Teswirler (0)

Ýüklenýär...
User Avatar

Düwünýän Çaga Ilkinji Kömek

4 minut alar

      Geçenki makalada düwünýän uly adama nähili kömek etmelidigini öwrenipdik we soňunda öwrenen zatlarymyzyň çagalar üçin ulanyp bolmaýandygyny belläp geçipdim. Ynha, indi bolsa birlikde düwünýän çagalara nähili görnüşde ilkinji kömek berip bilýändigimizi göreliň.

      Uly adamlardan tapawutlylykda, çagalar köplenç iýmit bilen dälde agyzlaryna salýan kiçi jisimleri, obýektleri bilen düwünýärler. Esasan hem 1-5 ýaş arasy çagalar üçin eline alan jisimlerini agyzlaryna salmak tebigy bir ýagdaýdyr we beýle hereketleriniň üsti bilen olar daşky gurşaw, dünýä bilen tanyşýarlar. Şonuň üçin çagalarda düwünmegiň öňüni almak esasy rola eýe bolýar. Gaýra goýulmasyz mesele (düwünmek) ýüze çykmanka onuň öňüni almak has täsirli we amatlydyr. Şonuň üçin ilkinji etmeli işimiz çagalaryň ýanynda hemişe hüşgär bolmakdyr. Olaryň eliniň ýetjek ýerlerinde kiçi jisimleri, bölünýän oýunjaklary, batareýleri, düwmejikleri goýmaly däldiris. 

       Emma, näçe hüşgär bolsak hem beýle gaýra goýulmasyz ýagdaýlar ýüze çykyp bilýär. Egerde ýanyňyzda bolan bir çaga birden üsgürmäge başlasa, we siz hem onuň kesel däldigini bilýän bolsaňyz onda ol çaga uly ähtimallyk bilen birzada düwünýändir. Bu ýagdaýda etmeli ädimlerimiz:

1. Eger siz del jisimi görýän bolsaňyz we ony aňsatlyk bilen aýryp biljegiňizi bilýän bolsaňyz onda ony aýryň. Eger jisimi görmeseňiz ýada jisim damakda has çuň ýerleşen bolsa ony aýyrmaga synanyşmak bilen siz jisimi has hem aşak iteläp ýagdaýy beterleşdirip bilersiňiz.

2. Uly adamlarda hem bolşy ýaly eger çaga üsgürip we kynçylyk bilen bolsada dem alyp bilýän bolsa, onda ol çaga üsgürmegine dowam etmäge çagyrmaly we onuň ýanynda bolup ýagdaýyny kontrol etmeli.

3. Eger çaganyň dem alyş ýoly del jisim bilen doly ýapylan bolsa (eger olar üsgürip, dem alyp bilmeýän bolsalar), ýada üsgürmek bilen del jisim çykmadyk bolsa, onda halas ediş hereketlerine geçmeli. Uly adamlarda bolşy ýaly, çagalarda hem halas ediş hereketleri “Arka urgularyndan” we “Heimlich manýowryndan” durýar. Ýöne olaryň ýerine ýetirilişi çagalarda üýtgeşikdir.

                Çagalarda arka urgulary
    1 ýaşdan kiçi çagalarda arka urgulary: Halasgär oturgyja/ýere oturyp düwünýän çagany öz golunyň üstünde ýüzin ýatyrmaly we üstüne ýatyran eli bilen çaganyň kellesini saklamaly. Ikinji eliniň dabany bilen çaganyň arkasyna, iki pilçe süňküniň arasyna 5 ýiti urgyny urmaly.
 

    1 ýaşdan uly çagalarda arka urgulary: Halasgär çagany aýaklarynyň üstüne ýüzin ýatyrmaly. Eger çaga has uly bolsa, onda uly adamlarda boluşy ýaly halas ediji çaganyň arkasyndan durup çagany öňe egmeli we bir eli bilen döşünden saklamaly. Iki ýagdaýda hem ikinji eli bilen 5 ýiti urgyny ýerine ýetirmeli. Egerde arka urgulary düwünýän çaga kömek etmedik bolsa, onda Heimlich hereketlerine başlamaly.
 

                Çagalarda Heimlich manýowry
       1 ýaşdan kiçi çagalarda: Halasgär düwünýän çagany golunyň ýada aýagynyň üstüne arkan ýatyrmaly. Iki barmagyny döş süňküniň üstüne goýup 5 gezek basyş hereketlerini ýerine ýetirmeli. Bu basyş hereketleri ýiti bolmaly we döş kapasasyny 1/3 bölegine çenli çuňlukda bolmaly. 
 

     1 ýaşdan uly çagalarda: Halasgär düwünýän çaganyň arkasyndan gelmeli we dyzlarynyň üstüne çökmeli. Göbek bilen gapyrgalar arasynda ýumrugyny ýerleşdirmeli we ikinji elini ýumrugynyň üstünde birleşdirmeli. Ýiti hereketler bilen çagany özüne we ýokary tarap hereket etjek şeklinde 5 gezek gysmaly. Aşakdaky gapyrgalary gysmazlyga uly üns bermeli, sebäbi döş süňküne entek birleşmedik gapyrgalar gysylan ýagdaýynda içki organlara zeper ýetirip bilýär. 
 

       Eger bu iki halas ediş hereketlerinden soňra hem del jisim dem alyş ýollaryndan çykmadyk bolsa, onda wagt ýitirmän tiz kömek gullugyna jaň etmeli we ýagdaýy habar bermeli. Eger çaga özünden gitmedik bolsa, arka urgularyna we Heimlich hereketlerine dowam etmeli. Eger çaga özünden giden bolsa ýada halas ediş hereketleriniň dowamynda özünden gitse, onda DIRI SAKLAMAK ALGORITMASYNA (Basic Life Support) başlamaly. 
        Eger halas ediş hereketlerinden soňra del jisim dem alyş ýollaryndan çykan bolsa, ýöne del jisimiň bir bölegi entäk hem çaganyň damagynda galandygy barada şübhäňiz bar bolsa (çaganyň kynçylykly dem almagy, dem alanda ýada çykaranda üýtgeşik sesleriň eşdilmegi, üsgürmegi), bu ýagdaýda hem lukmana tiz wagtda ýüz tutmak / tiz kömek gullugyny çagyrmak maslahat berilýär.

        Bu makala bilen düwünmek temamyzy jemleýäris. Bu öwrenen maglumatlarymyzy durmuşda ulanmaga sebäplerimiziň bolmazlygyny arzuw etýärin. Sebäpler bolaýan ýagdaýynda-da ilkinji kömegi nädip bermelidigimizi bilýäris :)). Häzirlikçe hoş sagboluň. Saglykda görüşeliň.

Çeşmeler:
How to stop a child from choking - NHS (www.nhs.uk)
Okamaga ýaltanýan dostlaryňyza ugratmak üçin wideo:  Baby First Aid: How to save a choking baby - YouTube (1 ýaşdan kiçi çagalar)
How to help a choking child #FirstAid #PowerOfKindness - YouTube (1 ýaşdan uly çagalar)

160 |