Teswirler (0)

Ýüklenýär...
User Avatar

Talyp

Döwletiň maliýe howpsuzlygynyň ähmiýeti we ony üpjün etmegiň ýolary

1 minut alar

Maliýe howpsuzlygynyň esasy bölegi döwlet býudjetiniň durnuklylygydyr. Girdejileriň çeşmeleriniň dürlüligi, salgyt ulgamynyň netijeliligi, we içerki ykdysadyýetde ýokary öndürijiligiň bolmagy bu ulgamda möhüm orun eýeleýär. Şeýle-de, milli walýutanyň hümmetiniň durnuklylygy hem maliýe howpsuzlygyň möhüm ölçegidir. Bahalaryň çalt üýtgemegi, inflýasiýa ýa-da daşary borçlaryň artmagy döwlet maliýe howpsuzlygyna howp döredip biler.

Ýurdumyzyň maliýe howpsuzlygyny üpjün etmek üçin häzirki döwürde elektron maliýe dolandyryş ulgamlarynyň ornaşdyrylmagy, döwletiň maliýe maglumatlarynyň açyklyk derejesiniň ýokarlandyrylmagy, hem-de halkara ykdysady hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagy zerurdyr. Şeýle çäreler diňe bir içerki durnuklylygy saklamaga däl, eýsem daşary ykdysady krizisleriň täsirini hem azaltmaga ýardam berýär.

|