Teswirler (0)

Ýüklenýär...
User Avatar

Diş

10 minut alar

Diş 

(hekaýa)

Ol ýüregindäkini nädip dile getirjegini bilenok. Haýsy sözleri oýlap tapanynda, ýerli – ýerinde goýuşdyranynda, başdan geçirýän ýagdaýyny beýan edibilerkä? “Seniň ýagdaýyň gowumy?” – diýip, ýygydan soramaga başlan aýalyndan gaçyp ýörmäge derek, hakyky ýagdaýyny nädip aýdarka? Bir öýde ýaşap ýören adamyňdan haçana çenli gaçyp gezjek? Onuň bir zatlary syzýandygyny bildirýän, gümana dolan garaýşy nirede bolsaňam arkaňdan ýetýär ahyryn. Islendik künçden seni gözläp tapýar ahyryn. Özüň bilmezden arkaňa öwrülip, häzir näme bolýandygyny aýtmaly bolar diýen ýakymsyz pikir ýüregiňi gobsundyryp gidýändir. Aýalyň gümana dolan garaýşy dört otagly jaýyň her bir künjüni aýlanyp çykar, mellegi söker, ýöne hökman seni tapar. Sabyr käsäň püre-pürlenip, näme bolýanyny aýtmaly pursatlaryňa taýynlanarsyň. Ilkibadalar, göz üçin hereket edýän adam ýaly, göwünli-göwünsiz, soňabaka, gutulgysyzlykdan çykyp bilmejek adam ýaly, kaýyllyk bilen taýynlanarsyň. Şeýle pursatlarda Güýçmyrat güýçli ýeliň öňünde duran ýaly bolýar. Ýel onuň garşysyna öwsüp, yzyna tarap öwürýär-de, eşiklerini galgadyp, elini – aýagyny bir ýerde goýmaýar. Güýçmyrat dem alyp bilmän hopugýar. Içip oturan çaýly käsesi elinden sypyp, halynyň gyzyl göllerine siňende, ol bu bolşundan aýňalyp, kellesini ýaýkaýar. Indi näçe günlerdir, ol biri-biri bilen baglanyşyksyz, düşnüksiz ahwallaryň içinde ýaşap gelýär. Birbada muny garrylykdan görüp, köşeşjek bolsa-da başa barmady. Hamana, ýalazy meýdanda aýak ýalaňaç, gyýma balakly, ýuka köýnekli duran Güýçmyradyň üstüne uly goşun bolup sürnüp gelýän ýaly, pikirler üstüne süründiler. Soňundan garşysyna öwüsýän şemal ýaly, her ýerde egin- eşigini galgadyp, el-aýagyny bir ýerde goýmadylar. Şonda ol ýekeje dişem galmadyk äňiniň ýuwaşja titreýändigini aňşyrdy. Elinden gaçan käsäni elden gidiren ýaşlyk ýyllarynyň soltanlyk täji ýaly, usul bilen dikeldensoň, gyzyl gölli halynyň çaýdan ýaňa garalyp duran bölegine gorky bilen seretdi. Adam pahyryň ömrem şu bölek ýaly kesgitli bolmaly. Onuň nähili mukdarda, nähili ölçegde boljakdygyny bolsa, bir hudaýdan başga hiç kim bilýän däldir. Garalyp duran bölek gara durmuşyňa çalym edýändir. Haçan-da, haly gurap, ýene öňki tabyna gelende, ol ýeriň gara bolanam bildirmez. Adam amanadyny tabşyryp, beýleki ýolagçylara goşulanda-da şeýle bolýar. “Bäh, onda näme üçin geldikkäk bu dünýä, barybir hiç zat üýtgemejek bolsa” – diýip, Güýçmyrat uludan dem aldy-da, halynyň garalyp duran böleginden ünsüni sowdy. Indi onuň bir dişem galmadyk äňi titränokdy. Ol bu ýagdaýa tizlik bilen ynanmagyň deregine barlap görmegi ýüregine düwdi. Adam garradygyça, ynanýan zatlaryny öz-özüne subut edesi gelýän ekeni. Eger ýaşlykda ynanmak üçin ýekeje aýdym ýa goşgy, ýa bir owadan, mähirli ýüz ýetik bolan bolsa, garradygyňça, olara ünsli çemeleşýän ekeniň. Şol sebäpden Güýçmyrat ýekeje dişi galmadyk äňine elini ýetirdi. Ýok, ol ýalňyşmandyr. Hakykatdanam, titreýän zat ýok. Dilem, gözem, beýnisem – Güýçmyradyň isleýşi ýaly hereket edýär, hudaýa şükür. Garradygyňça, bularyňam seniň isleýşiň ýaly däl-de, öz isleýşi ýaly hereket edýänlerini ol bilmän durmy?! Güýçmyradyň eýýäm gara ýeri guran dostlarynyň içinde-de bardy şeýdip ýogalanlary. “Heýý” – diýip, ol ýene içini çekdi. Nirä, haýsy tarapa gitseňem, haýsy ýol bilen ugrasaňam, ýene şobir nokada dolanyp  gelýän ýaly, şobir zada syrykdy durdy-la”- diýip kejikdi. Başga bir adam bolan bolsa, şobir nokatdan çykyp, ýene şobir nokada dolanyp gelýän zatlar hakyndaky pikirini ösdürerdi. Anyk haýsy zatlaryň şeýle sypata eýedigini ýatlamaga çalşardy. Ýöne Güýçmyrat beýle adamlaryň hilinden däldi. Ol hemişe bir zadyň garasyny gördüginden, ysyny aldygyndan, sesini eşitdiginden garyşar giderdi. Hamana, öňden şo zady bilýän adam ýaly garyşar giderdi. Dost saýlanda, işe girende, hatda, öýlenende-de, ol şu bolşuna galypdy. Şo bolşy bilen ýaşapdy. Käteler gelniniň “çaldy-goýdy”, “gümp-samp” – diýip, janyýangynly berýän bahalaryny-da şo bolşy bilen diňläpdi. Diňe uzak ýyllaryň geçmegi bilen, tejribeleriň artmagy bilen Güýçmyrat bir zadyň gyrasyndan girip, derrew şo zada başlabermeli däldigine düşünjek bolýardy. Ýöne ol muňa hemişe, hemme ýerde başardyp durmady. “Gan bilen giren jan bilen çykar” diýleni-dä. Çagalykda şo gylygy öwrenen adam ulalansoňam, ondan saplanybilmejek eken. Derrew girişibermek endigi bolsa berkäp, häsiýete öwrülensoň, Güýçmyrat ondan hiç dynybilmedi. Bolmasa kösenmek kösendi, eýikmek eýikdi. Şonda-da beýnisindäki pikirlere çenli ornaşyp, Güýçmyrady üýtgeder derejedäki öwrülişik bolup geçmedi. “Aý, biz- garybyň biri” – diýip, ol käteler aýalyny köşeşdirjek bolardy, ýöne ýene yzyny alyp çykybilmän sakynar durardy. Ol özüne näme bolýandygynam şo sebäpden düşündirenokdy. Ine, ol aýalyna gürrüň bermäge başlar “ Asman, zemin, Aý, Gün” – diýip, onsoň olar ýene gapyşar” diýen pikirdedi. Galyberse-de, Güýçmyradyň gün-günden ysgyny gaçýardy. Öň – ýaşlyk döwründe, hyjuwy derýa ýaly joşup akan wagtynda, bir zadyň gyrasyndan derrew giriberýän adam, soňuny oýlamaýan adam, häzir – garrap, agzynda bir dişem galmadyk halatynda, nädip bir zat hakynda ýöriteläp oýlanyp ýörsün?! Ýöne içiňi ýakaýyn diýýän ýaly, ol indi, islese-islemese, şobir zat hakynda pikir edip ýör-ä. Onuň ähli pikirleri şobir ýere dolanyp gelýär-ä. Şobir ýerde aýlanyp ýör-ä. Eger onuň elinde bolsady, onda ömür diýlen zadam bir gyrasyndan girip, taşlap giderdi. Ol birnäçe gezek şeýtmäge synanşypdy. Başa barmady, bolmady. Indem şobir nokada dolanyp gelýän günlerini gysgaldybilmän azara galýar. Nirede, haçan, nädip dişleriniň dökülendigi baradaky ýatlamalar nobatma-nobat ýadyna düşýär. Dişleri edil hatar durnalar ýaly, ömür menziliniň bir ýerinde gaçyp galdylar. Bolmasa, olar berkdiler, edil dag gaýalary ýaly berkdiler. Tertiplidiler, edil, nyzama düzülen esgerler ýaly tertiplidiler. Gürdüler, giň meýdanyň sary bugdaýlary ýaly gürdüler. Ol bolsa hemişe şu zatlar bilen ýaşapdy. Daglar, bugdaýlar, esgerler, durnalar –  bular Güýçmyradyň durmuşynyň her dürli bölekleridi. Ol şo bölekleri bitewilige öwrüp bilmese-de, her gezek bir gyrasyndan girip taşlasa-da, olar baradaky ýatlamalardan halas bolubilenokdy. Edil haýsydyr bir güýç ony süňk bilen berk baglan ýaly, Güýçmyrat ýatlama bölekleriniň içinde aýlanyp ýördi. Suratkeşiň tamamlanmadyk eserine dolanyp gelşi ýaly, bilib-u-bilmezden, ýatlamalaryna gaýdyp gelýärdi. Şonda ilki bilen haýsy dişiniň öz ornuny boş goýup, ýere siňip gidenini pikirlenýärdi. Ol – aşaky azy dişleriniň biri bolupdy. Ýöne bu ýitgi Güýçmyrada agyr düşmändi, sebäbi azy dişleri görer göze ilip duranokdy. Buky künjekdäki nämälim öýüň bir gün düýp – teýkary bilen ýitip, ýok bolşy ýaly, azy dişleriniň çep gapdaldakysy, gaýyp kerweniň kerwenbaşysyna öwrüldi. Lukman bir dişiniň sogrulsa, beýlekileriň hem köküniň gowşajagyny duýdurdy. Ýöne etjek alajyň ýokdy. Wagtynda üns berilmänsoň, döwlüp – döwlüp, jinnek ýaly bölek bolup galan diş owuntgysynyň kökleri mazaly sowuklan ekeni. Lukman dişiň düýbündäki iriň haltany Güýçmyrada görkezip durşuna dişiň sogrulmagynyň dogry karar bolandygyny tekrarlady. Güýçmyrat näme üçindir şo dişini hemişe ýadynda saklady. Onuň ýörtieläp, lukmana görkezilip, sogrulany üçinmi ýa ýaşlyk döwründe bolany sebäpli, oňat ýadynda galany üçinmi, şo dişini käteler düýşünde-de gördi. Tümmek – tümmek mazarlaryň içinden gumy ýer bilen tes-tekiz boluberen kakasynyň mazarynyň ýanyna ejesinem ýerleşdirensoňlar, Güýçmyrat ol-a diş eken, bu dünýäde hiç bir zadyň bir durkunda durmaýandygyna akyl ýetirdi. Onuň azy dişli ýitgisi köp ýyllara ýetdi. Beýleki tanyşlary dişden zeýrenýän wagtlary Güýçmyrat bary-ýogy bir azy diş bilen gutulanyna şükür etdi, alyn dişlerini lowurdadyp ýylgyrdy. Özem her gezek bir zada oýlanmazdan, göni girişibermek endigine tutduryp ýylgyrýardy. Bu babatda oňa ak ýyldyzlara meňzeş dişleri ep-esli kömek etdiler. Hamana, asmandan hut Güýçmyradyň agzyna gaçan ýaly, sahylyk, bolelinlik bilen özlerini bildirip durdular. Ömrüniň şol wagtlaryny ol “altyn döwür”  - diýip atlandyrýar. Hut şol döwürde ol bir gezek görşen gyzyna bile maşgala gurmagy teklip etdi. Şol döwürde onuň ýalpyldysy uzaklara ýetýän bagtlylyk odunyň uçgunjyklary köräpdi. Şol döwürlerde yzly-yzyna üç sany perzendi dünýä inipdi. “Üç tirkeşigiň” üç ýalkymy Güýçmyrady asmanyň deňine çenli ýetiripdi. Dünýäniň üç künjüni eýeläp, indem diňe dördünjisi galan ýaly, ol dördünji perzendine sabyrsyzlyk bilen garaşsa-da, bolmady. Şonda Güýçmyrat üç sapagy bir uja düzüp, uzaboýuna çekse-de, dördünji ujuny tapman, bir petige dirän ýaly boldy. Uzaboýuna uzalan üçburçluga çolaşyp, yzyna geçibilmän, kösenen günlerini ýatlanda, köki gowşap, yzly-yzyna düşen alyn dişlerini göz öňüne getirýär. Şol iki sany alyn dişleri göze görnüp durmaýan, gyraky dişler bolsa-da, olary ýitirmek Güýçmyrada agyr degipdi. Şolar sebäpli ömründe birinji gezek hakyky sussupeslige sezewar bolupdy. Ep-esli günläp köwsarlap öwsen ýeller daşarda däl-de, Güýçmyradyň agzynyň içinde öwsüpdi. Ol ýeller – hazan ýelleridi. Olar mellekdäki güýz güllerini doňduryp, sowuk bilen solduryp, soňam gara ýere gark eden hazan ýelleridi. Olar Güýçmyradyň gül ýaly açylan berk dişleriniň köküni gowşadyp, yrgyldadyp, soňundanam gara ýere dökmäge mejbur eden ýelleridi. Olar toprak bilen baglylygyň buşlukçysydy. Güýçmyrady topraga süňk bilen baglan sebäp ýelleridi. “Wah, şu sebäpler...” – diýip, Güýçmyrat ýatlamalarynyň arasynda uludan dem alýardy, şo pursatda ol özünde bar bolan ähli ýellerden ýüz öwrüp, olary yzyna – hak eýesine gaýtaryp beräýesi gelýärdi. Gala ýaly hatar – hatar dişleriniň birlikde iki alynkysynyň gaçmagy onda “orta ýaşyň hasratyny” döretdi. Şol sussupeslikde “ Ak dişlerim, ah dişlerim. Ak süýt ýaly ak dişlerim. Ak düýş ýaly ak dişlerim. Toprak bilen bagladyňyz. Ýeller bilen bagladyňyz. Güller bilen bagladyňyz. Ak dişlerim, ýa öňdenem baglymy biz?” diýen setirleri döredesi gelýärdi, ýöne olary goşgy edip aýtmakdan ejizdi. Onsoňam goşgy edip aýtmak üçin bir başlan pikiriňi doly alyp çykmalydy. Gala ýaly hatar – hatar dişleriniň birlikde ikisiniň düşmegi, megerem, onuň aram-aram göwnüne getirýän ahwalynyň sebäpkäri bolmagam mümkindi. Ol şo göwnüçökgünlikden soň özüni  käteler uly goşunyň öňünde aýak ýalaňaç, ezýaka köýnekli, gyýma balakly duran ýaly duýýandyryn öýdýärdi. Ol orta ýaş döwründäki hyjuwlylygyny ömrüniň hiç bir döwründe-de dikeldip bilmedi. Synan göwün seýik tutmaz ekeni. Ýykylan göwnüň galýandygy baradaky gürrüň, belkem, Güýçmyrat ýaly garyplar babatda däl-de, ýykylsa-da, galsa-da, öz başyny çaraýan baýlar babatynda döredilen bolmalydy. “Aý, biz bir garybyň biri” – diýip, ol diňe aýalyna däl, özüne-de göwünlik bererdi. Ýaşy gitdigiçe, bu göwünlik köşeşmäge ýeterlik bolmady, şonda Güýçmyradyň ýeke dişem galmadyk agzy gowak ýaly açylyp, hoňkaryp galmagy çykardy. Güýçmyradyň halamaýan ýelleri goragsyz gala giren deýin, päsgelçiliksiz geçerdiler we sähel sowugam duýýan garryny ýygy-ýygydan üşederdiler. Sowuk onuň ýatlamalarynyň arasyny bölerdi. Käteler garşylyksyz giren ýeller Güýçmyrady gowşatdy. Onuň içinde harasat gopdy, tupan turdy. Ol alňasak, howlukmaç, gaharjaň adam bolmagy çykardy. “Şeriňem haýry bar” diýişleri ýaly, bir zadyň gyrasyndan girip taşlamak endigi gaharlanan wagtynda-da üýtgemedi. Şol döwürlerde ýa ondan soň beýleki dişleri hem dökülip çykdy. Güýçmyrat olaryň her birini ýekän-ýekän ýatlap bilmeýär, muňa onuň her gezek sabyr-takaty ýetmeýär. Otuz iki sany dişden, bary-ýogy, üç sanysyny ýatlaýandygy hakynda pikir edende, beýlekileriň köwek bolup, topar bolup düşünlerinem oýlaýar. Ýöne olar soňundan, hyjuwly ýaşlyk ýyllarynyň ahyrynda, häzirki garrylyk döwrüniň başynda bolup geçipdi. Güýçmyrada dumanly, nämälim bolup görünýän döwürler hem şol wagt aralygydy. Olar edil üsti örtülip goýlan gerekmejek zat ýaly, aňynda basyrylgy durdular. Güýçmyrat obalarynyň tozana gaplanan howasynda şol basyrylgy ýatlamalaryň tozanyny üflejek ýaly edýärdi. Näme üçindir şol gizlin ýatlamalar diňe tozanly günlerde, tüsseli günlerde, demi demine ýetmän, bir zadyň ugrunda hars urup ýörkä ýadyna düşýärdi. Emma olardan aňa ornap, gündelik özüni bildirip durýanlary ýokdy. Şonda, Güýçmyrat olary, hakykatdanam, gerekmejek goşlar ýaly, artykmaç aladalarynyň hataryna goşdy-da, ähmiýet bermedi. Şeýlelikde, onuň ýigrimi dokuz sany dişiniň düşüş taryhy nämälimliginde galdy. Güýçmyrat olaryň baryny birlikde gaçan hökmünde ýatlap ugrady. Asla-da, indi tapawudy näme?! Häzir onuň agzynda bir dişem ýok ahyryn. Agzy ähli ilkinji ýaşaýjylaryny ýitiren ilkidurmuş gowagy ýaly hoňkaryp ýatyr. Güýçmyrat şunça per bermejek bolsa-da bolmady. Nirä gitse-de, şobir pikirler ony gününe goýmady. Diňe öz eliňdäki zatlary bir gyrasyndan girip taşlap bolýar, ýöne asman, zemin, Aý, Gün, ýeller, bulutlar – bular ene tebigata degişli. Ene tebigat bolsa baky ekeni. Asmany gören gözler galmasa-da, asman galar. Päsgelçiliksiz girip, Güýçmyrady güýz ýapragy ýaly titredýän ýeller galar. Güýçmyradyň reňk peti öçüşen dodaklaryna damýan ýagyşlar galar. Olar owalbaşda galmak üçin döredilen ekeni. Güýçmyrat gaçyp düşen dişleriniň topraga süňk bilen baglanyny duýdy. Dişleri toprak bilen baglanmaga onuň özündenem ir başladylar. Diýmek, ol topraga garylmagyň bir gyrasyndan girişiberipdir. Asyl, onuň dişleri topraga garyljagynyň süňk habarçylary ekeni. Topraga garylansoň bolsa, Güýçmyrat güýz ýapraklaryna öwrüljegini, ýeller bolup öwüsjegini, durna bolup uçjagyny, bulut bolup göçjegini,  ýyldyz bolup düzüljegini, güller bolup üzüljegini bilýär. Sebäbi bularyň barynyň ata Watany toprak ahyryn.

 

Bägül ATAÝEWA

25 |
|