Teswirler (0)

Ýüklenýär...
User Avatar

Terjimeçi

Gülki ummany / saýlanan degişmeler

8 minut alar

DERT BOLAN DÜÝŞ 

Bir adam psihologa derdini aýdýar: 

— Wah agam, her gije düýşümde nähili dertler çekýänimi, nähili ajal derlerini dökýänimi bir bilsediňiz… 

Psiholok: 

— Pygamber ýorgudy bolsun Inşallah. Düýşüňizde nähili zatlary görýärsiňiz?. 

Adam aglamjyrap jogap berýär: 

— Näme, nämeler… Zyýapat, tans, aýdym-saz, içgiler. Her dürli, aňry baş iýmitler, garaz her zat bar-da… Içhä-iç, çalha-çal… 

— Ajaýyp, mundan başga näme isleýärsiňiz? Käşkä menem her gije şular ýaly zyýapatly düýşler görsem, başga näme isläp bilerin. 

Adam uludan dem alyp: 

— Belaň sapy saňa, hiçjem oýlaýşyňyz ýaly däl. Her zat gowy, gözel welin, soňunda mydama bütin hasaby men töleýän. 

ÝOKARY TIZLIKLI ARAGATNAŞYK 

Iki adam gürleşip otyr. Biri: 

— Bir habary iň gysga wagtda başga bir ýere ýetirmek üçin näçe dürli ýol bardyr?— diýip beýlekiden soraýar. 

— Üç ýoly bardyr: Telegraf, telefon ýa-da bir hatyn. 

BETERINDEN BETERI 

Bir şäheriň Ilaty zalym häkimiň elinden halas bolmak üçin soltana habar ýollapdyr: 

— Aman soltanym, bizi bu adamyň elinden halas eýle. Ählimiziň bar-ýogumyzy elimizden alyp gallaç kyldy. Salgydynyň aşagyndan çykar ýaly däl, açgöz peläket. 

Habar Stambula ugradylýança häkim eşdip şäheriň sylaglanýan adamlaryny öýüne çagyrypdyr. Her kes "ýene näme islärka bi" diýip gorka-ürke häkimiň öýüne gelipdir, emma gorkulary başlaryna gelmändir, häkim her kime hezzet üstüne hezzet edipdir, serpaý üstüne serpaý ýapypdyr. Soňra saçak başyna oturyp iýipdirler, içipdirler. Çaý başynda häkim ýigitlerine: 

— Şol sandygy getiriň!— diýip emr edipdir. 

Sandygy getirip gapagyny galdyrypdyrlar welin, içi altyn, kümüş, almaz ýaly gymmat baha daşlardan dolup daşyp duranmyş. 

Häkim sandygy görkezip: 

— Serediň, agalar, begler! Şu sandygyň dolmagyna bir garyş galdy. Sandyk doldugy meň işim tamam. Emma, men wezipämden aýrylsam ýerime geljek häkim boş sandyk bilen geler, habaryňyz bolsun! Meňki diňe duýdurmak— diýipdir. 

SAŇA DEGMEZLER 

Degişgen biri Kaýserili birinden: 

— Kaýserililer eşek etinden somsa edýärlermiş şol dogrumy?— diýip sorapdyr. 

Kaýserili: 

— Kaýser-ä gitmekçi bolýan bolsaň, hiç gaýgy etme! Saňa degmezler— diýip jogap beripdir. 

ÝARYM ÖLI, ÝARYM DIRI 

Oba ilaty dil birikdirip obaň ymamyna henek atmagy planlaşdyrýarlar. Ýalandan obalyň biri ölýär, meýdi ýuwmak üçin ymamy çagyrýarlar. Ymam meýdi ýuwmak üçin içeri girýär, gapyny ýapýar. Ýarym sagat geçýär… Bir sagat geçýär… Iki sagat geçýär… Her kim oýlanyp başlaýar… Her ölülini 15 minutda ýuwup, päkleýän ymama näme boldy? Iki ýarym sagatdan soňra ymam suw der bolup çykýar. Hemme derrew: 

— Ymam aga, näme boldy?— diýip soraýar. 

Ymam gaharlanyp: 

— Ýarym öli, ýarym diri zaňňarlary maňa getirýäňiz, işini bitirip, ruhyny çykarýançam tas öz janym çykypdy— diýýär. 

ÝAGYŞLY HOWADA-DA GEÝMEK MÜMKIN 

Hatyn, ilik-düwme barlanyndan, dawalaşa-dawalaşa söwdalaşynyndan soňra gaplaňyň derisinden edilen paltuny almarman boldy. Şonda-da puluny töläp duran mahaly sorag bermän durup bilmedi: 

— Muny ýagyşly howada-da geýip bolýandyra? 

Satyjy geň-taňsy bir ynam berdi: 

— Hanym, henize çenli ýagyş astynda hiç haýsy gaplaňyň saýawanly gezip ýöreni görülmändir! 

SALAM 

Iki esger köçeden ýöräp barýan mahaly gapdallaryndan geçip barýan ýük ulagyna biri harby salam berýär. Ikinjisi: 

— Näme üçin salam berdiň?— diýip soraýar. 

— Gözüň körmi? Ulagyň üstünde General Motors diýip ýazylygy dur-a.

POKER: OÝUNÇY KAPUT

Poker… Gyzgalaňly oýun… Göçen kelleler… Ortada üýşmek pul… Oýunçy bar-ýoguny tikdi… Utuldy… Ýürek biçäre çydamady… Oýunçy kaput… "Eý oňa seret!" diýýänçälerem garaşyp durmady, giden-gitdä fiişt gidip göýberdi… Indi näetmeli? Muň aýalyna kim habar berer? Aralaryndan biriniň ýakasyndan tutdylar:

— Sen gepe ökde, barda heleýine aýlap-öwrüp ýumşaklyk bilen bolan zatlary aýt!

Olam gidip ölen adamyň aýalyny tapdy:

— Äriňiz poker oýnaýan mahaly…

Aýal derrew sözüni böldi:

— Bar ýoguny orta zyňdy dämi?

— Hawa hanym.

— Soňra hemmesini utdurdy?

— Hawa hanym.

— Alla janyny alsyn nejisiň.

— Aldy hanym.

BAÝ-BO

Ispan begzadasy ýary gije Fransiýada bir myhmanhanaň gapysyny kakdy. Myhmanhanaň işgäri penjireden başyny çykaryp:

— Kim sen?— diýip sorady.

Ispan adyny aýdyp başlady:

– Grigorio del Amaldo de Monte Carpo de Santa Cruce de Palamado de

Quirina del Agnoso de Montesquieu.

Işgär aýdylan atlary ýeke-ýeke diňlänsoň şok bolup:

— Baý-bo onça adamy myhman alar ýaly boş ýerimiz ýok-how— diýip derrew penjiräni ýapdy.

ŞONAM BILEŇOKMY?

Kadrlar bölüminiň işgäri müdiriň gapysyny kakyp girmäge rugsat sorady.

— Başlyk iş soraýanlaryň arasynda bir ker bar.

— Çyndanam? Derrew işe alyň, ertirden işe başlasyn.

— Emma, ker adama nähili iş bereli?

— Şonam bileňokmy samsyk? Arz-şikaýat bölümine işe alarsyňda!.

GYZYMY URSA

Ärinden taýak iýen aýal, aglap atasy öýüne geldi.

Kakasy gaharlanyp gyzynyň gulak-çekgesine ýelmäp:

— Bar nejis äriňe aýt, ol gyzymy ursa menem oň heleýni ýenjerin!.

WEGETERÝAN

Otly ertire çenli ýöremeli, her kes ýany bilen getiren iýmitlerini çykaryp garynlaryny doýurmaň ugruna çykdy. Kolbasa, towuk butlary, ortada her zat bar… Bir aýal ýanynda oturan adama "Sizem alyň, bir zatlar iýiňdä!" diýdi.

Adam saçaga seredip:

— Ýok men bulardan iýjek däl. Men wegeterýan— diýdi.

Aýalyň oňa ýüregi awap:

— Wah biçäre, penjireden kinoň kadrlary kimin geçýän ol ýap-ýaşyl otlary görüp otlydan böküp düşäýesiň gelýändir hä?

HÄZIRKI DÖWÜRDE

Tamda iki pişik sataşdy, biri:

— Miýaw, miýaw— diýdi.

Ikinjisi:

— Haw, haw— diýdi.

— E-e bu näme diýmek bolýar?

— Döwürden yzda galan nähili bisowat haýwanaý sen? Häzirki döwürde öz dilinden başka dil bilmeýän barmy?

BAHA

Ýigit söýgülisine ýüzük almak üçin dükana girdi. Almaz daşly ýüzügi halap bahasyny sorady. Bahany eşidip elheder alyp sikilik çaldy. Başga ýüzügi görkezip:

— Bu näçe?

— Ony sorýaňmy? Ol iki sikilik!…

MAŇA GYGYRMA!

Zoparkda Temel, ýylanlara seredip dilini çykaryp durdy. Zoparkiň işgäri ony görüp:

— Heý nämedýäň-ow sen— diýip gygyrdy.

— Nämä maňa gygyrýaň-aý? Olara gygyrsanow… Öňinjä olar başlada.

GÖWÜNLIK

Iki hatyn gürleşip otyr. Biri:

— Örän gynanýan. Ärimiň maňa diňe baýlygym üçin öýlenenine indi anyk gözüm ýetdi— diýýär.

Ikinjisi göwünlik berýär:

— Gowy-da, diýmek daşyndan görnüşi ýaly samsygam däl eken!.

NÄME ÜÇIN GOŞULÝARSYŇ

Bir adam itiniň ýüpünden tutup köçeden ýöräp barýan mahaly halamaýan goňşusy bilen gabatlaşýar. Goňşusy:

— Bu eşek bilen nirä barýaň?— diýip soraýar.

— E-e bu it ahyryn. It bilen eşegiň tapawudyny bileňokmy?.

Goňşusy säginmän:

— Men it bilen gürleşýän. Sen nämüçin gürrüňimize goşulýaň?— diýýär.

"ÜÝRÝÄN IT DIŞLEMEZ"

Bir adam dostunyň öýüne myhmançylyga barypdyr. Howlyň gapysyny açan mahaly aňyrdan üýrýän iti görüp, gapyň öňünde doňup galdy. Köçeden geçip barýan biri muny görüp:

— Gorkmaň! "Üýrýän it dişlemez" — diýýär.

— Bu aýdýanyňa gowy welin, emma it birden bu atalar sözüni bilmeýän bolsa näme?

"ÝALAN SÖZLEMEK BÄSLEŞIGI"

Gadym döwürde bir patyşa "ýalan sözlemek bäsleşigini" gurnapdyr. Kimde kim ynanylmagy mümkin bolmadyk bir ýalan aýtsa bäsleşikde ýeňiji bolup, patyşa tarapyndan müň tylla teňňe baýrak berilýärdi. Ýurduň iň ussat aldawçylary özleriniň başarnyklaryny görkezmäge başladylar.

Aldawçylaryň biri:

— Patyşahym, men asmana merdiwan gurdum— diýdi.

— Bolup biler, mümkin.

Başga biri:

— Patyşahym, men ummanyň üstüne köpüri gurdum— diýdi.

Patyşa muňada:

— Bolup biler, mümkindir— diýip jogap berdi.

Başga-da birnäçe ussat aldawçylar her hili ýalanlar aýtdylar. Emma patyşa hemmesine "mümkin, bolup biler" diýip jogap berdi. Hiç haýsyna "mümkin däl" diýmedi. Ahyry akyllyň biri patyşany duzaga düşürdi:

— Patyşahym, siziň merhum kakaňyzyň, meň merhum kakama müň tylla bergisi bardy— diýenden patyşa ýerinden böküp turup:

— Bolup bilmez, ýalan— diýip gygyrdy .

Şeýdibem ol adam ýeňiji boldy.

GÜÝELERI ALDAÝARYS

Hatyn müşderi dükanda ýorgançalary synlaýardy. Bir ýorgançaň ýanynda säginip satyja:

— Siz bu ýorgançalary ýüňden taýýarlanan diýýärsiňiz. Emma, üstünde "ýüz göterim pagta" diýip ýazylypdyr. Bu näme boldugy?

Satyjy birjigem säginmän:

— Hanym dogry aýdýarsyňyz. Güýeleri aldamak üçin şeý diýip ýazyp goýduk.

UZYN HAT

Bir adamy guduz it dişläpdir. Ol adamam juda ünssiz bolandygy üçin, bu gün sanjym alaryn, ertir alaryn diýip gezip ýören wagtam iş işden geçip gidipdir. Lukmana baryp özüniňem guduzlajakdygyny bilensoň derrew kagyz-galam sorap, alyp uzyndan uzyn hat ýazmaga başlapdyr. Lukman esli wagt garaşypdyr, ahyry sabyr-kanagaty tükenip:

—Wesýetnamaňyz şular ýaly uzynmy?— diýip sorapdyr.

— Lukman aga, wesýetnama ýazamok. Men dişlejek adamlarymyň sanawyny ýazýan.

DARLYK-GIŇLIK 

Dellal müşderiden soraýar: 

— Näçe otagly jaý gözleýärsiňiz? 

— Näçe otagly bolsa bolsun, emma otaglar heleýimiň öý işlerini arkaýyn edip bileri ýaly giň, gaýynenemiň bolsa biziň öýde ýaşap bilmezi ýaly dar bolsun! 

MUGALLYM WE OKUWÇY 

Mugallym okuwa giç gelen okuwça: 

— Sekiz nol-nolda okuwa gelmelidiň. 

— Wah, men ýok wagtym bolmasyz bir zat boldy gerek? 

HASSA 

Gaýynenesy hassalandy. Hatyny "lukman getir" diýip başynyň etini iýdi… Ahyry çydamady, lukmany alyp geldi. 

Lukman gaýynenesini barlagdan geçirip: 

— Hassaňyzyň ýagdaýy juda agyr — diýdi. 

— Saňa döneýin lukman aga, hiç çekinmän, hassany öz gaýyneneň hasap etde bejergi ediber!!!. 

UMYT 

Bir adam gaýynenesi bilen ýewropa syýahatyna gitmekçi bolýar. Dosty soraýar: 

— Sen mydama "gaýynenem erbet" diýip zeýrenip ýöreňokdiňmi? Indi bolsa ýewropa syýahatyna gidýärsiňiz? 

Dosty uludan dem alyp: 

— Wah, nädeýin dostum. Ol tiz-tizden "Ýewropany görkezmän Allah janymy almasyn" diýýär… Meňki ýönekeýje bir umytda… 

HOWPLY IŞ 

Bir adam gaýynenesini bäşinji gatdan aşak zyňandygy üçin sud edilýär. Sudiýa şaýatlary diňlänsoň, günäkärlenýäne: 

— Diýmek, gaýyneneňe juda gaharlananyň üçin tutaketdirin penjireden zyňdyň, şeýlemi? Emma, munyn nähili howply işdigini hiç oýlamadyňmy? Birden şol mahal köçeden biri geçip barýan bolsa näme bolardy? 

SYLAG 

Zoparkda iki ýolbars gürleşýär: 

— Şol adam nämüçin saňa her hepde et getirip berýär? 

— Unutduňmy? Geçen ýyl kapasdan gaçyp gaýynenesini iýipdim-ä… 

ŞIRIN SÖZ 

Hatyn ärine zeýrenýär: 

— Töräm, durmuş guranymyz bäri meň dogan-garyndaşlarym hakynda ýekejede şirin söz aýtmadyň. Diňe seňkiler gowy, meňkiler ýaman… 

— Öýkeleme guşjagazym. Çynyň bilen isleýän bolsaň aýdaýyn: Seň gaýyneneňi özümi söýüşim ýaly söýýän… A öz gaýynenemi bolsa dünýädäki iň erbet adam diýip hasaplaýan. Meň gaýynenem, seň gaýyneneň dyrnagyçada ýok. 

SÖZLÜK 

Bazardan gelen hatyn ärine: 

— Seret töräm, bu gün alan sözlügimde ýigirmi müň söz bar eken… 

Gaýynenesiniň dilinden ozalam ýanyp ýören adam: 

— Şuny kime görkezseňem, ejeňe bir görkezäýme, ýogsa bujagaz saçymdanam nam-nyşan galmaz. 

DERT 

Iki dostuň gürrüňi: 

— Gaýynenem bilen iki hepdeden bäri gürleşemok. 

— Hä, näme boldy, öýkeleşdiňizmi? 

— Ýok, ýöne oň gepini bölmek islämokda… 

HOWP 

Bir adam tejribeli, meşhur ýuristden soraýar: 

— Juda bilesim gelýär, adam iki aýally bolsa nähili howp bilen garşylaşar? 

— Iki gaýyneneli bolmak howpy bilen…

Degişmeler “1000 fikra” kitapdan alnyp terjime edildi.

Terjime eden: Saparmyrat GÜRGENÇLI 

83 |