Teswirler (0)

Ýüklenýär...
User Avatar

EKOLOGIÝA – DIŇE ALYMLARYŇ IŞI DÄL

1 minut alar

Köp adamda şeýle bir düşünje bar: “Ekologiýa – alymlaryň, hökümet işgärleriniň ýa-da halkara guramalaryň işi”. Bu düýpgöter ýalňyş düşünje. Ekologik durnuklylyk diňe döwlet derejesindäki çäre bilen däl-de, eýsem, her bir adamyň şahsy gatnaşygy bilen gazanylýar.
Gündelik durmuşymyzda her bir hereketimiziň daşky gurşawa täsiri bardyr. Telefonuň zarýady dolansoň, ony tokdan aýyrmak, artykmaç çyralary öçürmek, öýdäki hapalary sortlamak, suwuk çüýşäni gaýtadan ulanmak – bularyň hemmesi tebigaty goramaga goşulýan kiçijek, emma möhüm ädimdir.
Mekdep okuwçylarynyň bag ekmegi, mugallymlaryň ekologik temada sapak geçmegi, ýaşlaryň arassaçylyk çärelerine gatnaşmagy – bularyň ählisi jemgyýetde ekologik aňy ösdürýär. Ekoulaglara geçmek ýaly hereketler hem adaty endik hökmünde ýaýramaly.
Daşky gurşawy goramak, ekologik durnuklylygy saklamak – diňe ýörite hünärmenleriň däl-de, eýsem, meniň, seniň, biziň hemmämiziň işidir. Tebigatyň ýaşaýşy – biziň ýaşaýşymyzdyr. Şonuň üçin her ädimde jogapkärli bolmak – ýaş nesiller üçin edilýän iň gowy maýa goýumydyr.

 

Mansur JABBAROW,
Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň
Daşoguz welaýat bölüminiň baş buhgalteri.

3 |