Teswirler (0)

Ýüklenýär...
User Avatar

Talyp

Garaşylmadyk setirler hakynda...

1 minut alar

Salam mähriban dostlar! Ilkinji makalamy biraz üýtgeşik setirleri "ýüklenip gelýän" ylham barada ýazmak bilen başlamakçy. Käte bir zat hakynda goşgy ýazmaga oturýan welin, başga tema degişli setirler gelip dur-da. Geñ zat gerek?! Onsoñ şol setirleri kagyza ýazýan welin, ertesi gün Gyrmyzy açylmadyk açyş ýaly bolup dur-da. Geliñ,şol garaşylmadyk setirlerden ýasalan goşgyny okalyñ! 

 "Hyýal"

"Iññâk,iññâk" edip bâbekhanada,
Ýañlandy bu günem tâsirli ovaz.
"Gutlaýarys,buşluk ogluñyz boldy!"
Eşdende atasy sâgindi biraz.

Ol arşdan berilen päkizlik oña,
8ýyllap arzuv edip ýeteni.
Umydyn ýitirmän garaşdy olar,
Bu gün şol umytdan uçgun döredi.

Bu uçgun olara iñ uly sowgat,
Bolup indirildi, bahasy gymmat.
Alla jan ömrüni uzakdan etsin,
Hem owadan bolsun ýazylan kysmat!

Bolmasyn kysmatda hiç hili gara,
Bolaýsa-da, eger, bolsun bir sapar.
Öz päkligi ýaly päk bolsun durmuş,
Erbet niýetliler gurmasyn gapan!

Çagalykdan uly adam bolýança,
Ýurduma hyzmatly işler bitirsin.
Ata kesbin ogla halal ýöredip,
Oba-hojalykda abraý getirsin!

Şeýdip oýa batyp otyrdy ata,
Hyýallar yzyna gelip dur hyýal.
Birdenem tisgindi. Seslendi biri,
"Bagyşlañ,men oýa bataýdym uýam!"

-Gutlaýarys, buşluk ogluñyz boldy!"
Umydyñyz wysal boldy, darykmañ!
Hem ejesi sagdyn, hem çaga sagdyn-
Diýip begendirip sözledi lukman.

Hem haýran galyp dur, hemem begenýär,
Hyýal edip oturan ol oýuna.
Öz ýanyndan gürleşip ykbal bilen,
Razylaşýan ýaly onuñ oýnuna.

Bäbejigi alyp, bagryna basyp,
Zenanyna mähir bilen ýylgyrdy.
Bu bakyş ýöne bir bakyşam däldi,
Şeýdip oña minnetdarlyk bildirdi.

Şeýle ysnyşykly, süýji, mähirli,
Pursatlara şaýat bäbekhanalar,
Ýurdumyzyñ röwşen geljegi bolup,
Kän dogulsyn zehinlije çagalar! 

40 |