Teswirler (0)

Ýüklenýär...
User Avatar

Görer gözüň gymmaty

5 minut alar

                                   “Görer gözüň gymmaty...”

Türkmen dilinde göz we görmek bilen bagly sözler tutuş bir ulgamy emele getiripdir. Göz adam synalarynyň içinde wajyplygy bilen tapawutlanyp, mifologik simwol derejesine çenli ösüş ýoluny geçipdir. Rowaýatlara görä, güýçli gahrymanlar özlerini görkezmän, ähli zady görmäge ukyply bolupdyrlar. Bu hili gahrymanlara hyýaly ertekilerde duş gelýärsiň. Göz taýdan tapawutlandyrylan personažlara halk döredijiliginiň epos žanrynda hem duşmak mümkin. “Gorkut ata” eposyndaky Depegöz birgözli mifologik jandar bolsa, grek – rim halk döredijiliginde duşýan Argosyň müň sany gözi bardyr. Halk döredijiligi eserlerindäki bu aýratynlyk janly zatlaryň ählisine, şol sanda haýwanlara-da mahsusdyr. Meselem, tawus guşuny köp gözli gahrymanlaryň obrazynda gözrkezýän folklor eserleri bardyr. Ähli ünsüň göze çekilmegi onuň ähmiýetini güýçlendirýär we göz taýdan tapawutlandyrylan gahrymanyň adaty gahryman dälliginden habar berýär. Göz – güýjüň, hökmürowanlygyň, akylyň, artykmaçlygyň çeşmesi hökmünde çykyş edýär. Göz diňe bir adam synasynyň manysynyny aňlatman, has köp manylarda ulanylyp başlapdyr. Manysynyň giňemegi bilen göz obraz derejesine, obrazyň has kämilleşmegi bilen bolsa mifologik simwol derejesine çenli ösüpdir. Şol sebäpli, göz we görmek bilen bagly tutuş bir edebiýat, dilimizde bolsa sözlük gory emele gelipdir. Dilimizde göz we görmek bilen bagly sözlere söz toparlarynyň ählisinde diýen ýaly duşmak bolýar. Olardan:

Atlarda: göz, nazar (gb.ýomut dial. dide, bäbenek)

Ýasama atlarda: bakyş, garaýyş;

Işliklerde: seretmek, görmek, äňetmek, esetmek, nazar aýlamak, gözüň düşmek, bakmak, esewan bolmak, isi – yssywat etmek, nazar kylmak we ş.m

Bu sanawy beýleki söz toparlary bilen hem artdyrmak mümkin. Diňe bir türkmen dilinde däl, beýleki halklaryň dilinde hem göz we görmek bilen bagly sözlük gorlary bardyr. Sözlük gorunyň baýlygy şol halkyň edebiýatynyň kämilligi bilen ölçenilýär. Munuň sebäbi görmek hadysasynyň hemme halklarda hem mukaddes hadysa hasaplanýanlygyndan gelip çykýar. Türkmen halkynda “Gözümiz gowyny görsün”, “Gözümiz ýagşa düşsün” ýaly arzuw – niýetleriň görmek hadysasynyň obrazlaşan manysy sebäpli dörändigini aýtmalydyrys. Türkmen edebiýatyna ser salyp görseň, göz we görmek bilen bagly ajaýyp söz düzümleri oýlanyp tapylypdyr. Bu söz düzümleriniň her birini stilistik taýdan derňew etmek ýazyjy – şahyrlarymyzyň döredijiligini özleşdirmäge uly ýardam berýär. Şol döwür barada we ýazyjy – şahyryň dünýägaraýşy barada kämil pikirleriň döremegine getirýär. Bu ýazyjy – şahyryň indiwidual stilistikasyny öwrenmekde örän wajypdyr.  Magtymgulynyň dilinde “Gözüm düşdi”, Mollanepesiň dilinde “Nazar kylsam” ýaly işlik söz düzümleri bilen aňladylýan  sözleriň stilistik aýratynlyklary görnükli söz ussatlarymyzyň döredijiligi hakyndaky örän köp maglumatlaryň çeşmesidir.

Türkmen halkynda görmek bilen bagly birnäçe nakyllar ýüze çykypdyr:

Gördüm diýme, bildim diý     

Görmän – görmän küti boldum, baryny görüp – ýiti (sah.133) Nakyllaryň mazmunyndan bildirişi ýaly, görmek hadysasy – daş – töwerekdäki zatlary görmek düşünjesiniň çygryndan çykyp, görmegiň göçme manysyny aňlatmaga hyzmat edýär. Türkmen halkynda görer gözi aýna deňemek däbi bar. Bu däp  hasam “aýna ýaly gözler”, “Çüýşe ýaly dury gözler” söz düzümlerinde, “Aýbymy enem aýtmasa-da, aýna aýdar” ýaly nakyllarda oňat duýulýar. Mälim bolşy ýaly, arap elipbiýindäki “aýn” harpy gözüň, görejiň şekilindedir. Gözüň göçme manysyny beýan edýän “aýna” sözi (kontekstlerde) hem şu harpdan gelip çykypdyr. Dünýä halklarynyň edebiýaty bilen tanyş bolanyňda, olaryň görmek işligininiň çygryny ýönekeý görmeklikden adaty bolmadyk görmeklige çenli uzaldandygyna şaýat bolýarsyň. Netijede, görmek işligi – aňlamak, bilmek, düşünmek ýaly psihiki işlikleri, adamyň akyl  ýetiriş işi bilen bagly ýagdaýlary aňlatmaga geçipdir. Sözümiziň subutnamasy hökmünde ýokardaky mysal getirilen nakyllary ýatladyp bileris. Görmek işligi “bilmek” işligi bilen ugurdaşlykda ulanylýar. Bular bir hadysanyň iki tarapydyr. Rus halkynda “ведать” işliginiň gelip çykyş köküni (manysy – bilmek) “видеть” (manysy – görmek) diýen işlikden hasap edýärler. Hatda, rus halkynyň jadygöý zenanlaryň umumy adyny “wedma” diýip atlandyrmagynyň sebäbini hem şu işlik bilen baglanyşdyrýarlar. [1] Diýmek, bir kökden gelip çykan bu iki söz şo bir hadysanyň iki tarapyny aňladýan bolmaly. Ýöne biz bu ýerde bilmekligiň hem birnäçe etaplarynyň bardygyny ýatlatmak isleýäris, ýagny ähli bilýän zatlaryň entek özleşdirilen, aňlanylan, göz ýetirilen proses (hadysa) däldir. Görmeklik – bu nämedir bir zady bilmeklige bolan başlangyçdyr. Bilmeklik bolsa, nämedir bir zada düşünmeklige bolan başlangyçdyr. Şeýlelikde, göz we görmek bilen bagly sözleri göni we göçme manydaky sözlere bölmek mümkin. 2016-njy ýylda Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen çap edilen “Türkmen diliniň düşündirişli sözlüginde” gabat gelýän “Göýülmek -[görülmök ] işl.

1.    Seredilmek, äňedilmek

2.    Bilinmek, aňylmak... (sah.465) ýaly sözüň manysynda gelipdir. “Görmek” işliginiň göçme manysy söz düzümlerinde has ýiti duýulýar.

Gördüm – bildim ýok

Gözi açylmak - ...Öň düşünmeýän zadyňa göz ýetirmek, düşünmek, sowatly bolmak, düşünjesi artmak (sah.471)

Göz ýetirmek

Hak gözünden eşitmek, bir habary hakyky bilýänden, ynamdar adamdan, gözi bilen görenden eşidip bilmek (sah.473)

Görüp otursam(sah.464)

Mysallardan görnüşi ýaly, göz we görmek bilen bagly söz düzümleriniň manysy “bilmek, aňmak, düşünmek” ýaly işlikleriň manysynda gelýär. Elbetde, sözleriň ruhy ahwallary beýan etmegi uzak taryhy döwri öz içine alýar. Gözüň keramatly syna hasaplanmagy onuň dildäki ruhy ösüşini üpjün edipdir. Magtymguly Pyragy “Hak nazar aýlasa”, “Eýäň gözlese” ýaly söz düzümlerini köp şygyrlarynda ulanypdyr. Munuň özi gözüň keramatly güýje eýediginden habar berýär. Şol sebäpden, ynsan gözüne uly ähmiýet berlip, “Göz degmekden” goranar ýaly “Göz degäýmesin” diýen aýtgylar döredilipdir. Göz degmegi halanmandyr we ol şowsuzlygyň, erbetligiň başlangyjy hökmünde kabul edilipdir. Türkmen halkynda göz degmekden goranar ýaly, gözüň ak hem-de gara taraplaryny alamatlandyrýan alajalar örülipdir. Şeýle hem görmek diriligi, janlylygy alamatlandyrýar, sebäbi görmek – diri adamlaryň başarnygydyr. Görmegi bes eden güni adam ýaşamagy hem bes edýär. Şol sebäpden, diri adamlar ýogalan adamlary, ýogalan adamlar  bolsa dirileri görüp bilenokmyş. Dessanlarda, eposlarda, ertekilerde gözüň kör edilmegi ýa-da ogurlanmagy gowulyga ýorulmaýar. Gadymy müsür mifologiýasynda gözüň özi aýratyn personaž hökmünde çykyş edýär. Gadymy müsürlileriň  esasy hudaýy bolan Ranyň gözüniň aýratyn personaž hökmünde çykyş etmegi göze bolan gatnaşygy düýpgöter üýtgedipdir. Netijede, göze tagzym etmek, ideg etmek ,bezemek ýaly giden bir medeniýet ulgamy kemala gelipdir. Göz  we görmek bilen bagly çeper ritorik meňzetmeler, sinekdohalar, metaforalar ýüze çykyp, dilimiziň has hem baýlaşmagyna ýardam beripdir.

 

Bägül ATAÝEWA


 


 [1] Мифы народов мира. – Москва.: «Советская энциклопедия», 1987.стр 226

 

20 |
|