Jurnalist
Gowylyklar nusgasy
1 minut alar
Ölüm – hak. Öňem biriniň aýdyşy ýaly, ölümi öldürmän ölümlilikden gutulyp bolanok. Käbir hakykatlara ylmy taýdan akyl ýetirip bolmaýandygyna düşünmek üçin, tehnologiýanyň ösmegine garaşyp ýörmeli däl. Ylmyň gutarýan nokadyndan aňyrda ýol ýokdur öýtmeklik, elbetde, düşünjeliligi, paýhaslylygy ündeýän ylmyň ýörelgesine-de tersdir. Bardy-geldi şondan aňyrda ýol bar bolup, biziň aňymyz ýetmeýän bolsa näme etmeli?! Mahlasy, iman bize ölümsiz diriligiň ýoklugyny aýdýar.
Ölümden aňyrda ýoluň barlygy ýa ýoklugy dogrusynda akyla däl-de, esasanam, wyždana sala salmaly. «Ölä aýan, dirä güman» diýilen hem bolsa, bu sözüň nä derejede dogrylygy jedelli. Sebäbi islendik bir pikiri, düşünjäni, onda-da ynsanyň ebedilik ýasawy bilen dahylly hakykatlary gümansyratmak, güman derejesinde saklamak şol düşünjä ynanylmaýandygyny, bar, ynanylýar diýäýenimizde-de ýalandan ynanylýandygyny görkezýär. Eger imanymyz «ölä-de aýan, dirä-de aýan» derejesinde bolanlygynda, häzirki wagtda günbataryň dünýewi jähetde bolşy ýaly halk, ýurt hökmünde tutuş Ýer şaryna nusga bolardyk. Erbetlikde-de, gowulykda-da nusga bolup bolýar. Erbetlikde nusga bolunýandygyny göre-göre gelýäris. Biz indi diňe gowulyk nusgalaryna mätäç!