EKOLOGIK DEŇAGRAMLYLYK – ÝAŞAÝŞYŇ SÜTÜNI
1 minut alar
Ýer ýüzündäki ähli janly-jandarlar bilen daşky gurşawyň arasynda ajaýyp bir deňagramlylyk bar. Bu deňagramlylyk bozulan mahaly, onuň netijesi diňe bir haýwan ýa-da ösümlik dünýäsi üçin däl, eýsem adamzat üçin hem howply bolýar. Şeýle ýagdaýlara häzirki wagtda durnuksyz howa ýagdaýlary, suw ýetmezçiligi, topragyň guramagy, howanyň hapalanmagy ýaly meseleler mysal bolup durýar.
Ekologik deňagramlylygy goramagyň esasy ýoly – howpsuz ykdysady ösüşdir. Energiýa çeşmelerini tygşytly ulanmak, howanyň, topragyň we suwuň hapalanmagynyň öňüni almak, ýaşaýyş galyndylaryny dolandyrmak ýaly çäreler bu ugurda möhüm ädimlerdir.
Eziz Diýarymyzda ekologiýa taýdan arassa, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň ösdürilmegine uly üns berilýär. Gün we ýel energiýasyny ulanmak, ýyladyş ulgamyna täze tehnologiýalary ornaşdyrmak ýaly işler bu ugurda alnyp barylýan möhüm başlangyçlardyr.
Ekologik deňagramlylygy saklamak diňe bir döwlet derejesindäki çäreleriň işi däl. Her bir adam öýünde, iş ýerinde, jemgyýetde ekologik medeniýeti ösdürmek bilen, bu deňagramlylygyň saklanylmagyna goşant goşup biler. Plastiki önümleriň ulanylyşyny azaltmak, suw we elektrik energiýasyny tygşytly ulanmak, ösümlik we haýwanat dünýäsine düşünjeli çemeleşmek bu işleriň kiçi, ýöne täsirli mysallarydyr.
Şeýlelikde, ekologik deňagramlylyk ýaşaýşyň özboluşly sütüni bolup durýar. Ol ýok bolsa – ýaşaýyş hem durnukly bolup bilmez. Geliň, bu sütüni çökermezden, ony birek-birek bilen bilelikde gorap saklalyň!
Leýla MATMURADOWA,
Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň
Daşoguz welaýat bölüminiň hünärmeni.