bilen habar iberipdir: “Veni, vidi, vici!”, ýagny “Geldim, gördüm, ýeňdim!”

Sezaryň mysaly sapak alarlykdyr. Her kimiň ykbalynda öz Rubikony – aýgytlaýjy geçidi bardyr. Şol geçitden geçmezden öň iki tarapdaky delilleri saldarlap, tersin-oňyn taraplaryny seljerip, üstünlikleriň we ýitgileriň ähtimallyklaryny derňäp, geçip-geçmezlik barada şondan soň karara geliň! Emma neneň-niçik öz Rubikonyňyzdan geçmegi ýüregiňize düwen bolsaňyz, onda Sezaryň aýgytlylygy bilen öňe okdurylyň, yza seretmäň. Mahlasy, gorksaňyz – geçmäň, geçseňiz – gorkmaň! Ine, töwekgelçilik diýip şoňa aýdylýar.

Garaz, dünäde her kes özüne laýyk ýörelgäni saýlap, öz güýjüne laýyk ýüki ýüklenip, öz şahsyýeti bilen sazlaşykly, öz-özi bilen barlyşykly, rahat wyždanly ömür sürse, köp meseleleriň düýp çözgüdi, ine, şondadyr.  
 

161 |
|