Teswirler (1)

Ýüklenýär...
User Avatar

sci-fi writer, geographer

Google (fantastik powest)

26 minut alar

GOOGLE

(Fantastik powest)

1-nji bölüm.

Jahangir ýesir düşüpdi, oň ýesir düşenine-de 40 gün bolupdy. Duşman barada köp erbet zatlar aýdýardylar, ýöne näme diýselerem duşman rehimdar bolup çykdy, özem öz rehimdarlygy bilen Jahangiri örän geň galdyrypdy. Jahangiri 40 günläp diňe bakdylar, oňa hiç kim azar bermedi. Her hepdäň aýagyna bolsa, Jahangiriň ýatýan jaýyna owadan gyzy salýardylar, gyzlar her gezek başgady. Jahangir öz ýurdynda, azatlykda ýaşap ýören wagty, beýle hezilligi görmändi. Beýle sylag hormat üçin, Jahangir öz watanyny satmaga-da kaýyldy. Ýöne oň bilýän zady ýokdy. Duşmanyň gulagyna hoş ýakaýjak hiç bir habar Jahangira aýan däldi. Bilen bolsa ol pikirlenmän aýtjakdy. Ol duşmanyň tarapynada geçmäge taýyndy. Sebäbi eliňe ýarag alyp gan dökmekçi bolsaň, sen kimiň ganyny dökeňde näme? Sen barybir adam ganyny dökýäňä. Onsoňam duşmanyň esgerleri seň ýaranlaryňdan nämesi kemmişin? Belki olar has gowydyr? Duşman iň bolmanda näme üçin söweşýänini bilýär. Olar ýer ýüzünde täze din ýaýratjak bolýarlar, a sen Jahangir näme üçin söweşýäň? Bir topar gurrumsakdan bolan haramhor begler, ýurdy entegem iýer ýaly söweşýäňmi? Bu urşda seň näme işiň bar diýsene? Ýöne bolsada Jahangiriň "Hudaý" diýen ýeri bar eken. (Ol Hudaýa ynanmasada). Ol duşmanyň eline ýesir düşdi. Duşman bolsa diýseň rehimdar bolup çykdy. Dogrysy beýle rehimdarlygyň soňynda hökman bir zat bolaýmalydy, ýöne Jahangir beýle hezzet hormatdan soň, bar zada kaýyldy. Jahangir ýerden çykan ýetimdi. Oň ne aýaly bardy, ne-de çagalary. Jahangiriň ejesi bilen kakasy ol entek ýaş wagty aradan çykypdy. Has takyk aýdaňda Jahangir kakasyny hiç wagt görmändi. Ýöne ejesini 15 ýaşyna çenli görüpdi. Soň eje açlykdan ýogalypdy. Şol döwürler uly urşyň öň-ýanydy we ýer ýüzüni ýowuz bir bela eýeläpdi. Bir ýerlerden täze din döräpdi, ýa-da dörejek bolupdy. Geň ýeri şol diniň Hudaýy diridi we öz adamlarynyň arasynda gezip ýördi. Ol Hudaý barada her tüýsli gep gürrüňler gidýärdi. Fronty Jahangiriň goraýan tarapynda ol Hudaýa ýalançy, kezzap diýýärdiler, we başga-da her tüýsli elhenç gepleri ýaýradýardylar. Mysal üçin ol gepleriň iň sypaýyragy şeýledi: Hamala duşmanyň Hudaý diýip atlandyrýan adamy diňe bir ýaşamadyk çagalaryň etini iýýän eken. Emma Jahangir ol gepleriň hiç birinede ynananokdy. Sebäbi Jahangir köp okaýardy, ol duşman barada her tüýsli gepleriň mydama ýaýradylýanyny bilýärdi. Şeýle gepler 1-nji jahan urşunda-da ýaýrapdy, 2-nji jahan urşunda-da ýaýrapdy we nesip edeninden 3-nji jahan urşunda-da giňden ýaýradylýardy. Adamzat 3-nji jahan urşyny din üstinde otlady. Horasandan bir ýerlerden bir bela döredi we Ýerşalaýmyň derwezelerinden girdi. Şondan bärem hiç kime dinç ýokdy. Ýer ýüzi täsin bir urşa gaplandy. Zemin des deň ikä bölündi. Duşman kim bolsada ol şu wagt diňe ýeňiş üstine ýeňiş gazanýardy. Eýýäm Ruslaryň deň ýary duşmanyň gol astyan düşüpdi. Jahangir hem şol ýerde ýesirlikdedi. Ol ruslaryň topragynda söweşip ýördi. Aýagyň aşagynda edil gijäniň tümi ýaly gara ýer we edil gün ýaly sary saçly peri gyzlar. Ine ol urş tamam bolanyndan soň näme gürrüň berer. Eger bu ýesirlikden aman sag sypyp bolsa diýsene?

Ýesirlik tamamlanan bolmaly, sebäbi Jahangiriň otyran otagynyň gapysy açyldy we ol ýerden entek Jahangira öň görünmedik oglan göründi.

—Jahangir wagt geldi, meň öňüme düş, —oglan şeýle diýdi. —Seni biziň Halasgärimiz" göresi gelýär.

Halasgär sözünde oglanyň gözleri ýaşaryp gitdi. Halasgär diýip duşman öz Hudaýyna ýüzlenýärdi. Jahangir atylyp ýerinden turdy. Ol beýle öwrüme garaşmandy. Halasgär ony göresi gelýär? Ýöne näme üçin? Elbetde Halasgär diýilýän hiç hili hudaý dälde, diňe bir psihologiýa ylmyndan gowja başy çykýan adam bolmalydy? Hudaý ýerde däl, ol aryşda. Jahangir ateist bolsada şol zatlara akly çatýardy. Hiç hili hudaý ýok, eger ol birden bar bolaýanda-da ol aryşda bir ýerlerde bolmaly. Geçmişde ýaşan Pygamberleriň barsy hem ökde psiholoklar we göz-bagçylar. Dini ynançlary öz bähbitleri üçin peýdalanan adamlar. Hudaý bar diýip gygyryp, ýöne hiç bir subutnama görkezmän. Öz gudratlary barada her tüýsli gep gybatlary ýaýradan adamlar. Indem bolsa Jahangiri diri hudaýyň özi göresi gelýär. Ol Hudaý näme diýse-de oň bilen hökman ylalaşmaly, 40 gün hezzet hormaty bir zat edip gaýtarmala, —Jahangir pikir etdi. Ol adam diýseň amaly adamdy. Urş diýeniň 5-10 ýyllyk iş, 5-10 ýyl eýläk beýläk ylgarlar, atyşarlar we iň soňynda hiç zat bolmadyk ýaly ýene köşeşerler. Şonyň üçin watan-satan diýip kelläňi oda sokanyň peýdasy ýok. Özüňden güýçli näme diýse şonyň bilen bolubermeli, —Jahangiriň dünýägaraýşy şeýledi.

Jahangir öz otagyndan çykdy we ýaňky oglan bilen ýola düşdi. Ol oglanyň ady Oguz bolup çykdy.

—Biz Stambula uçýas, —Oguz diýdi. —Biziň Halasgärimiz wagytlaýynça şol ýerde ýerleşdi.

Oglanyň özi hem Stambully türk oglany bolmaly? —Jahangir çaklady. Oň çaklamasy dogrydy.

Jahangiri saklanýan otagyndan daşyna çykaryp gowja suwa düşündirdiler. Soň näsaglara berilýän egin eşige meňzeş eşik geýindirip başga bir otaga alyp gitdiler. Ol ýerde welin iki sany aýal lukmanlar bardylar. Olar Jahangiri ýalaňaçlap oň ennamjanyna seretdiler. Soň bolsa oňa yzly yzyna 33 sany sanjym etdiler. Jahangir bolýan zatlaryň hiç birine geň galmady we ýekejede sorag bermedi. Ol nämäň bolýanyny hiç kim düşündirmesede gowy bilýärdi. Ony Hudaýyň ýanyna alyp barýardylar. Onsoň Hudaýa bir kesel ýokuşdyrsaň bir tüýsli gelşiksiz boljakdy. Oňa edilýan sanjymlaryň bary dürli kesellere garşy sanjymlardy. Jahangir üçin ol adaty köp bilmiş adam, ýöne daş töwerekdäkiler üçin ol Hudaý ahyryn. 33 sanjymdan soň Jahangir özini erbet duýup başlady, oň ennamjany gijeýärdi, ýüregi bulanýardy. Soň Jahangiri başga bir lukmanyň ýanyna alyp gitdiler, bu gezekgi lukman diş lukmany bolup çykdy. Jahangiriň dişleri bolsa gowy däldi. Açlyk bilen urş ýyllary Jahangiriň dişlerini gowja zaýalapdy, has dogrysy Jahangiriň özi şeýle pikir edýärdi. Hakykatda bolsa oň dişeleriniň nämeden zaýalanany hiç kime aýan däldi. Diş lukmanyň otagynda 2-3 sagat eglenip Jahangir iň soňunda daşyna çykdy. Indi oň dişleri abatdy. Jahangir nirä gitse oň ýany bilen Oguz aýlanyp ýördi. Jahangir özini ýesir hökmünde duýanokdy. Şeýdip bu güniň hem barsy diýen ýaly geçip gitdi. Giçlik bolsa Jahangir bilen Oguz harby uçara münip Stambula tarap ýola düşdüler, has dogrysy Oguz Stambula uçýas diýipdi. Ýöne Jahangir Stambuly hiç haçan görmändi, şol sebäpden islendik metjitli şäheri görse, Stambul diýip kabul etmäge taýyndy. 3-4 sagatdan uçar aşaklady. Olar dogrudanam bir şäherde gondylar. Şäher gijelerne tümdi, hiç ýerde yşyklar ýananokdy. Diňe aý aýdyň bolansoň aşakda şäheriň bardygy azajyk saýgarylýardy. Yşyklaryň ýakylmaýanynyň hem öz boluşly sebäbi bardy. 3-nji jahan urşy gidip ýatyrdy. Gijelerne taraplar birek biregi bombalaýarylar. Gijelerne yşyklary ýakylgy şäher bolsa, aňsatjak nyşandy. Urş başlany bäri Jahangiriň ýaşan şäheri hem gijelerine yşyk ýakanokdy. Tutuş ýer şary yşyklaryny söndüripdi.

Samalýotdan düşüp Oguz bilen Jahangir haýsam bolsa bir ýerlerik ugradylar. Maşyny dolandyrýan murtlak daýaw türk esgridi. Indi Jahangir çyndanam Stambuldadygyna ynanmaga taýyndy. Ýöne urş wagtlary ýer ýüzüniň şäherleriniň bary deňdi. Hiç birini aýlanyp göresiň gelenokdy. Harby ýagdaýa geçirilen şäher. Erkekleriň bary urşda, köçelerde bolsa diňe harby geýimli adamlar. Aýallaryň ýüzleri salyk. Çagalar gedaýçylyk edip ýör. Stambuly ruslar ýeňiläýmäkäler gowja edip bombaladylar. Jaýlaryň deň ýary ýumurlan. Şäher harabaçylygy ýatladýar. Şeýle harabaçylygyň arasyndan Jahangiri harby maşynda bir ýerlerik alyp barýarlar.

Iň soňunda harby maşyn öz ýetmeli ýerine ýetdi. Olar uly bir jaýyň öňünde saklandylar. Jaýy esgerler gorap saklaýardylar. Jaý bir tutjar baýyň mülkini ýatladýardy. Hakykatda şeýle bolmagy hem ähtimaldy. Oguz bilen Jahangir maşyndan düşdiler we jaýa tarap ýörediler. Olaryň öňünden iki sany ýaragly esger çykdy. Oguz ol esgerlere bir şadatnama görkezdi. Esgerler şadatnamany üns bilen synladylar we bir sözi belent ses bilen diýip, sag ellerini göterdiler. El entek ýetmeli ýerine ýetmäkä Jahangir ol hereketlere ýöne bir harby salamydyr öýdüp ýetişdi. Ýöne bu hereker harby salamy bolup çylmady. Esgerler sag gözlerini sag elleri bilen ýarym sekunt ýaly ýapdylar we Ýewreýleň dilinde bir zatlar diýdiler. Oguz hem jogap edip şol hereketi gaýtalady. Duşman bilen näçe söweşsede Jagangir beýle harby salamy entek görmändi. Anyklaýyş işleri tamamlananydan soň Jahangir we Oguz, binaň içine ýörediler we uly gapydan girdiler. Gapyň aňarsynda uly bir bag-bakja bardy. Ol ýeri hem esgerler bilen doldurlandy. Olar haýsy esgeriň deňinden geçseler, şol esger sag gözini ýapyp harby salamy berýärdi. Bolýan zatlara diňe Jahangir geň galýardy, Oguza bu zatlar geň bolup görnenokdy. Jahangir bu harby salamyň näme aňladýanyny Oguzdan sorasy geldi. Ýöne Oguz uçardan düşileni bäri birjede ýylgyrmandy. Ol iň bärkisi Jahangiriň ýüzünede seretmändi. Şol sebäpden Jahangir Oguza sorag bermeli däl diýen karara geldi. Bagdan soň ýene bir uly gapy peýda boldy. Bu gapy uly bir jaýa girilýän gapydy. Şol gapyň agzynda duran iki sany esger Oguz bilen Jahangiriň ýetip barýanyny görüp ýeňselerinde duran gapyny açdylar. Gapy uly agyr gulp bilen gulplanýardy. —Bularyň Hudaýlary şu ýerdemikä? —Jahangir oýlandy. Ýöne Hudaý ol ýerde däl bolup çykdy. Gapyň yzynda açylan uly otaga Jahangiriň ýeke özini saldylar we oň ýeňsesinde gapyny ýapdylar.

Jahangiriň öňünde uly myhmanjaý ýazyldy. Ol ýerde näme diýseň bardy. Myhmanjaýyň bir tarapy uly aşhana direýärdi. Hemme ýerde ýumşak oturguçlar bilen stollar bardy. Bu ýer kaşaň myhmanhanaň daşgy jaýy ýaly ýerdi. Aňarda bir ýerde ýumşak oturguçlarda 4 sany adam bir zatlar içip otyrdylar. Olar arak içýärdiler, —Jahangir çaklady. Sebäbi olar örän şadyýandylar. Olar Jahangira düşnüksiz bir dilde öz ara gürleşýärdiler. Az salym oýlanyp Jahangir kararar geldi: Bu 4 sany adam howuply däl. Olardan biri Jahangira ýüzlenip aşhana tarap elini uzadyp bir zatlar diýdi. Jahangir bu yşaraty bir zatlar iýip içjek bolsaň aşhanada bardyr diýip düşündi. Jahangir aýdylany etdi. Ol aşhana baryp sowadyjylary ýekeme ýeke açyp gördi. Öz iýesi gelýän zatlardan az azdan alyşdyrdy. Soň oturguçlaryň birine geçip bir zatlar iýdi. Uçup geçilen ýol Jahangiri ýadadypdy, şol sebäpden ol giňiräk diwanlaryň birini saýlap, uka gidipdi. Ol hiç zatdan gorkanokdy, ol daş töwereginden arkaýyndy. Oňa ýamanlyk etjek bolsalar Stambula alyp gaýtmazdylar. Ol näme üçindir kimdir birine gerekdi.

Ertesi irden Jahangiri owadan bir gyz oýarypdy. Ol gyz Jahangira emaý bilen elini degiripdi, ýa-da Jahangiriň ýüzündäki ýaralaryň yzlarynyň birini sypalapdy? Hawa, Jahangiriň ýüzünde ýaraň yzlary bardy. Oň ýüzüne partlaýan bir zadyň gytaklary syçrapdy. Jahangir hamala üstine suw guýylan ýaly ýerinden atylyp turdy we gyzyň elinden ýapyşdy. Gyz duýdansyzlykdan ýaňa gygyrdy. Gapdalda bir ýerde başga bir adam elinden padnosmy başga bir zady gaçyrdy. Jahangira tarap bir iki sany aýak ses eşdildi. Jahangir gyzy göýberip aýak üstine galdy we howlukmaç gözler bilen daş töweregi synlamaga başlady. Daş töwerekde bolsa adam kändi. Agşamky boş diwanlaryň we oturguçlaryň bary diýen ýaly eýelidi. Düýnki 4 sany oglanlar lül bolup düýnki oturan ýerlerinde uklap ýatyrdylar. Elleri her tüýsli nygmatly gyzlar oturan adamlara hyzmat edip ýördüler, ol gyzlaryň barynyň geýimleri bir meňzeşdi. Bu ýer näme diýseňem myhmanhanany ýatladýardy, gyzlar bolsa şol myhmanhanaň hyzmatkärleridi. Ýöne Jahangir ömrüne myhmanhanada bolup görmändi. Bir ýerlerden çalt çalt ýöräp wajyp ýüzli bir gyz Jahangiriň ýanyna geldi we iňlis dilinde bir zatlar diýdi. Ol gyz bu gyzlaryň baş tutanyna meňzeýärdi. Jahangir hiç zada düşünmeýänine yşarat etdi. Soň gyz türk diline geçdi, Jahangir azda kände bir zatlar düşünip başlady. Gyz siz täze geldiňizmi diýip soraýardy. Ýa-da şoňa meňzeş başga bir sorag? Soň ol gyz Jahangiri ýerinden turuzyp yzyna düşürip bir ýerlerik alyp gitdi. Jahangir gyzyň yzyna düşip ýokarky gatlara galdy. Ol ýerde ýatylýan otaglar bardy. Her bir otagda 3-4 sany ýatylýan krowat. Soň Jahangira hajathanalary we hammamlary görkezdiler. Soň uly bir jaýy görkezdiler, ol ýerde her tüýsli geýimler bardy, geýimleriň barsy diýen ýaly bir meňzeşdi. Keselhanalarda geýilýän geými ýadyňa salýardy. Iň soňynda Jahangiri aýlap aýlap ýene öňki ýere getirdiler, ol ýerde bolsa hemme kişi ertirlik naharyny edinýärdi.

—Bu oturan oglanlaryň barsy siz ýaly harby ýesirler, —gyz türkçe düşündirjek boldy. Harby ýesir sözi Jahangira ýaramady. —Hyzmat edýän gyzlara el degirmek bolmaýar. El degirilýän gyzlary hepdäň ahyrynda göýbererler. Indi bolsa arkaýyn ýerleşiberiň.

Şeýle sözler bilen gyz Jahangiri taşlap gitdi. Etjek alajyň ýok, bu ýer näme diýseňem frontdan gowydy. Dogrysy bu ýer Jahangiriň soňky 40 gün bakyda duran ýerindenem gowydy. Bu ýerde başga adamlar bardy. Arak içseň bolýardy, hä diýmän bir iki sany dost tapyljakdy, elbetde bularyň diline düşünip bolsa diýsene? Bu ýerdäki adamlar ýer ýüzüniň dürli künjeginden gelen bolmaly, sebäbi her birniň sypaty başgady. Tutuş ýer ýüzünde urş gidýärdi, öňkiler ýaly urşdan aman sypan bitarap ýurt galmandy. Her bir öýüň gapysyny urş kakypdy. Jahangir alysda otyran şar gara oglany synlady, ol entek Negyrlary görmändi. Hyzmatkär gyzlaryň biri gelip Jahangiriň öňündäki pessejik stolda iýmäge bir zatlar goýup gitdi. Ol gyz diýseň owadandy, Jahangiriň watanyndaky gyzlary ýatladýardy. Türk gyzy bolmaly, Jahangir çaklady. Ertirlik naharyndan soň adamlar 2-3 adamlyk toparlara bölündiler, her bir topar bir zat bilen gümrady. Kimler kart oýnaýardylar, kimler ýene bir zat, bir ýerlerde eýýäm arak içilýärdi. Gapdalda bir ýerde şeşepeşiň sesi gelýärdi. Bu ýerde wagt öldürmek hiç hili mesele däldi. Hyzmatkär gyzlar bolsa ýekeme ýeke uly gapydan daşyna çykyp gitdiler, olary edil jüýje sanan ýaly edip, baştutany sanaýardy. Iň soňynda baştutan gyz hem uly gapydan çykyp gitdi. Uly gapy ýapylaýmaka ol ýerden daýwa bir türk esgeri kellesini uzatdy we ýylgyrdy. Içip oturan 4 sany pyýada ol esgeri ýanlaryna çagyrdylar, ýöne esger hiç zat diýmän ýene gapyny ýapdy. Şeýdip günler geçdi, bu ýerde 40-50 sany adam bardy. Ýöne Jahangir olaryň hiç biri bilen doslaşyp bilmedi. Sebäbi oň dilinde gürleýän adam ýokdy, ýa-da Jahangiriň ýüzündäki çapyk-çupyklardan gorkýardylar? Hyzmatkär gyzlar günde 3 gezek bu ýerik girýärdiler we adamlary naharlap çykyp gidýärdiler. Ýaramaz ýeri olara el degirmek bolmaýardy. El degirip bolýan gyzlar hepdäň aýagynda peýda boldylar. Olary Anna güni giçlik bu ýerik edil goýun süren ýaly sürdiler we diňe Duşenbe güni ir bilen ýekeme ýeke turuzyp alyp gitdiler. 2 günläp bu ýerde bolan zatlary Jahangir örän geň galyp synlady. Ol entek beýle azgynçylygyň şaýady bolmandy. Myhman otagda zyna edilmeýän boş burç galmandy. Gelen gyzlaryň sany laýyk her adama bir gyzdan ýeter ýalydy. Ýöne şondada adamlar bar zady bolaşdyrmagy başarýardylar. Kimdir biri iki gyz bilen ýatyrdy, başga ýerde iki bolup bir gyz bilen. Bir iki sany gyz bolsa nirä goşuljagyny bilmän diwanlaryň arasynda boş aýlanyp ýördüler. Şol boş gyzlaryň biriniň gözüne Jahangir düşdi. Ol gyz çalaja ýylgyryp Jahangiriň ýanyna geldi. Ol gyz Fransuz dilinde bir zatlar diýdi, ýöne Jahangir hiç zada düşünmedi. Gyz diýseň owadandy, jelepligine garamazdan. Ýöne olara jelep diýer ýaly hem däldi, sebäbi daşarda eýýäm 5 ýyla çeken urş gidip durdy. Belki bu gyzlaryň edýän işi watanyň öňündäki borjydyr? Jahangir diwanda arkasyna ýaplanyp otyrdy, ol daş töwerekdäki azgynçylygy howlukman synlaýardy. Oň ýanyna gelen gyz dyzyna çöküp Jahangiriň jalbaryny çykarjak boldy, Jahangir bir bada garşylyk görkezjek boldy. Soň gyz öz dilinde bir zatlar diýdi we owadan ýylgyrdy. Jahangir hiç zada düşünmesede bar zada düşünen ýaly boldy. Gyz watanyň öňündäki borjyny berjek bolýar, oňa päsgel bermek bolsa külli günä.

Jahangirden soň bu ýerik hiç hili täze adam gelmedi. Jahangir bu ýerde azyndan 2 hepde boldy, ol aý güni hiç haçan bellänokdy. Onda hiç wagt sagadam bolmandy. Diňe hepdäň aýagyna bu ýerik göýberilýän gyzlar, näçe wagtyň geçenini çaklamaga mümkinçilik berýärdi. Gyzlary welin bu ýerik Jahangir geleni bäri iki gezek göýberipdiler. Ikinji gezek hem Jahangir hiç zada goşulyp bilmän gapdalda otyrdy. Bu gezek hem oň ýanyna ýene şol Fransuz gyzy geldi we Jahangiri dodagyndan öpdi. Jahangir hiç zat etmedi, ol diňe jansyz gurjak ýaly bolup ýatdy. Bar zady gyzyň özi etdi. Jahangiriň bu gyzy ömründe iň soňky gezek görşi boldy. Soň olar bu dünýede duşuşmadylar.

Hepdäň başyndan bu ýerdäki adamlary ýekeme ýeke alyp gidip başladylar. Birinji gün 4 oglan yzly yzyna ýitrim boldy. Olaryň nirä gidýäni hiç kime aýan däldi. Ikilenji gün ýene 4-5 sany oglan bir ýerik ýitrim boldy. Olaryň baryny uly gapydan çykarýardylar. Bir giden yzyna gaýdyp gelenokdy. Adamlaryň azalýanyny görüp, Jahangir bir bada alňysady. Sebäbi olaryň nirä ýitrim bolýany belli däldi. Çarşenbe güni irden Jahangiriň hem yzyndan geldiler. Belki ol gün Penşenbe günidir, hiç kimiň anyk ýadynda ýok. Jahangiri ol jaýdan çykaryp şol bada oň gözlerini daňdylar. Has dorsysy oň kellesine ýagtylyk geçirmeýän bir zat geýdirdiler. Ýöne şeýle etselerem Jahangir bilen gödek çemmeleşmediler. Ony emaý bilen alyp barýardylar. Ony ulaga mündürdiler, soň köp wagtlap bir ýerlere alyp gitdiler. Soň ulagdan düşürip salkyn bir ýerik saldylar. Soň liftdamy bir zatda Jahangir epesli wagtlap ýeriň aşagyna bir ýerik düşdi. Ýa-da ýokaryk galdy? Ýok, ol ýokaryk galmadyk bolmaly, eger ol ýokaryk galan bolsa, hökman daş töwerekde howaň üýtgeýänini bilerdi. Howa bolsa agralýardy, eger Janagir ýokaryk göterilýän bolsa howa ýeňlemelidi.

Iň soňynda Jahangiri liftdan düşürdiler we ýene alyp gitdiler. Ony goýnyň içegeleri ýaly egrem bugram karidorlardan alyp barýardylar. Alyp barýanlaryň näçe adamdygy Jahangira aýan däldi. Ol diňe ýeňsede eşdilýän aýak seslerden 4-5 adam sanamagy başardy. Iň soňynda Jahangiri bir otaga getirip dykdylar, ol otag lukmanlaryň otagydy. Daş töwerekden gelýän ys oňa şaýatdy. Jahangiriň gözlerini açdylar, ol daş töweregindäki adamlary görüp bir bada gorkdy, sebäbi ol adamlaryň milleti belli däldi, olar türklere meňzänokdylar. Janangiriň garşysynda peýda bolan lukman öz dilinde bir zatlar diýdi, Jahangir düşünmedi. Soň lukman eline sanjym alyp Jahangiriň eline sanjym etdi. Şondan soň welin bar zat garaňkylady. Jahangir ýere ýykyljak boldy, ony emaý bilen tutup bir ýerik ýatyrdylar.

2-nji bölüm

Jahangir alagaraňky bir ýerde gözlerini açdy. Daş töwerekden ýakymly bir zadyň ysy gelýärdi. Ol giň bir otagda-dy, ol otagyň diwarlary görnenokdy, diwarlar tümlikde bir ýerde gizlenipdi. Jahangiriň gulagyna skripkaň owazy eşdildi. Kimdir biri howlukman skripka çalýardy. Ses öňden bir ýerden gelýärdi. Öňde bir ýerde dogrydanam kimdir biri bardy. Eger Jahangiriň göwnüne bolmasa, erkek sesli biri pessaý ses bilen ony çagyrýardy. Jahangir howlukman öňe ýöredi, oň gözleri entek alagaraňka öwrenşmändi. Skripaň sesi Jahangira ýol görkezji boldy, şol sese tarap ol howlukman ýöredi. Birden Jahangir saklandy, sebäbi skripkaň sesi kesildi, bolmasa Jahangir eýýäm golaý gelipdi. Skripka çalýan adam eline bir bölek ot alyp daş töwerekde şemleri ýakyp başlady. Ol adam ýaşajyk we owadan gyz bolup çykdy, diňe daş töwerek azda kände ýagtylansoň, Jahangir oňa göz ýetirdi. Ol gyz jemi 6 sany uly şem ýakdy. Ol şemler bu uly otagyň, diňe azajyk bölegini yşyklandyrmaga ýetýärdi. Ýöne şol bölek hem ýeterlik boldy. Jahangir gözlerine ynanman doňňara daşa öwrüldi. Şemleri ýakan gyzda hiç hili geýim ýokdy, ol gyz ýalaňaçdy. Gyzyň gapdalynda iki sany uly pişik bardy. Ol pişikleriň biri barsdy, ikinji bolsa geçigaplaňdy. Jahangir anyklap bilmedi, ol diňe çaklady. Şemleri ýakyp bolup gyz ýene skripkany eline aldy we haýaljak bir saz çalyp başlady. Gyzyň hereketleri bir tüýsli geňdi, hamala ol gyz tümiň içinde doly görmeýän ýalydy, ol gyz skripkaň duran stolyny elli bilen gözläp tapdy. Gyzdan başga bu ýagtylygyň bölejiginde ýene bir bardy, şol hem Jahangiri diýseň geň galdyrdy. Uly kresloda äpet bir adam otyrdy, ol adamyň bilinden ýokarsy ýalaňaçdy. Ol adam alagaraňkyda örän owadan bolup görünýärdi. Ol adamyň gara buýur buýur saçlary bardy. Ol adamyň gözleri garaňkyda doly görünmesede Jahangir bilýärdi, ol adam şu wagt oň özine seredip durdy.

—Dyza çök, —ol adam buýruk berdi

Jahangir hiç hili oýlanşyksyz dyzä çökdi. Ol adam kim bolsada Jahangiriň gürleýän dilinde gürleýärdi, özem şeýle arrasa gürleýärdi. Hamala dogulyp şo dilde gürläp ýören ýalydy. Jahangir dyza çökeninden soň skripkaň sazy hem üýtgedi. Gyz eýýäm başga bir saz çalýardy. Iki sany uly pişik bolsa Jahangiriň ýanyna golaýlap ony ysgap başladylar. Jahangiriň göwnüne bu iki pişik häzir oňa topulaýjak ýalydy. Emma beýle bolmady, bi iki pişik az salym pyrlanyp, Jahangirdan daşlaşdylar we skripka çalyp duran gyzyň ýanyna bardylar. Bu iki sany pişikden üýtgeşik bir ýabany ys gelýärdi.

—Seň adyň näme, sen kimleriň maşgalasynda bolarsyň? —Äpet adam sorag berdi.

—Adym Jahangir, —Jahangir sandyraýan ses bilen jogap ýerdi. —Kakamyň ady Ysmaýyl, ejemiň ady Merýem. —Jahangir göziniň gyýtagy bilen äpet adama we soňundan iki sany pişige seretdi.

—Jahangir diýsene? Sen öz adyň näme aňladýanyny bilýäňmi? —Äpet dowam etdi.

Jahangir hiç zat jogap bermedi, ol özini oňaýsyz duýýardy, ol entek beýle ýagdaýa hiç wagt düşüp görmändi. Ol bar zatdan gorkýärdy. Daş töwerekdäki iki sany uly pişikden, bu äpet adamdan we skripkaçy ýalaňaç gyzdan. Hemme zatdan beter ony skripkaçy gyz gorkyzýardy, sebäbi ala garaňkyda çala görünsede, bu gyzyň gözleriniň garasy ýokdy. Bu gyzyň gözleri tutuşlygyna akdy. Bu gyz dogabitdi kör bolmagy ähtimaldy?

—Jahan diýmek dowzagy aňladýar, gir diýmegem seň öziň gowy bilýäň, —äpet adam ýylgyryp dowam etdi. —"Dowzaga gir" seň çyn adyň, elbetde sen dawwa edip bilersiň, Jahan sözi älemjahany aňladýar diýip, ýöne oňa garşy hem sözler bar. Mysal üçin dowzahyň başgaça ady Jähennem. Jahan bilen Jähennem ýöne ýere meňzeş sözler däl. Meňzeş eşdilýän sözleriň manysy hem meňzeş bolýar.

Bu sözleriň bary skripkaň sazy bilen bilelikde owadan aýdym ýaly bolup eşdildi. Jahangir öz gulaklaryna ynanmady. Hamala bu ägirt bilen bu kör gyz, bar zady öňünden öwrenip goýan ýaly?

—Sen näme üçin meň adymy soraňok? –Äpet adam Jahangira ýüzlendi. —Seň gaşyňda kimiň duranyny bilesiň gelenokmy?

Şeýle sözler bilen äpet adam ýerinden dikeldi. Ol adamyň boýy 3 metra golaýdy. Ol adamy tutuş boýyna ýagtyltmaga 6 sany şemiň güýji ýetenokdy. Adamyň kellese tümlikde gizlenipdi.

—Men siziň kimdigiňizi bilýän, —Jahangir sandyraý ses bilen jogap berdi. —Siz halasgär.

—Halasgär? —Äpet adam geň galdy we Jahangira tarap golaýlady.

Jahangiriň ýüregi çalt çaltdan urup başlady. Näme diýseňem kör skripkaçy gyz bilen boýy 3 metra ýetip duran adamy günde görüp duraňok. Üst-üstine iki sany pişigiňki näme diýsene?

—Ýöne sen meni halasgär hasap edeňok, şeýle dälmi Jahangir? —Äpet adam dowam etdi. —Sen tutuş süňňüň bilen ateist. Seň ähli pikirleriň maňa aýan. Emma zyýany ýok, men seň bar günäleriňi geçdim. Geçmişde men pygamberleriň baryny ateistlaryň içinden saýlaýardym. Ateistlar bilen düşünşme aňsat. Bilýäňmi Jahangir Pygamberler öz Hudaýyny ilkinji gezek görende ilki bilen menden näme soraýardylar?

Jahangir hiç zat jogap berenokdy, oň jogap bermäge dili aýlananokdy. Äpet adam bolsa eýýäm oň ýeňsesine geçipdi we tümlikde tutuşlaýyn gizlenipdi.

—Meň Pygamber diýip saýlan adamlarmyň bary menden ilki bilen subutnama soraýardylar. Olar meň çyndanam Hudaýdygymy subut etmekligimi isleýärdiler. Onsoň ateist adama iň gowy subutnama näme bolup biler? Jahangir sen nähili pikir edýäň?

Äpet adam çep tarapdan peýda boldy we ýene baryp öz tagtyna çökdi.

—Hamala adamlara meň äpet sypatym eýýäm subutnama däl ýaly? Sen meň sypatymy nähili görýäň Jahangir?

—Siziň sypatyňyz beýik, —Jahangir zordan dil açdy. —Ýöne siz meni bagyşlaň, men sizi Hudaý hasap edemok. Men ateist.

Bu sözler üçin hiç bir erbetligiň bolmajagyny Jahangir bilýärdi. Ony keýpine emçeme gün aýap saklamadylar. Ruhy ýagdaýy peselmez ýaly aşagyna gyz hem ýazdylar. Bu hezzet hormatyň hökman bir sebäbi bolmalydy. Ony özine Hudaý diýýän äpet adamyň öňüne getirip goýdylar. Ol adam Jahangirden bir zatlar isleýärdi. Oň näme isleýäni barada Jahangir häliden bäri durman pikir edýärdi.

—Seň şübhelenýäniň düşnikli Jahangir. Men entek saňa hiç hili subutnama görkezmedim. Bilýäňmi geçmişdäki Pygamberler menden nähili subutnama soradylar? Olar maňa ölüni direldip görkez diýdiler. Ählisi, ýekeme ýeke diňe şol zady soradylar. Ölini direltmek. Men häzir saňa öz gudratymy görkezjek, ýöne şondan soň hem meň kimdigim barada şübhelenseň, men saňa öz gazabymy görkezerin.

Äpet adam sözlerini tamamlandan soň otagyň ýokarsyndan bir ýerden iki sany ýagtylyk peýda boldy. Ol iki ýalgtylyk haýaljakdan aşaklap başlady. Bu giň otag Jahangirip çaklaýşyndan has giň bolup çykdy. Bu ýer aslyýetinde otag bolsa diýsene? Bu ýer öz giňligi bilen uly gowagy ýatladýardy. Iki bölek ýagtylyk gözleriňi gamaşdyryp barýardy. Ýagtylyk peýda bolany bäri skripkaň sesi ýene kesildi. Iň soňynda bu iki ýagtylyk ýere golaýlap saklandylar.

—Gowja seret Jahangir, men häzir saňa iň beýik gudratlarymyň birini görkezjek. —Äpet adam ýylgyryp gürledi.

Iki sany ýagtylygyň nämedigini düşüner ýaly däldi, ýene belli bir pursada çenli. Soň bu iki sany ýagtylygyň bar öwüşgini birden peseldi we bu iki ýagtylyk ýaş oglan bilen ýaş gyza öwrüldi. Bu iki jübit aňarsy görünýän ruhlary ýadyňa salýardy.

—Jahangir oglum, —Iki sany ýagtylygyň erkegi seslendi. Ol erkek sypaty boýunça Jahangira örän meňzeşdi. Ýöne Jahangirdan ýaş görünýärdi.

—Jahangir balam, —bu sözleri aýal sypatdaky ýagtylyk aýtdy. Ol bolsa Jahangiriň ejesidi. Bu aýaly ýogalmazdan öň, durmuş gowja garradypdy, bu wagt bolsa bu aýal ýaşdy we owadandy.

Bolýan zatlary görüp Jahangiriň agzy açyldy. Ol näme diýjegini bilmedi. Oň kellesinde her tüýsli pikirler möwüç urýardy.

—Kaka, —Jahangir haýaljakdan gürledi.

Ol kakasyny hiç wagt görmändi. Has dogrysy diňe suratlarda görüpdi. Şu wagt oň kakasy oň özünden has ýaş görünýärdi.

—Biz senden nägile oglum, —Jahangiriň kakasy seslendi. —Sen hak Hudaýa ynanaňok, —ejesi oň üstine goşdy. —Hana biziň Hudaýymyz, —Kakasy tagytda otyran äpet adamy görkezdi. Oňa ynanmazlyk iň günä iş.

—Meni bagyşlaň, men şonda-da size ynanamok, —Jahangir äpet adama ýüzlendi. —Men kesir bolup görnesim gelemok, ýöne siz maňa öz wagtyňyzy biderk sarp edýän bolaýmasaňyz? Bu iki sany şöhle, meň ejem bilen kakama mezesede bular hakyky ruhlar dalmikä diýýän? Bular ýöne bir ösen tehnalogiýaň önümleri bolaýmasa? Gizlin otaglaryň birinde bolsa, iki sany diktor meň ejem bilen kakama ses berýär.

Jahangir bu sözleri aýtsada soňunda boljak zatlardan gorkdy.

—Men saňa düşünýän Jahangir, seň ýüregiň kapyryň ýüregi, saňa bar zadyň subutnamsy gerek. Bolýa, men seň bilen deň bolmaýyn. Öz ejeň bilen kakaňdan subutnamalary sora. Diňe olaryň biläýjek zadyny sora. Men saňa garaşyk ederin, sen hakykata ýetinçäň garaşaryn.

—Siz haçan we nirede duşuşdyňyz? —Jahangir hamala köpden bäri garaşyp duran ýaly sorady.

Iki sany ýagtylyk öz dogmalaryna gaharly ýüz bilen seredip oň soragyna dogry jogap berdiler.

—Kakam maňa hakykatda başga at dakjak eken, ýöne şu wagtky adymy dakmaly bolupdyr. Şol at haýsy at? —Jahangir ýene sorag berdi.

—Men saňa Meredaman ady dakjak boldym, öz atamyň adyny, ýöne saňa başga at dakanymyz üçin seň oglyňa dakarys diýip goýdyk.

Jahangiriň soragyna oň kakasynyň ruhy jogap berdi.

—Sen ýogalaýmakaň maňa iň soňky aýdan sözleriňi aýt, —Jahangir ejesiniň ruhyna ýüzlendi. —Şol wagt ikimizden başga adam ýokdy, biri diňledi diýer ýaly däl. —Jahangir ejesiniň ruhyna ýüzlenip sorady.

Ejesi hem dogry jogap berdi: —Men birden ýogalaýsam Güliň iň körpe gyzyna öýlengin diýdim.

Jahangir dogry jogaplary eşideninden soň gözlerini ýaşdan doldyryp Äpet adamyň aýaklaryna ýykylyp, toba geläýjek ýalydy. Ýöne ol beýle etmäge howluganokdy. Jahangir örän geň oglandy.

—Men pikirlenmek üçin bir gün wagyt sorap bilerinmi? —Jahangir äpet adama ýüzlendi.

—Sen entegem şübheleýäňmi? —Men saňa bir gün däl, men saňa pikirlenmäge bakylyk bererin, ýöne dowzahda. Saňa şeýle netije nähili ýaraýar? Adamlar azdy, öz Hudaýlaryny unytdy diýip, men Zemine düşdim. Şondada meň ýüzüme seredip "sen ýok" diýip bilýärler. Öz ene atasyny direldip görkezseňem ynananoklar. Sen ýaly ýolyny urdyranlar üçin iň soňynda ýeri tutuşlygyna harap etmeli bolýar, sen şony bilýäňmi?

—Meni bagyşlaň, men ömrüme ateis bolup geçdim, men bir minutda başga tarapa öwrülip bilemok. Men gören eşiden zatlarymyň baryny siňdirmeli. Men ertir öz jogabymy aýdaryn. Ondan soň meň bilen näme etseňiz edäýiň.

Jahangiriň sözlerinden soň äpet adam ellerini çarpdy we daş töwerekde bar zat tümlige gaplandy. Şemler bilen iki sany ýagtylyk bir bada söndi. Daş töwrekde hiç zat görnenokdy, diňe iki sany jübit gözjagazlar ýanýardy. Bu iki sany uly pişikleriň gözleridi.

3-nji bölüm.

Jahangiri ýagty bir otaga saldylar we ony naharladylar. Ol otagda hammam hem bardy. Jahangir suwa düşüp geýimlerini çalşyp arkaýynlaşdy. Indi pikirlenmek üçin wagt ertire çenli bardy. Ýöne näçe pikirlensede Jahangir Hudaýyň bardygyna ynanyp biljek däldi. Aslyýetinde beýle zatlar bir güniň içinde kabul edilenokdy. Beýle zatlary ýuwaş ýuwaşdan, ýyllaryň dowamynda kabul edilýärdi. Hawa, bu iki sany ruh bar soraga dogry jogap beripdi. Eger bu iki ruhy ýasama diýip kabul edeňde, olaryň bilýän zadyny hiç kim bilip biljek däldi. Elbetde aýratyn alynan birje adamyň yzyndan duşman yzarlasa yzarlabam bilerdi. Ýöne Jahangir ýönekeý adamdy, ony duşman hiç wagt yzarlap ýörmezdi. Bolýan zatlary ýene bir zat düşündirip biljekdi, Jahangir äpet bilen duşuşmaka ony gepnozladylar we oň ejesi we kakasy barada bar zady sorap bildiler. Eger şeýle bolanda-da oň ejesiniň we kakasynyň sypaty barada habary bular nireden aldylar? Jahangiriň ýatlamalaryndanmy? Eger şeýle bolaýanda-da Jahangir öz kakasyny hiç wagt görmändi. Jahangir 4 ýaşynda wagty ol adam ýogalypdy.

Jahangir epesli wagtlap ýatyp bilmän oýlandy. Subutnamalaryň barsy oňa garşydy. Ol şol äpediň Hudaýgyna hökman ynanaýmalydy. Ýöne ýüregiň iň garaňky ýerinden gelýän ejizje ses, bar zadyň ýalandygyny nygtaýardy. Ol äpet näme diýseňem Hudaýa meňzänokdy. Ol äpet örän akylly adamdy. Ýöne ol adam nädip diňe iki sany adamyň bilýän zadyny bilmegi başardy? Iň esasy sorag şoldy. Jahangir öz pikirlerine batyp ýatyp bilmedi. Bir ýerlerden Gül diýilýän aýalyň körpe gyzy ýada düşdi. Jahangiriň ejesi şol gyzy hiç haçan halanokdy, ýöne ölmezinden öň näme üçindir şony al diýipdi. Güliň körpe gyzy dogumly gyzdy, Jahangir bolsa gowşak oglandy, belki oglumy durmuşda süýrär diýip oň ejesi şeýle wesýet edip gidendir? Jahangir eýýäm 10-12 sagatlap pikir edýärdi. Iň soňynda Jahangir uka gitdi we şol ýerde öz pikirlenmesini dowam etdi.

Ertesi gün Jahangir bir tüýsli keýpde oýandy. Ol hamala soragyň jogabyny tapan ýalydy. Jogap Jahangiriň düýşine giripdi. Eger Jahangir ýalňyşmasa oňa jobagy düşünde oň kakasy aýdypdy. Jahangir jeýpi kök ýagdaýda geýinmäge başlady, ol eýýäm neme diýmelidigini bilýärdi. Ol eýýäm äpet bilen duşuşmaga howlukýardy. Eger äpet oň bilen duşuşsa diýsene? Onsoňam äpet ondan näme isleýänini aýtmandy. Ol Pygamber diýipdi, subutnamalar diýipdi, ýöne anyk hiç zat aýtmandy. Eger Jahangir ýalňyşmaýan bolsa äpet Jahangirdan Pygamber etjek bolýardy. Ýöne ony Pygamber edip bolanyndan soň, ony näme etjek bolýar? Ine iň esasy sorag.

Eýýäm 24 sagat geçen bolmaly, sebäbi Jahangiriň yzyndan geldiler, özem iki sany lukman geldi we Jahangira sanjym etdiler. Jahangir edil pagtadan ýasalan ýaly ýumşady, ýere ýykylyp oka gitdi. Ony näme üçindir şeýle geň usul bilen äpediň ýanyna saljak bolýardylar? Jahangir ýene düýnki oýanan ýerinde oýandy. Gowaga meňzeş tüm ýerde. Bu gezek Jahangiri skripkaň sesi oýardy, bu gezek kör gyz, şadyýanrak bir zatlar çalýardy. Jahangir ýylgyryp ýerinden turdy we saza tarap ýöredi. Bar zat edil düňki ýalydy. 6 sany şem ýanyp durdy, kör gyz bir zatlar çalýardy, äpet Hudaý bolsa öz oturgujynda otyrdy. Diňe düýnki iki sany uly pişik ýokdy.

—Jahangir meň ýanyma gel, —äpet adam ony çagyrdy.

Jahangir çalt çalt ýöräp ol adamyň ýanyna bardy. Jahangir indi näme üçindir gorkanokdy, ol gizlin bir syry bilýän ýalydy.

—Myhmansöýerligiňiz üçin sag boluň, —Jahangir äpet adamyň ýanyna golaýlap gürrüňe başlady. —Siz inde uzaga çekdirmän men ykbalymy çözseňiz men sizden hoşal bolardym.

—Seň ykbalyň öz Hudaýyňa gulluk etmek. Men seni öz Pygamberim etjek we yzyňa göýberjek. Sen yzyňa baryp ýoluny urdyran ýaranlaryňa aýt. Goý olar hak Hudaýyň kimdigini bilsinler. Ýaraglaryny taşlap toba gelsinler. Onsoň men olaryň günälerini geçmegim ahtymal? Olara gören zatlaryň barada gürrüň ber, meň gudratym barada gürrüň ber.

Äpet adam entegem gürlärdi welin, ýöne Jahangir oň gepini böldi.

—Bagyşlaň, men entegem size ynanamok. Siz Hudaý däl. Dogry siz adaty adam hem däl, ýöne siz hiç hili Hudaý däl.

—O nähili ynanaňok? O nähili men Hudaý däl? Sen diýmek öz eneň bilen ataňa-da ynanaňokda? Men häzir olaryň ruhyny dowzagyň odyna ýakaryn, sen bolsa bar zady daşyndan synlada otyr, onsoň göreris seň nähili ynanmaýşyňy? Sen ýaly kapyr çagany ýetişdiren ene bilen ata diňe dowzaha mynasypdyr.

Äpediň şol sözlerinden soň gapdalda bir ýerde oduň şekili peýda boldy. Yz ýanynda ol odyň içinde iki sany adamyň şekili peýda boldy. Ol iki sany adam odyň içinde elenýärdiler, olar çyndanam oda ýanýan ýalydylar. Soň ýuwaş ýuwaşdan ol adamlaryň sesleri eşidilip başlady. Ilki başda sesler pessaýdy, soň ýuwaş ýuwaşdan beýgeldi. Ol iki sany kösenýän şekil, Jahangiriň ejesi bilen kakasynyň şekilidi. Olar elhenç gygyrýardylar, olaryň ahynalyny diňläp durar ýaly däldi. Görünýän şekil diýseň hakykata ýakyndy. Şekilleriň biri Jahangiriň adyny tutup gygyrdy. Ol Jahangiriň ejesidi. Soň Jahangiriň kakasy Hudaýyň adyny tutup bir iki gezek elhenç ses bilen gygyrdy. Jahangir bolsa çala ýylgyryp bolýan zatlary sunlap durdy. Näme üçindir bu oglana dowzah täsir edenokdy.

—Indi näme aýdarsyň Jahangir? Seň eneň ataň düýnjigem Jenetdediler, indi olar sen dogry ýola düşünçäň dowzahda ýanarlar.

—"Google", —Jahangir ýylgyryp jogap berdi. Ol başga hiç zat aýtmady.

—Näme diýýäň? —Äpet adamyň gözleri üýtgedi. Skripka çalýan gyz elinden skripkasyny gaçyrdy. —Sen näme diýýäň haramzada? —Äpet adam gaharlandy.

—Men "Google" diýän, Jahangir gaýtalady. Men seň bar syryň üstini açdym. —Sen Hudaý däl, emma sen adaty adam hem däl. Aslyýetinde hiç hili Hudaý ýok.

Äpet adam oýa batdy, oň gözleri hamala çaşaran ýaly boldy.

—Hudaý ýok, sen dogry aýdýaň, ýöne sen nädip bar zadyň anygyna ýetdiň? —Äpet adam iň soňynda sorady.

—Men oýlandym, men soňyna çenli öz pikirimde galdym.

—Eger özüň oýlanyp bar zadyň anygyna ýeten bolsaň diýmek sen akylly oglan. Maňa sen ýaly akylly adamlar gerek.

Äpediň sözlerini eşidip Jahangir öňküsinden beter arkaýynlaşdy. Ol indi ylgap baryp kör skripkaçy gyzy öpesi gelýärdi, ol gyz ala garaňkyda şeýle owadan bolup görünýärdi.

Google şereketi informasyýa toplamakda dünýäde iň birinji ýerde barýardy. 3-nji jahan urşy başlaýmaka Google şereketi ýer ýüzüniň bar adamlary barada indormasyýa ýygnap ýetişdi. Google biziň telefonlarymyza "Android OS" bolup geçeli bäri, ol şereketiň mümkinçilikleri müň esse artdy. El telefonlary 3-nji Jahan urşunyň 3-4 ýyly geçeninden soň ähli ýerde ýatyryldy, ýöne eýýäm giçdi. Diňe bar zady öňden görüji Hytaý respublikasa, Google atly ýuwdarhany öz içine göýbermedi. Hytaý googlyň edýän işinden habarlydy. Google şerekete her bir adam barada informasyýa aýandy. Biziň ýüzümiz, sypatymyz, biziň sesimiz we biziň pikirleriňiz hem-de islegleeiňiz. Soň 50 ýyllap Google şereketi 9 milliard adam barada habarlary bir ýerik jemledi. Indi google şereketi ösen tehnalogiýalaryň kömegi bilen islendik adamyň ejesinin we kakasyny diri edip görkezip bilýärdi. Sebäbi biziň ata babalarymyz el telefonlaryny ýanlaryndan hiç haçan goýanokdylar. 3-nji jahan urşynda Google şereketiň goşandy şeýle boldy.

Soňy

© Rahman Zulfikarow
06.08.2020ý


Çeşme:

hekaya.clan.su

58 |