EKOLOGIÝA — GELJEGIŇ GÖZBAŞY
2 minut alar
Tebigat adamzadyň öýi, ony goramak bolsa, biziň her birimiziň borjumyzdyr.
Adamzat XX-XXI asyrlarda ösüşde ägirt uly sepgitlere ýetdi: senagat, tehnologiýa, şäherleşme, döwrebap durmuş serişdeleri... Ýöne bu ösüşiň täsirlerinden bir zat yza galýardy – tebigat. Günübirin ösýän şäherler, çykdaýjysy köp bolan önümçilikler, suwuň we howanyň hapalanmagy, tokaýlaryň gyrylmagy – bularyň hemmesi ekologiýamyzyň durnuklylygyny howp astynda goýýar.
Ekologiýa bu diňe ylmy düşünje däl – ol biziň ýaşaýyş şertimizdir. Sagdyn tebigat bolmasa, sagdyn durmuş bolmaz. Şonuň üçinem, häzirki wagtda dünýäniň ähli ýurtlarynda ekologiýa meselesi döwlet syýasatynyň möhüm bölegine öwrüldi.
Türkmenistan hem bu babatda öňdengörüji çäreleri görmek bilen tanalýar. Ýurdumyzda tokaý zolaklaryny döretmek, “ýaşyl sebit” maksatnamalaryny durmuşa geçirmek ýaly çäreler halkymyzyň saglygyny goramak bilen bir hatarda, tebigatyň özüni hem gorap saklaýar.
Ýöne diňe döwlet däl, eýsem her bir şahsyýet hem bu ugurda jogapkärdir. Ýönekeýje işleriň hem ähmiýeti uludyr: kagyzy tygşytly ulanmak, zyýanly zibil taşlamazlyk, agaç oturtmak, tebigy baýlyklardan ýerlikli peýdalanmak... Sebäbi tebigaty goramak – bu diňe bir çäre däl-de, eýsem durmuş ýörelgesidir.
Tebigat diňe biziň däl, eýsem geljek nesillerimiziň hem mirasydyr. Biziň edýän her bir hereketimiz – olara goýýan yzymyz. Şonuň üçin hem, bu günki ýaşlar, okuwçylar, talyplar, jemgyýetçilik guramalary bu ugurda işjeň gatnaşmalydyr. “Ýaşyl pikir” ýaş nesliň aňyna ornaşsa, geljekde hem howpsuz we arassa dünýäde ýaşamak mümkin bolar.
Şageldi HYDYROW,
“Türkmenistanyň Ekologiýa hereketi”
jemgyýetçilik guramasynyň hünärmeni.