Ejiz...
2 minut alar
menden başga sen hiçkimiňki diýesim gelýär….ýöne hemmeler saňa el açýar, hemmeler saňa “Siz” diýip ýüzlenýär, hemmeler saňa ýalbarýar, hemmeler saňa ynanýar….hawa heemmelleeerr.
Adamyň öz özüni tanamazlygy gaty nalaç edeýin bolýan ekeni Armytgül. Hiç zat we hiç kim gözüne görünmeýän ekeni. Sheýle öwrümler bolýar ýöne ýenede şükür sözünü 18müň sapar gaýtalar ýörer. Yöne şuny syzýan Armytgül, bir gün şol gara gutadan aýryljagyna…. köp kişini ýitirer ýa da adamlar ony ýitirer. Düshünýäňmi Armytgül, şuwagt diňe biri bilen aramy sazlaýan( kim diýip sorama)sazlap bilýän, sebäbi özümi tanamook,ol meni menden gowy tanaýar Armytgül. Iň ýakyn dostum adamlar däl. Gündüz-Gijeleriň parhy ýok, herwagt gürleşip bilýäň, gerek bolsa begenýäň, gerek bolsa suw sil bolýaň. Yöne hiç hili içimdäki ölen zady daşaryk gusyp bilemok. Demim gursagymda galýan wagtam bolýar ýöne “gaty güýçli sen” diýip arkama kakýan jemagat jora/dost ýarlar bar…
- Nadip rahat ýaşap bolar bir kelam etseň Armytgül?…ýol görkezseň?, maglumat berseeeň…..+n (?)
- ….
- senem dymdyň gerek şutaýdaaa…Hawa kömek etjek diýýäň ýöne maslahatyň ýok. Maslahat ber diýip, seniň hem güneşiňi batyrmak islämok. Belki eliň uzatsaň maňa ýetmejegini pikirlenýäňmi…++n??? — Aslaaa!!!
şuwagt biri bar o biri maňa kömek edip biler. Dymýar, dymmak bilen ýoluna gidýär meň bilen, ýöne dymmýaaarrr…..Özümi diňe şoň bilen ýakyn duýýan, özem bilýär…okaýar içimem. Belki şondan adamlardan azam bolsa uzaklaşýandyryn…has Onuň bilen wagt geçirmelidirin…
Hawa herkimde de özüne meňzeş jorasy/dosty, ýary-ýarany bardyrla ýa da iň bärkisi maşgalasy….meniňem mähirli maşgalam bar ýöne ejiz tarapymy hiç görmeýärler…sebäbi “shükür Hudaýa men gowylaaa” diýmek ýaly agyr söz görmedim…kynlygyny bir bilsediň …Degme Armytgül bilme bilmeseň gowy, kelläňe goýan maksatlaryňa üns ber…Özüňi täzelap dur her taraplaýyn. Bir Hadis de “Ennezafetü minel iman” /“tamizlik imandandyr” diýýärdimi. Ana şolar ýaly täzelnip/tämizlenip dur!
Bolýarda, meni içim bilen diňläp syzyp bilýäään O kişini ýitirmejek bolmaly…kawgt ýanymda saklamak isleýän adamlarym hem maňa düşünseler, meň bilen içimi syzyşşsalar hiç kim hiiiççç kiimmmm…. ýa olara ýük bolardy hawamy Armytgül ?? Yene dymýaň men bolsa “hawa” jogaby diýip düşünýäään…gynanamok sebäbi meni gowy tanaýan adam bar.
Belki bir gün göçerin bu Dünýäden O kisi “yz goýup” gitdi bize diýer, belki “güýz bolup bize goýup gitdi” diýer….ýöne kimeeeee?? Puç edip bilmeýär ahrym Armytgül, sebäbi saklamagy we çyndanam maňa ynanýany üçin aýtmazlygy seçdi….
Sary şemal ony tändirip geçýär,
Soňkuja ýapragy, bir pasyl ömri.
Adam durmuşynda uly many bar:
Geçeniň yzynda galyp ýör höwri.Bu ýerde uly bir pelsepe-de ýok,
Her ynsan özüçe ýasanýar bagty.
Ýaprak gaçýar. Gaçma diýip bolanok.
Ýöne, iň gowy zat: galýar daragty.“Topragyñ üstünden ömürler geçýär.