Teswirler (0)

Ýüklenýär...
User Avatar

Terjimeçi

Garry gyzyň ykbaly / hekaýa

13 minut alar

GARRY GYZYŇ YKBALY

Hekaýa

Budilnigiň sesine oýandym. Sagat altyň ýary. Telefonymy ýakdym, gije hiç kim jaň etmändir. Wah, kim maňa gije jaň etsin? Tanyş-bilişler, işdeşler gije jaň etmeýär. 

El-ýüzümi ýuwup geldim, tikine oturdym. Agşamky sargydy taýýar etmeli,  näme-de bolsa bir som, bir som... Maşinkany takyrdatmazlyga synanyp tikip başladym. 

Gelin giç uklapdy. Bir däl, iki sany kiçi çagasy bar. Ýarym sagat dagy tikdim, howludan sübsäň sesi eşidildi... Sekiziň ýarynda ornumdan turdym. Köýnek taýýar bolupdy. Ýakalary, ýeňleri keşdeli, gelinleriň owadan köýnegi. Gymmat bahaly matadan. Içimdäki höwesi kynlyk bilen basdym.

Penjiräň aňrysy ullakan bag.

Agaçlaryň ak gülleri biri-biri bilen birleşip, örän owadan manzar emele getiripdi. Şetdalyň gülnüň gözelligi şol ýerdenem adamy serhoş edýärdi. Çagalygymdan bahary gowy görýärin. Bir mahallar bahar çaglary şol bagdan çykamokdym.  Häzir bular ýaly seýile wagt barmy? Az-salym beýhuş bolup galdym. Içeriden jigimiň belent sesi eşidildi:

– ... Garry gyz halyna sagat dokuza çenli ýatýar, meň heleýim hemmeden ir turup howlyny süpürip, çaý demlemelimi? Olam galsyn ýerinden. Indi on sekiz ýaşly gyz däl. Deň-duşlarynyň çagalary mekdebe gatnaýar. Iň bolmanda çaýyny özi demläp içsin, zakgunyna!...

Nämedir bir zat takyrdady. Kakasynyň sesine kiçi çagasy aglady. Gelin ony köşeşdirdi:

– Waý, boldy, boldy aglama. Kakaň saňa käýänok...

Ejemden ses çykmady. Yzyma dolandym. Mekdepde bir zatlar iýerin.

Bu gün alty sagat sapagym bardy. Naharlanmaga ýetişmedim. 

Sapakdan soňra naharhana bardym, hiç zat galmandyr. Assa-ýuwaşlyk bilen öýe ugradym. Öňler öýde maňa bir mugjyza garaşýan ýaly öýe barmaga howlugýardym. Ýyllar geçdigi saýyn ädimlerim haýallaýan ýaly. Bahar şemaly ýüzümi sypap geçdi. Köçede hem agaçlar gül-günça dönüpdir. Ýöne ýolagçylar muňa biperwaý, alňasap barmaly menzillerine howlugýardylar. Köpüsi işden gelýärdi. Ýanymdan iki çagasyny çagalar bagyndan alyp, goňşy gelin geçdi. Sapagy ir gutarypdyr öýdýän, bazara barmaga hem ýetişipdir. Onuň bilen bir mekdepde işleýäris. Başlangyç synplary okadýar. Gowy gelin. Elindäki ýüküniň agyrdygyny bilip, ony çagyrdym.

– Dur, Mawluda. Eliňdäkini maňa ber!

Mawluda ýylgyryp:

– Ýok, ýok sagbol Ruhsara.– diýdi.

– Beräý, iki çaga bilen kyn bolar.

Ol:

– Ýok, sagbol– diýdi, soňra gürlemän ýöremegi gelşiksiz gördümi, söze başlady– Bazarda aýlanyp ýördüm. Kakasy jaň etdi. Işden giç gaýdýan, çagalaram al diýdi.

– Şeýlemi.

– Iki çaga bilen işlemek kyn eken. Birde ol keselleýä, birde bu keselleýä. Birde ol garagolluk edýä, birde bu.

– Hawa.

– Ýöne işlemseňem, öýdeçil bolup galýan ekeniň. Özüňe seretmänem goýaýýan ekeniň. Şonuň üçin işe başladym. Ýoldaşym ilki razy bolmady. 

– Dogry– kynlyk bilen ýylgyrýan.

Ýoluň ugrunda goňşymyza gelin bolan synpdaşymyň öýi bar. Synpaşym çykaýmasyn diýip biraz howatyrlanyp, ýere bakyp ýöredim. Şükür, çykmady. Gyzjagazy bedre bilen suw sepýär. Bir örüm saçy yranýar. Ogly oýnaýar. Gygyryp, derläp top depýär. Çagalaryny göremsoň, onuň başdan geçirmesi ýadyma düşdi. Ol mekdebi gutaransoň bir ýigit bilen söýüşdi. Ata-enesi özlerine mynasyp görmän, ýigidiň ugradan sawçylaryna razylyk bermedi. Ýöne synpaşym söýgüsine wepaly bolup şol ýigit bilen gaçdy. Instituta ýaňy-ýakynda giripdi, okuwyny hem taşlady. Dogry ýoly saýlan eken. Ine, indi dört çagaň enesi bolup otyr.

Ondan soňky howluda obamyzyň "Habarçysy" ýaşaýar. Kimiň gelini göwreli, kimiň gyzy öýkeläp geldi, hemmesinden habarly. Ol Mawludadan ärini, gaýyn ene, gaýyn atasyny, ýanyndaky çagalaryny bir hatar sorap bolansoň, maňa göwünli-göwünsiz seredip:

– Sen gowumyň, ejeň gowumy?– diýdi.

–Hawa.

Deňinden geçip barýarkam maňa gynanypmy, ýigrenipmi bakanyny, hatda Mawluda birhili yşarat edenini gördüm. Onuň üç gyzy, iki ogly bar. Uly ogly meniň synpaşym. Aýry öýde ýaşaýar. Kiçi gelini özi bilen bir öýde. Iki gyzy gep-gürrüňli toý edenini eşitdim. Ikisem oňuşyp gitdi, öýdýän.

Öýe girsem, ejekelerim[1] gelen eken. Salamlaşyp bolamsoň, olaryň ýanynda oturmadym. Jigimiň irdenki gepi ýadyma düşdi, gelin bilen bile hyzmat etdim. Aşhanada jigilerimiň "gyk-waky" bilen gelin ikimiz naharlanan bolduk.

Otagyma girsem irdenki tiken köýnegim ýerinde ýok, eýesi alyp giden bolaýmasa. Ukladym.

Irden ýene-de budilnigiň sesine oýandym. Çalt turup köçe tarapky gapyny açdym. Howla suw sepdim, gelin turýança howlyny süpürip boldum.  Ýene tikine oturdym. Bu gün bir işdeşim üçin döwrebap fasonly kostýum-ýupka biçdim. Äri nähilidir edarada wezipeli işde işleýär. Bir ogly, bir gyzy bar. Bir eşigi geýip, beýlekisini çykarýar. Gaýgy, aladasy ýok. Mekdepde hem wagtyny geçirmek üçin, güýmenje bolsun diýip işleýär. Eşigi biçdim welin, tikmäge ýetişmedim. Sagat ýedi bolup gelýärdi. Aşhana baryp nahar taýýarladym. Ejem turup geldi. Göwnüme bolmasa biçäre ejemiň ýüzündäki ýygyrtlar düýnkidenem köpelen ýalydy. Süýt bişirip öňünde goýdum, çörek dograp iýip başlady.

Ejemiň ýanyna oturyp:

– Eje köýnegi eýesi äkitdimi?– diýip soradym.

– Haýsy köýnek? Hä, ol ýaldrawukmy? Hawa, äkitdi.

– Hmm...

– Pulyna ýag aldyk, öýde ýag gutaran eken.

– Hä...– Näme diýjegimi bilmedim. Her gezek şunuň ýaly bolýar. Meniň sargydym taýýar bolup gelýärkä öýde bir zatlar gutarýar.

Ertirlik edinip bolýançak aşhana jigimem, gelinem girmedi. Gap-çanaklary ýuwup gelýärkäm jigimiň otagyndan geliniň sesi eşidildi.

–Gelin bolup gelenime dört ýyl boldy. Ýeke ýüzük alyp bereňok. Iki sany goç ýaly ogul dogup berenime sagbolsunyň şulmy? Başgalaryň ärleri her baýramçylykda gyzyl sowgat edýär. Dogaýsa dagy komplekt alyp berýärler… Men bilemok alyp berýäň şony!

Jigimiň gykylygy eşidildi. Ogly aglady. Gelin çagasyna "kes sesiňi" diýip, dowam etdi:

– Iň bolmanda şol gadyrly ejekeň bir aýlygyny öýe bersin. Näme, diňe sen ony bakmalymy? Olam kömek etsin-da, mugt iýip-içip ýatman.

Göz ýaşymy kynlyk bilen saklap otagyma girdim. Emma geliniň belent sesi bu ýere hem gelýärdi:

– Durmuşa çykmaýarmy indi, öýde oturman. Şunça ýaşany azmy? Güm bolup gitse otagyny çagalara bererdik. Iki çaga bilen iki otagda ýaşamak ýürege düşdi...

Çalt geýinip, bezenibem durman, köçä ylgadym. Mekdebe barýarkam, geliniň sözleri gulagymda ýaňlanýardy.

Ol çet obadaky daşkynyrak garyndaşymyzyň gyzy. Atasy köp ýyllar ozal aradan çykdy. Mekdebi gutaransoň ejesi maňa şägirtlige getiripdi. "Muny ýokary okuwda okadyp bilemok, iň bolmanda siz ýaly hünär öwrensin" diýipdi. 

Şol ýyl jigimi öýlendirmekçidik. Utanjaň, edepli, zähmetkeş bolany üçin gelinlige hödürläpdim ony. Ilkiler örän gowudy. Elimi sowuk suwa urduranokdy. Meň tikip beren owadan köýneklerimi geýip "ejekejan, ejekejan" diýip bir söz aýdyp, on sapar gülýärdi. 

Çaga dogrup, bäbekhanadan gelensoň, otagyna girdim. Jigimi göreýin diýip elimi uzadanymda, bäbegi kynlyk bilen elime berdi. Şondan bäri gün-günden erbetleşip barýar.

Dört sagat sapagym bardy. Okadyp, öýe bardym.  Geliniň gözi çişipdir, ejem gamgyn. Näme boldy bu öýe, hemmesi bilelikde agladymyka? Elimi ýuwup aşhana, ejemiň ýanyna bardym. Gelin bir tabak palow getirip "tark" edip stoluň üstüne goýdy-da, özi oturman çykyp gitdi. Sowuk çaý bilen palow iýdim.  Ýüregim gysdy.

Aýlyk almadyňmy diýip ejem dillendi.

– Ýok, entek wagt bar-a.

– Çaltyrak alsaň gowy bolardy. Öýde pul gutaryp barýar. Bir tarapdan unam haltaň düýbüne ýetdi. Jigiň oguljygy kesellände birinden karz alan eken, şonuň üçin...

Gepi uzaltmazlyk üçin:

– Bolýar– diýdim– Birki günden aýlyk beriler. Ol bolmasa tiken köýneklerimden bir zatlar düşer.

Ejemiň ýüzi açyldy.

Aýlyga heniz irem bolsa ertesi gün nähilidir umyt bilen mekdebiň kassasyna bardym. Kassir Umrzok aga "Hiç zat ýok" diýip iki elini ýaýdy.

Ýoda-da zenan mugallymlar gürleşip duran eken.  Taryhçy kärdeşim maňa seredip:

–  Aýlykdan habar almaga geldiňmi– diýdi.

– Hawa.

Ol aýagymyň ujundan başyma çenli synlap:

– Saňa aýlyk nämä gerek?– diýdi.

Sesimi çykarmadym.

Bu aýalyň birine gahary gelse gaharyny başga birinden çykarýan häsiýeti bar. Häzir çagalar sapagyny diňlemedik bolmaly ýa-da gepine gulak asmadyk bolmalylar. Indem gaharyny menden çykarmakçy bolýar.

– Biziňki ýaly üç-dört çagaň, äriň, hojalygyň bolmasa. Ýeke baş, özüň. Üstesine tikin tikip pul gazanýaň. Şonça puly näme edýäň?...

Gepini eşitmedik bolup çalt-çalt ýöräp gaýtdym. Ýanyndaky mugallymlar "Haý gelje, beý diýmeda" diýdiler.

– Hä, näme, dogruda. Toba, dogry zady aýtmak bolanokmy? Sizem şoň tarapyny çalýaňyz.

Salima geleje bir ýarym stawka sapak okadýar. Ýarym stawkasyny direktor bilen gygyryşyp-çekeleşip aldy. Äri wezipeli. Öýünde bir gelini bar. Gelinem boş oturman öýünde dükan açýar. Şoňa garamazdan elmydama pulym ýok diýip zeýrenip gezýär.

Öýe gelip sargytlarymyň puluny ejeme berdim. "Birki günden aýlyk berilýän eken, şoňa çenli ýeter" diýdim. Ejem puly sesini çykarman aldy. 

Bu gün howa tämiz, mylaýym şemal öwüsýär. Howanyň bir salymdaky özgerişine keýpim göterilip gündizki öýkäm unudyldy. Ejem maňa garaşyp oturypdyr öýdýän, otagyndan çykyp meň bilen bile aşhana girdi. Jigimiň otagyndan geliniň çagalaryna käýäni eşidildi. Ejem aşhana girip nahar gyzdyryp, çaý demläp berdi. Köp wagtdan bäri beýdenokdy, geň galdym. Ýanyma oturdy, näme üçin gijä galanymy sorady. Geňgalyjylygym has-da artdy. Barlagçy gelýändigi üçin gijä galandygymy aýtdym. Ejem nahar iýişimi  ýylgyryp synlap oturyşyna söze başlady:

– Saňa bu gün gowy bir ýerden sawçylyga geldiler.

Ejemdäki üýtgeşikligiň sebäbini indi bildim. Dogrusy tolgundym. Bular ýaly gürrüňleri eşitmedigime köp wagt bolupdy.

–… Kim olar?

– Özi goňşy obadan. Daşkentdäki ýokary okuwlarda okap, henize çenli öýlenip bilmändir. Özüme bap, okuwly gyzy aljak, mugallym bolsa hasam gowy, diýipdir. Şoňa… seni… näme diýýäň? 

On sekiz ýaşly gyz kimin utanyp:

– Bilmedim – diýdim– ony göremok, tanamok...

– Dogry aýdýaň, bizem şeýle diýdik. Şonuň üçin ertir duşuşyga çykýaň.

– Ne beýle çalt?– jogabymdan özüm utandym.

– Haýyrly işiň çalt bolany gowy!.

Ejemiň gözleri guwanýardy.

Gardiroby açyp, duşuşyga köýnek saýladym. Dogrusy, gowurak köýnegim ýok ekeni. Hemmesi ýönekeý, mugallymlaryňky. Has anygy, kyrk ýaşdan agan aýallaryň köýnegi. Ine bu köýnek bolanok, uzyn, näme-de bolsa Daşkentde okan… Bu kostýum-ýupka örän galyň, bu kofta-ýupka bolsa tomusky. Saýlap-seçip ahyry geçen ýyl baharda alan ykjamja köýnegimi geýmegi makul bildim. Sähel ýukarak diýmeseň, bolýar! Ertir gündiz duşuşýas, bu günki ýaly çabga guýmaz-a? Gara bulutlara ynsap berse!… Sagat ona golaý düşegime geçdim. Dur duşuşyga ýeke özüm gideýinmi?! Näme-de bolsa ilkinji duşuşyk, birhili bolmazmyka? Pikirlenip, pikirlenip Gülşene jaň etdim. Gülşen goňşy obada ýaşaýar, menden iki ýaş kiçi. Mekdebimiziň öňündäki gözellik salonynda işleýär. Her wagt dertleşýärdik. Anygyragy ol derdini aýdýardy. Ertir işi köp eken, ýalbaryp-ýakarmaly boldum. Ahyry razy boldy. Indi uklasam bolýar!

Ýene irden turup, howlyny süpürdim.

Howludaky ýeke düýp alma gülläpdir. Hoşboý ysy howla doldy. Keýpim göterilip, aýdym aýtmak isledim. Duşuşyga ýarym sagat galanda Gülşen geldi. Bezenip-beslenip öňküsindenem owadanlaşypdyr. Onuň ýanynda meň eşigim, saçymy daraýyşym, boýanyşym, juda ýönekeý bolup galdy. Bolýa-da, owadanlyk– sadalykda.

"Istiklol" bagyna bardyk. Ýodalarda ýaňy otlar gögerip, daş-töwerek janlanyp başlan wagtlar. Ýigidi känbir synlap bilmedim. Ýöne, boýy-syraty gelşikli, özem owadan, öýdýän. Onuň bilen esasan Gülşen gürleşdi. Men diňe birki soragyna jogap berdim, bolany. Gülşen bilen gürrüňinden anyklaýyşyma görä, geçen ýyl aspiranturany gutaryp, ylymlaryň kandidaty bolupdyr. Tehnika ylymlarynyň kandidaty! Häzir politehnika institutynda işleýän ekeni. Şunça gürrüňiň arasynda Gülşen hatda onuň telefonyndan jaň etmäge hem ýetişdi... Hälem şu Gülşeniň geläýeni, bolmasa ikimizem dymyp oturardyk. Ady Azat eken! Azat! Nähili owadan at. Ene-atasy bilen bile ýaşaýan eken, körpe ogul,  garaz şunuň ýaly gürrüňler!...

Bu gün howa öňkilerdenem göwne ýakymly. Gün şugla saçyp dur, ýöne howa salkyn. Salmadaky suwyň "şibir-şibir" edip akyşy adamyň göwnüne şeýlebir hoş ýakýar.

Howlumyzdaky alma çemen bolup gülledi, gülüni dökdi, miwelese hem sawçylardan derek bolmady... 

Gelin çagalaryny alyp ejesiniň öýüne gidipdi, jigimem heniz işden gelmändi, ejem ikimiz otyrdyk. Howludaky sekide kitap okap otyrkam, öýe ejekem geldi. Ýerimden galyp salamlaşmakçy wagtym sen ýok, men ýok düşekde ýatan ejemiň köwüşi bilen meni urup başlady. Urup, urup gargady, gargap-gargap urdy:

– Wah, bazary sowulan, garry gyz, özüňe är tapypdyňmy, başga birine peşgeş eder ýaly?! Ýa özüňden artdymy, artykmaçlyk etdimi, Gülşen-pülşene paýlaryň ýaly? Bizi namysdan öldürdiňa bir äre barman, ýa gara ýere girmän! Ärim agzymy açdyranok, öýde garran jigiň biziň öýe gelmesin, biziň gyzlarymyzada çilesi düşýä, diýýä.

Sekide oturan ejemem ýüzüme bir şarpyk çaldy:

– Sen bazary sowulan üçin geliniň ýanynda dilim gysga, bir zat diýsem, garry gyzyňy bil, diýýär. Şu ýaşyna çenli item almady, mundan soňra gabram almaz, diýýär. Jigiň bilen her gün urş-galmagal. Garry gyzyň öýümden güm bolsun, diýýär. Sen nämäni bilýäň, dogulman geçen...

Ejem şeýle diýip oturan ýerinde aglap başlady. Ejekemiň uranyndanam has beter, ejemiň aglaýany agyr degdi maňa.

Agşam otagyma girip, bolup geçen galmagaly ýatlap otagyma göz gezdirdim. Kakam pahyr "Bu otag körpe gyzym üçin" diýip, otagy özüme laýyk edip bezäp beripdi. Şol wagt bäşinji synpda okaýardym. "Meňem aýratyn otagym bar" diýip şatlanypdym. Diwara kiçi haly asyp, ýere palas ýazypdyk.

Otagyň bir burçunda kiçijik stol, mekdepde, institutda okanymda şol stolda sapaga taýýarlanýardym. Häzirem şol stolda ýazýan. Gapydan giren ýeriňde kiçi gardirob. Onda eşiklerim, kitaplarym durýar. Indi şul kiçi otaga, kakamyň maňa beren otagyna hem sygamokmy?!…

Ejekemiň öýüne kän baramokdyma. Barsamam ýoldaşy ýok mahaly, barýardym, köp wagt oturmanam derrew gaýdýardym. Üstesine onuň gyzlary kiçi. Entek mekdepde okaýar. Nädip olara meniň çiläm düşsün? Bir mahallar instituta girenimde, ony tamamlanymda şol ejekemiň özi meni gyzlaryna görelde edip görkezip "Daýzaňa meňzeseňiz, adam bolarsyňyz? diýmändimi?!

Ýogsada ejekem näme diýipdi? Hawa, Gülşen Azady özüne agdyryp alypdyrmy? Şondan bärem görüşüp ýörmüşler? Adaglanypdyrlar! Ýakynda toýlary bolýarmyş! Bu näme boldugy bolýar? Men ony joram, boýdaşym diýip duşuşyga alyp barýan, ol meň üçin gelen ýigidi özüne agdyrýar. Ynsap diýen zat ýokmy? Emma… emma men beýle boljagyny bilmändim-a. Bular ýaly bolmagyny islemändim-a.

Gelin näme üçin ejemi men sebäpli utandyrýar. Oňa agyrlygym düşenoga. Jigim, meň jana-jan jigim, dogulanynda şatlygymdan näderimi bilmedik jigim, ýeke-ýalňyz jigimjan, men sebäpli dostlarynyň ýanynda utanýan eken-da. Ýaňy ejekem näme diýipdi? Öýden git, diýdimi? Indi dogulan öýüme ýat boldummy? Diýmek, gitmeli. Ýöne… nirä gideýin…

Ýerimden galyp otagdan çykyp barýarkam gapyň ýanyndaky aýna gabat geldim.

Mekdebi gutaranymda synpdaşlarymyň sowgat eden aýnasy. Ýürek şekilindäki, aşakda, ýüregiň birleşýän ýerinde iki ýüzügiň şekili çyzylan aýna. Ýokarsynda soňky jaň güni sowgat edilen emeli gül... Aýnada, gözleri ýaşly, ak aralaşan saçlary bulaşyk, gözüniň aşagyna biliner-bilinksiz ýygyrt düşen bir gyz sumjaryp durdy. Garry gyz. Hiç kime gerek däl gyz. Hemmeden gep çekmek üçin ýaradylan gyz. Soňky umydam puç bolan gyz. Agzyndaky aşy aldyran akmak gyz. Bu dünýäde hemrasy ýok gyz…

Şol gün otagdan çykmadym, aglap-aglap uklap galypdyryn. Ertesi gün irden işe ugradym. Ertirligem edinmedim. Ýoldaky salonda Gülşeniň şadyýan ýüzüne gözüm kaklyşdy. Meni görüp utanmady, tersine ha-haýlap güldi. Öňküsinden ýaşaryp has owadanlaşypdyr…

Sapaklarymy okadyp öýüme däl-de bütinleý başga tarapa ugradym. Ýöräp-ýöräp şäheriň çetine çykdym. Bu ýerde demirýol bar. Ondan otlylar çalt-çaltdan haýbat bilen geçýär. Çagalygymda öýümiz şu golaýdady. Häzir ol öýler ýykylyp, ornundan nähilidir harby bina salyndy. Ejem bu ýere gelip oýnamaga rugsat berenokdy "Hudaý saklasyn, bir heläkçilik bolaýmasyn" diýýärdi. Häzir maňa şol heläkçilik gerek.

O tarapa, bu tarapa ýöräp garaňky gatlyşaryna garaşdym.

Gün batyp barýardy. Uzakdan otly batly ses bilen gelýärdi. 

Şol mahal yzymdan nähilidir ses eşidildi. Gaharly yzyma öwrüldim. Harby eşikli bir adam maňa seredip ýylgyryp durdy. Bialaç yzyma gaýtdym:

– Maňa gürleýäňizmi?

– Hawa-da. Öňräkden bäri size seslenýän.

– Bagyşlarsyňyz eşitmändirin.

– Bolýan ýagdaý. Oý-hyýala gark bolup durduňyz.

– Hawa, bu ýerlerde çagalygym geçdi. Şol günleri küýsäp gelipdim.

– Öýüňiz şu ýerdedimi?

Elim bilen yşarat edip:

– Siziň edaraňyzyň ornundady– diýdim.

– Wah, şeýlemi. Onuň ýaly bolsa gynanç bildirýän. Ýöne biz… Beýle bolmagyny islemändik…

Meň üstümden gülýändir öýtsem, ýüzünde mylaýym, sada ýylgyryş bar. Ýaşy hem onçakly ula meňzänok. Gaty gitse menden birki ýaş uly. Onuň bilen tanyşdyk. Ady Bahadyr, Andijanly. Şu ýerde işleýän eken, nähili wezipedigi gizlinmiş.

Menem özümi tanyşdyrdym. Kärimiň gizlin ýeri ýok, mugallym diýdim. Hezil edip güldi. Güleninde gözleri şöhle saçýar. Geň galaýmaly, mundan on, on bäş minut öň özümi öldürmek barada pikirlenýärdim. Indi ol oý-hyýallarym özüme samsyklyk bolup duýulýardy. Bahadyr bilen çalt öwrenişdik. Biri-birimize telefon belgilerimizi berdik.

Ömrüme reňk çaýylan ýaly boldy. Indi meňem gijelerine halymdan habar alýan adamym bar. Irden ertirlik edinmän işe ugraýan. Uzakly gün mekdepde gezip, öýe gün batanynda barýan. Üç-dört günde, kämahal günaşa bir ýerde duşuşýan bolduk. Bir gün ol menden ep-esli wagt gözüni aýyrman seredip durdy. Birinji sataşan günümizdäki ýaly gün batyp barýardy, şemal bir ýerlerden güliň ysyny getirýärdi. Ilki ýylgyrdy. Soňra gözüme bakdy. Näme üçindir ýüzi az-kem gyzardy. Ýuwdunyp:

– Ruhsara–diýdi– meni Nökuse ugradýarlar. Köp wagtlyk. Men… eger garşy bolmasaňyz… sizem äkitmek isleýän. Ömürlik… razymyň?

Ýüregim öz-özünden agzymdan çykaýjak bolup urup başlady. Men näme diýmegim mümkin, ahyryn? Çalaja baş atyp, ýere bakdym.

– Hawa.

Bahadyr tolgunyp, elimi sypady.

– Köp sagbol, sagbol... Ýöne, azajyk wagt garaşmaly bolýaň… Ilki özüm baryp ýerleşeýin, soňra… sizi kösemäýin diýýän-da... Soňra, Andijana baryp aýalym bilen resmi aýrylyşmaly... Şoňa biraz wagt gerek bolýar. Ruhsara maňa garaşarsyň-a?

Men ýene-de ýere bakdym. Şundanam bir sorag bolýarmy? Elbetde garaşaryn, garaşman näme edeýin. Bahadyr gelmese hem men bary-bir garaşaryn. 

Ol gitdi. Men seýilgähden çykyp barýarkam ýüzüme Güniň gyzgyn şöhlesi degdi. Bahar öz ornuny yssy, gyzgyn tomusa boşadyp berýärdi.

—————————

[1]EJEKE — at, (gepleşik dili) Özüňden uly aýal dogan (TDDS).

Mastura ABDYREÝIM GYZY

Terjime eden: Saparmyrat GÜRGENÇLI 

40 |