Döwler bilen jynlary tapawutlandyryp bolýarmy?

5 minut alar

Döwler bilen jynlary tapawutlandyryp bolýarmy?

Biziň şu makalanyň dowamynda esasy öwrenmek isleýän obýektimiz türkmen ertekilerindäki hyýaly güýçleriň (anygy, döwleriň) obrazynyň emele geliş hadysasydyr, ýagny şol obrazlaryň genetik ulgamydyr, olaryň nähili ýagdaýda ertekileriň sýužeti bilen garyşandygy baradaky sorag bilen folkloryň taryhyny öwrenijiler, şeýle hem etnograflar gyzyklanýarlar. Şeýlelikde, biziň gelip çykyşyny öwrenmek isleýän obýektimiz ertekileriň hyýaly görnüşine degişli bolup, ilki bilen hyýaly ertekiniň nähili erteki bolmalydygy hakynda kelam agyz aýdalyň. Meşhur folklorist W.Ý.Propp özüniň “Hyýaly ertekiniň taryhy kökleri” atly işinde haýsy topar ertekileriniň hyýaly ertekiler hasaplanmaga degişlidigini anyk kesgitläpdir[1]                                                               Onuň jadyly erteki diýýäniniň sýužeti biziň dessanlarymyzyň (“Hüýrlükga –Hemra”, “Saýatly Hemra”) sýužetine laýyk gelýär. Şundan çen tutsaň, onda biziň dessanlarymyzyň aglaba böleginiň sýužet esasy hyýaly ertekileriň sýužetineden düzülip, diňe kompozision gurluş taýdan baýlaşdyrylan halk döredijiligine has ýakyn diýmek bolar. Şol sebäpden ertekileriň sýužet liniýasyny dessanlaryň sýužet liniýasy bilen deňeşdirip öwrenmegiň netijeli boljakdygy barada folklorçy: “ ...Halk döredijiligi diňe erteki bilen gutaraýanok. Oňa sýužet we motiw babatda has ýakyn gahrymançylykly eposam bar” diýýär.  Biziň edebi ýagdaýymyzda onuň epos diýýäni dessanlara, aýratynam yşky – sosial temadaky dessanlara degişlidir. Ýöne bu aýratyn bir makalanyň gürrüňi. Bizi şu makalanyň dowamynda esasy gyzyklandyrýan zat, hyýaly ertekilerdäki döwüň obrazydyr. Ertekilerdäki döwleriň nähili alamatlary barka? Döwler nähili sypatlara eýe? Elbetde, bu soraglara dolulygyna jogap bermek mümkin däl, sebäbi her bir ertekidäki döwler azajygam bolsa spesifik tapawutlanýarlar. Olar her bir erekide täze – täze keşbi, üsütni doldurmalary kabul edýärler. Şeýle bolansoň, döwleriň sypatlary barada gutarnykly bir zady aýdyp bolmaýar, ýöne olaryň umumy sypatlarynyň häsiýetnamasyny düzmek mümkin. Häsiýetnamanyň[2] esasy düzümi şulardan ybarat:

1)      Olar jadygöý bolýar. Jadygöýlüginiň mümkinçiligi örän uly bolup, sanardan kändir. Esasylary: göze görünmeýän keşbe girip bilýärler, islän zatlaryny şo salymyň özünde amal edip bilýärler. “Patyşanyň gyrnakdan bolan iki ogly” ertekisinde patyşanyň ogluna eýe çykmak üçin birgiden mekirlige ýüz uran derwüş jadygöý döw bolup çykýar. Ol “sakgalyny iki bölüp, arasyndan kyrk açar çykaryp, galany açmaga durdy”(seret. Şol kitapda, sah.182) Şol ertekidäki döw şazady ýigidi iýmek üçin otuz dokuz gün garaşyp, kyrkynjy gününde islegini ýerine ýetirýärmiş. Esasy üns berilmeli ýeri, döwüň derwüş sypatyna girip, onuň sakgalynyň bolmagy, ýene-de şol ertekidäki kyrk, on bäş ýaly sanlar bilen baglanyşykly epizodlaryň gabat gelmegidir. On bäşlik sany şeýtanyň obrazy bilen baglanyşdyrýarlar, şeýle hem onuň sakgalynyň bardygy geçi atributy bolan ertekilerde-de oňat saklanypdyr. Gara güýçleriň köplenç özlerine gapma-garşy bolan haýryň (şu ertekide derwüşiň sypatynda) şekilini özlerine sypat edip alýandyklary başga hili žanrlardaky eserleredenem okyjylarymyza tanyş bolsa gerek.

2)    Ägirt uly güýje eýe (hem fiziki, hem ruhy taýdan) “Garaja batyr” atly ertekide bu barada döwe şeýle häsiýetnama berýärler: “ – Ol döw baran ýerinden ýüzüni bärik öwrüp, ädim ätläp ugranda, howa bulutlaşar we ýeller öwser, bir günlük ýere gelende, agaçlaryň başy şowlaşar, emma ýetip gelýän zamanda agaçlar şatyrdaşyp döwler we ýer goduklar. – diýdiler” (s.297)

3)    Köplenç baş gahryman bilen fiziki taýdan göreşýärler, akyl göreşinde bolsa ýeňilýärler. Baş gahrymana hemişe diýen ýaly döwi mekirlik, hile – aldaw bilen ýeňmek başardýar. Döwleriň akyl häsiýetnamasyny bersek, olaryň ähli zady bilýändigine seretmezden, örän ynanjaň bolýarlar, şol sebäpli baş gahrymandan hemişe diýen ýaly asgyn gelýärler ( seret: “Hudaýberdi gorkak bilen tilki” sah.332., “Aldarköse, döw hem tilki” sah.368. we ş.m)

4)    Döwler ogry bolýar. (seret, sah.284 “Kerem”, “Akpamyk” we ş.m)

5)    Olaryň ýene bir aýratynlygy – adaty adamlara mahsus bir zat bilen meşgullanmaly bolsa, onda olar köplenç aw etmek bilen meşgullanýarlar.

6)    Döwleriň daşky keşbi barada dürli – dürli sypatlandyrmalar bar, ýöne ol sypatnamalary ünsli seljermek gerek, sebäbi beýleki hyýaly elementleriň, aýdaly jynlaryň, döwleriň adyna berilýän ýerlerine gabat gelmek mümkin. Ertekilerde köplenç döwüň daşky sypaty däl-de, onuň başarnyklary beýan edilýär. Olaryň daşky sypaty baradaky maglumaty bolsa, dürli – dürli ertekilerden ýygnap dikltmeli bolýar. Umumy sypatlar: olaryň ýognas sesi bar, gözleri adamyňkyndan elhenç uly we peträp dur, saçlary ösgün, iki sany gyýak dişleri çykyp duran, äpet göwresi ösgün gyllar bilen örtülen, olaryň kellesiniň üstünde iki sany şahy bar.  “Akpamyk” ertekisinde “Baryp, gapydan salam berip girýär welin, görse, bir çal döw otyr” (sah.398) diýen sözlemiň üsti bilen döwüň daşky sypaty barada ýeke-täk sözlem berlipdir. Biziň pikirimizçe,  ähli zatda bolşy ýaly, döwleriň daşky sypaty olaryň ierarhiýasynda (dereje basgançagynda) wajyp orny eýeleýärmikä diýýäris, şol sebäpden bu soraga has giňişleýin jogap tapmalydygyny, ony entek ýeterlikli öwrenmelidigini tekrarlaýarys. Umuman, ýokardaky sypatlardan döwleriň arassa bolmadyk güýje, gara güýje eýe bolup, gara güýçleri sypatlandyrýan obrazdygy mese – mälim duýulýar. Ýöne wagtyň geçmegi bilen birtaraply bu obraz köptaraplylyga eýe bolupdyr. Ondaky gara sypatlar ýagşylyk, haýyr bilen garyşypdyr. Bu, elbetde, garanyň tebigatyna düşünmek üçin gerek bolandyr, mümkin diňe şeýle edilen halatynda, özlerine geljekde ýaşamak mümkinçiligini döredip bilendirler. Bu aýratyn gürrüň. Döwleriň obrazynyň soňky emele gelen köptaraplylygyna gaýdyp gelsek, käbir ertekilerde adama kömek edýän, haýryň tarapynda çykyş edýän döwlere-de gabat gelmek mümkin. Halkyň dilinde olary tapawutlandyrmak aňsat bolar ýaly, olar daşky sypaty boýunça, ýagny reňk alamaty boýunça “ak döwler” diýlip atlandyrylýar. “Ýüz tylla” ertekisinde bolsa döwüň şol “ak döwlere” degişlidigini onuň reňkinden däl-de, sungata bolan söýgüsinden aňyp bolýar. Ol: “ – Sen dutary gaty şirin çalýan ekeniň, ýogsam seni iýerdim. Meniň oglum hem dutary edil seniň ýaly şirin çalýardy, ol hem sen duşly oglandy – diýip aglapdyr” (sah.53) diýen bölekden görnüşi ýaly, hut sungata bolan söýgi ony ak döwleriň hataryna goşýar. Ýeri gelende nygtasak, sungata – saza, söze, aýdyma bolan  hormat gara döwlere-de mahsusdyr. Munuň özi ýene bir gezek diňe sungatyň garany hem aga öwrüp biljek güýjüniň barydygyny tassyklaýar. Şeýlelikide, döwleriň birtaraply – otrisatel obrazynyň wagtyň geçmeginde oňyn sypatlar bilen garyşmagy sebäpli, halkyň arasynda olara bolan simpatiýany (ymtylmany)döredipdir. Meselem, “Kyrk ýalan” ertekisinde(sah.373) “Patyşa: “Gyzyny döwden emel öwrenene berjek” diýipdir. Mysaldan görnüşine görä, döwler – müň pirimden habarly halypanyň obrazynda çykyş edýär. Elbetde, döwleriň ýokardaky häsiýetnamasyna akyl ýetiren okyjy üçin bolsa muňa geň galyp oturasy iş ýok.

  Umuman, halk döredijiliginiň gerimine girýän her bir elementi öwrenmek halkymyzyň ruhy we medeni akyl ýetirişini öwrenmekde zerur orny eýeleýär. Bu öz gezeginde edebiýatymyzyň geljekki ösüşinde täze- täze etaplary açmaga itergi berýär.

 

                                                                  Bägül ATAÝEWA


 


[1] Bu barada seret: В.Я.Пропп. Исторические корни волшебной сказки. – Л.: ЛГУ,1986.

[2] (Häsiýetnama “Türkmen halk ertekileri”. – A.:TDN, 2007 ý., boýunça beriljekdir)

35|
|