Teswirler (0)

Ýüklenýär...

Düzelmek

2 minut alar

Nämeden düzelmeli? Näme üçin düzelmeli? Kim üçin düzelmeli? Düzelmegiñ ýada düzelmezligiň netijesi durmuşyma nähili täsir eder? 

Nämeden düzelmeli?
Ynanjyma görä ýaşamazlykdan düzelmeli. Köplerde görýänim ynanç ýürekden gelýä, menki bolsa akyldan, beýinden. Adamlar ýüreginden joşýan ynançlaryny akyl terezileri bilen deňlemäge çalyşsa men aklym bilen dogrulygyny görüp duran zatlarymy ýüregime ynandyrmaga çalyşýan. Beýle bolmasyna belki jahyllygym belkide ýüregimiň gara bolmasy sebäpli. Mamam pahyr hemişe bir zatlar diýer, bizem ony düzetsek “Bilmasam” diýerdi. Menem bilmasam. 

Näme üçin düzelmeli? 
Ýüregimiň, aklymyň gapma garşylyklardan azat bolmasy üçin, we ahyr durmuşymda wyždanymyň azapsyz bolmasy üçin. Dilimden çykany ýüregimiň we durmuşymyň tassyk etmesi üçin. Bir soňky sebäp hem ahyret güni Allanyň “Gulum sana berlen ömri nädäýdiň?! soragyna utançdan we ökünçden aglap, dilim lal tutulyp, aýaklarymyň meni jähennem oduna alyp gitmezligi üçin düzelmeli. 


Kim üçin düzelmeli? 

Çagalarym, ýoldaşym ýada meni şu günlere ýetirmek üçin özlerini unudan ejem-kakam üçin düzelmelimi? Ýada iliň gözünde gowy, dilinde hem “plan hili” bolmak üçin düzelmelimi? Belki-de Alla üçin düzelmelidir? 
Goýnam öz aýagyndan asarlar, geçinem. Şonuň üçin Hazzywötenjan senem özüň üçin düzelmeli. Seni senden halas etjek Allaňa ýönelmeseň halyň niçik bolar? Aňyrda tanyş görüp, berim berip gapylary açyp bolanok. 

Düzelmegiñ ýada düzelmezligiň netijesi durmuşyma nähili täsir eder? 

Düzelmesem hem Allanyň beren ömrüni ýaşaryn. Her kimiňki ýaly meniňem durmuşym begençler, gynançlar, üstünlikler we kynçylyklar bilen doly bolar. Belkide bolmaz. Belki üstünlikden üstünlige ýöräp, men men diýip döşüme kakyp, gözüm garalyp, pälim häzirkidenem azar. Belkide kynçylykdan kynçylyga süýrenip, özümden başga hemmäni aýyplap, hatda “Allajan bu görgüler näme üçin?” diýip Ýaradan Allany hem soraga çekjek hala gelerin. Belki-de giç bolandyr öýde maňa garaşýan gara göz janlarymy hem görüp bilmän öterin. 
Düzelsem näme hemme zat ýagdan gyl çeken ýaly aňsatjak, durmuş hem bir sydyrgyn parahat bolarmy? Hemişe şat, bagtly bolarynmy? Ýok elbetde durmuş ýenede durmuşlygyny edip meni aýap goýmaz. Emma düzelsem wakalara garaýşym başgaça, dünýede we ahyrýetde köňlüm, wyždanym rahat, başym belkide dik bolar. 
Her nähili bolanda hem dünýä wagtlaýyn, ahyret müdimi. Netijäni bärde dälde aňyrda görmeli. 
Nähili netije göresiň gelýä Hazzywöten? 

13 |
|