Teswirler (1)

Ýüklenýär...
User Avatar

Jurnalist

Gün

1 minut alar

Gün entek ýaňy bir erňegini görkezip ugran uçurlary men ýola düşdim. Üstesine, ýüzüm gündogara sarydy. Ulagymyz öňe dyzadygy saýyn Gün hem kem-kemden tegelenip ýokary galýardy. Öz ýurdumyň asmanynyň astynda Günüň dogar ýerine tarap birinji gezek ugraýan ýaly bolup durun. Belki, birinji gezekdirem. Ulagda gidip barýarkam bir mahallar okalyp, ady-sory ýatdan çykyşan kitaplardan hakydamda galan şu setirler dilime gelýär: «Ýüzüň Güne tarap bolsa, saýaň arkaňa düşer, Günüň tersine ýöresiň welin, saýaň öňüňe düşer». Bu setirlerde saýa diýildigi ynsanyň nebsi bolmaly. Edil şol gün meniň hem ýüzüp Güne tarapdy. Gün ýerden doly saýlanyp ugranyndan men äýnegimi dakynmaly boldum. Şofýor: «Günüň bir-ä dogýan wagty, birem ho-ol ýaşyp barýan wagty ulag sürmek kynlaşýar» diýdi. Hakykatdanam, Günüň ýagtysy «menden başga zady görüş çägiňden çykar» diýýän ýaly, gözümizi gapara getiripdi. Men-ä näme-de bolsa, äýneklidim. Şofýoryň welin äýnegem ýokdy. Ýöne ol ýola belet bolansoň, badyny haýallatman, meni düşürmeli ýerime çaltrak eltmäge howlugýardy.

31 |