Teswirler (0)

Ýüklenýär...
User Avatar

EKOLOGIÝA – GELJEGIMIZIŇ YKBALYDYR

2 minut alar

XXI asyr biziň ýaşaýşymyzda tehnologiýanyň, şäherleşmegiň we senagat ösüşiniň güýçlenmegi bilen tapawutlanýar. Emma bu ösüşler bilen birlikde, ýer ýüzüniň tebigy baýlyklarynyň azalýandygyny, howanyň üýtgeýändigini we ekologik deňagramlylygyň bozulýandygyny hem görýäris. Şonuň üçin häzirki wagtda ekologiýa – diňe bir ylmy ugur bolman, eýsem jemgyýetiň, döwletleriň, hatda bütin adamzadyň ýaşaýşynyň möhüm bölegi bolup durýar.
Ekologiýa näme we näme üçin möhüm?
Ekologiýa – janly organizmleriň özara gatnaşygyny, olaryň ýaşaýan gurşawy bilen aragatnaşygyny öwrenýän ylym. Ol diňe bir tebigaty öwrenmek bilen çäklenmän, eýsem adam bilen tebigatyň arasynda sagdyn gatnaşygy döretmekde hem möhüm ähmiýete eýedir.
Ekologik deňagramlylygyň bozulmagy diňe bir ösümlikleriň ýa-da haýwanlaryň ýok bolmagy bilen tamamlanmaýar. Bu hadysa howanyň aşa gyzmagy, suw ýetmezçiligi, howanyň hapalanmagy we täze keselleriň döremegi ýaly köpsanly kynçylyklary döredýär.

Tebigaty goramak – her birimiziň borjumyz

Köp adamlar “meniň edýän kiçijek işim dünýäni üýtgedip bilmez” diýip pikir edýär. Ýöne tebigaty goramakda uly netijeler kiçi ädimlerden başlanýar. Aýratyn-da, ýaşlar bu işde uly orun tutýar. Çünki geljegimiz ýaşlaryň elindedir.
Tebigaty goramak üçin ädilip bilinjek käbir ädimler:
Plastiki önümleriň ýerine ekologik taýdan arassa serişdeleri ulanmak.
Agaç nahallaryny oturtmak we bar bolan baglara ideg etmek.
Suwuň, elektrik togunyň we beýleki serişdeleriň tygşytly ulanylmagyny gazanmak.
Galyndylary ýerlikli bölüp taşlamak, olaryň gaýtadan işlenmegine goldaw bermek.
Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan tebigaty goramakda giň gerimli çäreleri durmuşa geçirýär. Şol sanda:
“Ýaşyl ykdysadyýet” maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegi.
“Türkmenistany çölleşmeden goramak” boýunça halkara hyzmatdaşlyklar.
Daşky gurşawyň goragy boýunça jemgyýetçilik birleşikleriniň we ýaşlaryň işjeňleşmegi.
Bu çäreleriň ählisi jemgyýetiň her gatlagynyň ekologik pikirlenmesini ösdürmek üçin uly mümkinçilik döredýär.
Ekologiýa diňe bir ylmy mesele däl – ol biziň saglygymyz, ýaşaýşymyz we geljegimiziň üpjünçiligi bilen gönüden-göni baglydyr. Tebigatyň iňňän baý hem-de näzik ulgamynyň durnuklylygyny saklamak üçin her bir adam özünden başlamalydyr.
Unutmaly däl: tebigat bize mätäç däl, biz tebigata mätäç!

 

Agabaý ÝEGŞEMOW,
“Türkmenistanyň Ekologiýa hereketi” jemgyýetçilik guramasynyň
agzalyk işleri boýunça hünärmeni.

4 |